Mazmuna geçiň

Türkiýedäki milli azat edijilik ynkylaby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkiýedäki milli azat edijilik ynkylaby.

German toparynyň tarapynda durup, birinji jahan urşuna başlan Türkmen-Osmanly imperiýasy 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ýeňlendigini boýun aldy. Onuň ähli goşuny we floty fransuzlar bilen iňlisleriň gözegçiligine geçirildi.

Antanta döwletleri Türkmen-Osmanly imperiýasynyň dargamagy bilen çäklenmän, Türkiýäniň hut öz ýerlerini hem paýlaşmaga girişdiler. Döwründe häzirki dünýä döwletleriniň 40 töwereginiň territoriýasyna doly ýa-da kem-käsleýin eýelik eden türklere döwlet garaşsyzlygyny doly ýitirmek, özbaşdak döwlet bolup ýaşamak hukugyndan mahrum bolmak howpy abandy. Halk döwlet garaşsyzlygyna iň mukaddes zat hökmünde garaýardy. Emma duşman düýnki Dörtler bileleşigini ýeňen Antanta döwletleridi. Olar güýçlidi.

Beýik Britaniýa, Fransiýa, Gresiýa ýaly döwletler Türkiýäniň garşylyksyz paýlaşmakçydylar. Olar uruşdan ýadan türkler düýpli garşylyk görkezer öýdüp pikir etmeýärdiler. Çünki, ýurduň iri şäherlerinde basybalyjylaryň goşunlary ýerleşdirilipdi. Grekler Izmir sebitlerini basyp almaga girişdiler. Olar bu hereketlerine basyp almak hökmünde hem seretmän, özaralaryndaky Türkiýäni paýlaşmak boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi hökmünde düşündiler. Şonuň üçin Beýik Britaniýa, Fransiýa grek goşunlaryny goldady. Ylalaşyk boýunça grekler Izmiri almalydylar. Türkleri arap ýerlerinden ýeňillik bilen çykaran Antanta olaryň dogduk diýarynda hem düýpli garşylyga garaşmaýardylar. Hatda olar türk mejlisinden goldawa garaşdylar.

Turkiýäniň mejlisi olaryň garaşyşynyň tersine, 1920-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda türkleriň ýaşaýan territoriýasynyň butewiligini we özbaşdaklygyny goldap çykyş etdi. Stambuly eýelän iňlisler “diýen etmezek” parlamenti dargatdylar. Halk wekillerini tussag etdiler.

Türk soltany we onuň hökümeti ýurduň özbaşdaklygyny goramagy gurap bilmedi. Şeýle şertlerde watançy güýçler göreş meýdanyna çykyp, olara goşun generaly Mustafa Kemal ýolbaşçylyk etdi. Türkiýede milli-azat edijilik ynkylaby başlandy.

Mustafa Kemal Ataturk (Mustafa Kemal paşa) (1881-1938).

Türkiýäniň meşhur syýasy we döwlet işgäri. Turkiýe Respublikasyny esaslandyryjy. Ýaşlygynda ýaş turkleriň syýasy hereketine goşulýar. Harby gullukda abraý gazanyp, general derejesini alýar. 1911-nji ýylda Liwiýada, 1912-nji ýylda Balkanlardaky söweş hereketlerine gatnaşýar. Birinji jahan urşy wagtynda Gallaipoliýadaky söweş hereketlerine gatnaşýar. Turk halkynyň milli azat edijilik ynkylabynyň serdary. Türk milletçiligine daýanýan dünýewi döwlet döredýär. 1923-1938-nji ýyllarda Türkiýäniň ilkinji prezidenti bolýar.

Mustafa Kemalyň ýolbaşçylygyndaky türk watançylary Ankara şäherinde täze mejlis çagyrdylar. Bu mejlis Turkiýäniň “Beýik milli ýygnagy” adyny aldy. Mejlis 1920-nji ýylyň 3-nji maýynda Milli hökümeti döretdi. Iki häkimiýetlilik başlandy. Emma halk soltan hökümetini däl-de, Ankara hökümetini goldaýardy. Mustafa Kemalyň hökümeti soltan hökümetiniň Antanta ýurtlary bilen 1920-nji ýylyň 10-njy awgustyndaky baglaşan parahatçylyk şertnamasyny ykrar etmedi.

Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa türk watançylarynyň azatlyk hereketini Gresiýanyň kömegi bilen basyp ýatyrjak boldular. Greýsiýa 1920-nji ýylyň iýulynda ähli söweş ugry boýunça hüjüme geçdi. Grekler Ankaranyň 75 kilometr ýakynyna barmagy başardylar. Şol ýerde greklere türk watançylary berk gaýtawul berdiler.

Türk halkyny ýeňip bolmajagyna düşünip, ilki Italiýa, soňra Fransiýa gaýtmyşym edip, goşunlaryny çykardylar. 1922-nji ýylyň güýzüne çenli basybalyjylar doly ýeňildiler we ýurtdan kowlup çykaryldylar.

1922-nji ýylyň 1-nji noýabrynda soltanlyk agdaryldy. Lozanna şertnamasy (1923ý) boýunça Antanta döwletleri Turkiýäniň häzirki serhetlerinde döwlet özbaşdaklygyny ykrar etmäge mejbur boldular.

Türk halky Müstafa Kemalyň ýolbaşçylygynda birinji jahan urşunda ýeňiji bolan döwletleri ýeňmegi başardy. Bu göreş öz watany, çagalarynyň geljegi, garaşsyzlygy üçin göreşen halky ýeňip bolmajakdygyny görkezdi.