Türkmen - Türk paýdarlar täjirçilik banky
Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz
Türkmen-Türk Paýdarlar Täjirçilik Bankynyň döredijileri: Türkmenistan tarapyndan – Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky we Türkiýe Respublikasy tarapyndan – T.R. Ziraat Banky A.Ş.-dir. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda «Goýum bank kartyň» üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirlen möçberiniň 2,5% sylaglandyrma «Cashback» hyzmatlaryny hem hödürleýär.
| Headquarters | 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 111/2 |
|---|---|
| Established | 1993 ýyl, 31-nji Mart |
| Ownership | Türkmenistan, Türkiýe |
| Governing body | Häkimiýet |
| President | Skript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok. |
| Key people | Erjan Durmuş |
| Website | https://www.turkmenturkbank.com.tm/ |
| Tel +993 (12) 93-83-59, +993 (12) 93-68-11, +993 (12) 93-68-02
Fax +993 (12) 93-83-47 Email info@turkmenturkbank.com, arz-sikayet@turkmenturkbank.com SWIFT kody TUTCTM2X | |
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň Maý aýynyň 2-sine gol çekilen Döwletara Memorandumyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt maýa goýumly ilkinji bilelikdäki bank hökmünde, 1993-nji ýylyň Mart aýynyň 31-ine döredildi.
Şeýlelikde, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky tarapyndan 50% we Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Banky A.Ş. tarapyndan 50 % derejesinde deň paýlary bilen ýapyk kysymly paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen we Türkmenistanyň bitewi bank ulgamyna girýän köp ugurly bank edarasydyr. Bankyň Türkmenistanyň töleg serişdesinde karz-hasaplaşyk we beýleki amallary geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Fewral aýynyň 20-sine berlen Ygtyýarnamasy, şeýle hem Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda bank amallaryny daşary ýurt pulunda geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Fewral aýynyň 20-sine berlen Baş Ygtyýarnamasy bardyr.
Bankyň Dolandyrylyşy
[düzet | çeşmäni düzet]Bankyň Geňeşiniň Başlygy
Şahymyrat Abdyrahmanowiç Aganyýazow (Daýhanbank DTB-nyň Başlygy)
Bankyň Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary
Halil Ibrahim Babat (T.R. Ziraat Banky Wekili)
Bankyň Geňeşiniň Agzalary
Güýçmyrat Berdiýew (Daýhanbank DTB-nyň Başlygynyň Orunbasary)
Abdülkerim Kawal (T.R. Ziraat Banky Wekili)
Serdar Mert (T.R. Ziraat Banky Wekili)
Bankyň Audit Geňeşi
Beglinyýaz Garrybaýew (Daýhanbank DTB-nyň Wekili)
Salih Zeki Şahnan (T.R. Ziraat Banky Wekili)
Şatlyk Erkäýew (Daýhanbank DTB-nyň Wekili)
Bankyň Müdiriýeti
Bankyň Başlygy - Erjan Durmuş
Başlygyň Orunbasary - Mekan Datdow
Başlygyň Orunbasary - Abdulkadir Sary
Standart Töleg Tertipnamasy (SSI List)
[düzet | çeşmäni düzet]| Pul birligi | Bankyn ady | SWIFT/BIC |
|---|---|---|
| USD | Deutsche Bank Trust Company Americas | BKTRUS33 |
| T.R. Ziraat Banka A.Ş. | TCZBTR2A | |
| Türkmenistanyň Dasary Ykdydasy Iş Döwlet Banky | SBFETM22 | |
| Daýhanbank DTB | BDAYTM22 | |
| EUR | Deutsche Bank AG | DEUTDEFF |
| T.R. Ziraat Banka A.Ş. | TCZBTR2A | |
| Türkmenistanyň Dasary Ykdydasy Iş Döwlet Banky | SBFETM22 | |
| GBP | Türkmenistanyň Dasary Ykdydasy Iş Döwlet Banky | SBFETM22 |
| RUB | Türkmenistanyň Dasary Ykdydasy Iş Döwlet Banky | SBFETM22 |
Western Union
[düzet | çeşmäni düzet]Dünýäniň her bir künjegine çalt we ygtybarly pul geçirimleri - Türkmen-Türk Paýdarlar Täjirçilik Bankynda Bank hasabyna gerek bolmazdan dünýäniñ islendik ýerinden, dünýäniñ islendik ýerine sanlyja minudyñ içinde çalt, ygtybarly we añsat ýol bilen pul geçirimlerini amala asyryp bilersiñiz.
Western Union çalt pul geçirimleri ulgamynyñ artykmaçlyklary
Çalt: Ugradylan pul geçirimi sanlyja minudyñ içinde alyja gowuşýar.
Aňsat we amatly: Bankymyzda hasabyñyzyñ bolmaklygyna gerek bolmazdan añsatlyk bilen pul serişdesini ugradyp ýa-da alyp bilersiñiz.
Ygtybarly: Ugradylan her bir geçirim dünýä standartlaryndaky ýokary derejeli gorag ulgamy bilen goralýar we bir sany barlag kody bilen tassyklanýar.
Pul serişdelerini ugratmakda/almakda ABŞ Dollary we Milli Manat ulanylýar.
Western Union hyzmat beriş noktalary
| Western Union nokatlary | Salgysy | Telefon |
| Türkmen Türk Paýdarlar täjirçilik banky | Magtymguly şaýoly 111/2, Aşgabat şäheri | +993 (12) 93-83-54 |
| Aşgabat şäheri 6-njy bank gullugy | Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýoly köçesiniň 73-nji “A” jaýy | +993 (12) 22-77-30 |
| Aşgabat şäheriniň 1-nji bank gullugy | Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Magtymguly şaýolunyň, 35-nji jaýy “Arkaç” söwda dynç alyş merkeziniň 1-nji we 2-nji gatynda | +993 (12) 27-68-46, 27-68-42 |
| Daşoğuz WU nokady | Daşoguz welaýaty Daşoguz şäheri Magtymguly şaýoly köçe 3/4-nji jaýy | +993 (322) 6-50-17, 6-50-19 |
| Türkmenabat WU nokady | Bahar kiçi etrapçasynyň 76/4 jaýy. | +993 (422) 9-54-99 |
| Mary WU nokady | Mary welaýaty Mary şäheri Soltan Sanjar köçe 7-nji "A" jaýy | +993 (522) 6-77-73 |
| Kerki WU nokady | Lebap welaýaty Kerki şäheri S.Niýazow köçe 112-nji jaýy | +993 (444) 2-53-91, 2-53-92 |
IBAN Belgileri
[düzet | çeşmäni düzet]| TMM | 21101 934 1101 005 0000 1000 |
| USD | 21101 840 1101 006 0000 8000 |
| EUR | 21101 978 1101 004 0000 2000 |
| RUB | 21101 643 1101 000 0000 9000 |
SWIFT Töleg Ulgamy
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderileriň tabşyryklary boýunça geçirilýän amallaryň (tölegleriň) tizligini artdyrmak we ygtybarlylygyny has ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly seljeriş işleri geçirilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, birinji derejeli daşary ýurt banklarynda habarlaşyk (aragatnaşyk) hasaplarynyň açylmagy we Bankyň halkara SWIFT ulgamyna goşulmagy netijesinde, berilýän hyzmatlaryň has kämil bolmagy, ýerine ýetirilýän bank amallarynyň halkara standartlarynyň derejesine ýetirilmegine we müşderileriň hasaplaşyklarydyr tölegleriniň has çalt amala aşyrylmagy baradaky islegleriniň doly kanagatlandyrylmagy üpjün edilýär.