Mazmuna geçiň

Türkiýäniň daşary syýasaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkiýäniň daşary syýasaty, Türkiýe respublikasynyň özünden daşary döwletler, ideologiýalar, guramalar we halkara aktýorlar bilen bolan gatnaşygyna berilen atdyr.

1945 - 1960

[düzet | çeşmäni düzet]

1945-nji ýyldan soňra dünýä syýasatynda 2 polýusly ulgam döredi: Gündogar bloky (SSSR baştutanlygynda) we Günbatar bloky (ABŞ baştutanlygynda). Bu 2 bloky 3 nukdaýnazardan öwrenmek mümkindir:

  1. Syýasy: ABŞ agdyklykly BMG döredildi.
  2. Harby: Nazi Germaniýany ýeňen 2 tarap arasynda 1947-nji ýylda amalyýete geçen sowuk uruş bilen dowam etdi dünýä syýasaty. Bu syýasat 20 ýyl boýunça dünýä syýasatynda hökmürowanlyk sürdi.
  3. Ykdysady: Sowuk uruşda ABŞ ykdysady taýdan has üstündi. 2-nji jahan urşy tamamlanmanka "Bretton Woods konferensiýasynda" Bretton Woods ulgamy kabul edildi. 1944-nji ýylda halkara täjirçiligi erkinleşdirmek üçin IMF we Dünýä banky döredildi. Bu 2 gurama 1971-nji ýyla çenli halkara söwdanyň inkär edilmez lideridi.

Gündogar blokunyň ýagdaýy

[düzet | çeşmäni düzet]

SSSR, Günbatar bilen arasynda serhet hökmünde Gündogar Ýewropany galkan hökmünde goýmak isleýärdi. Ýugoslawiýanyň Josip Broz Tito mysalyndan çekinen Stalin Gündogar Ýewropada SSSR tarapdarlaryny häkimiýete getirdi. Bu döwlet baştutanlarynyň ideologiki taýdan SSSR-e sadyk bolmagy üçin "'''Kominform'''" döredildi. 1949-njy ýylda döredilen COMECON arkaly SSSR öz töweregine howpsuzlyk zolagy edindi öz töweregine.

Günbatar blokunyň ýagdaýy

[düzet | çeşmäni düzet]

ABŞ-nyň maksady Günbatar Ýewropany SSSR-e gapdyrmazlykdy, Günbatar Ýewropa ykdysady taýdan hem fiziki taýdan hem harabalyk ýagdaýyndady we ABŞ döwleti bu sebiti öz elinde tutmalydy. Gresiýa we Türkiýä abanýan SSSR howpy ABŞ-y tijendirdi. 1823 Monroe doktrinasyndan bäri Ýewropanyň işlerine goşulmaýan ABŞ Ýewropa syýasatyna 3 usul bilen goşuldy:

Psihologiki usul
[düzet | çeşmäni düzet]

ABŞ halkyny ABŞ-nyň Ýewropa syýasatyny kabullanmagy üçin psihiki taýdan taýyn bolmagy maksatly Pearl Harbor hüjümi arkaly halkyň gözi gorkuzyldy. ABŞ-nyň daşary işler ministrliginda 205 sany komunistiň bardygyny jar eden Senator Jozef Makkarti halkyň tolgunjyny beýgeltdi. Makkartiniň aýyplamalary bilen köp adam işinden mahrum edildi we "Makkartiçilik" hereketi Türkiýede hem köp "aýdyňlaryň" uniwersitetlerdäki işinden kowulmagyna eltdi.

1947-nji ýyldaky Trumen doktrinasy yglan edildi we munuň netijesinde Gresiýa we Türkiýä harby ýardam berilmek bilen Sowet howpuna çäre görüldi. Mundan soňra "Gurşaýyjy" we "Yza gaýtaryjy" ýaly syýasatlara eýerildi.

  • Gabamak syýasaty: ABŞ-nyň SSSR-i gabamak bilen SSSR-iň ýyly deňizlere açylmagyny bökdemek maksat edildi.
  • Yza gaýtarma syýasaty: SSSR-iň goňşy döwletleri bilen harby hyzmatdaşlyk edilip SSSR-i öz serhetine gaýtaryp Gündogar Ýewropany halas etmek maksat edildi.
Ykdysady usul
[düzet | çeşmäni düzet]

NATO-nuň düýbi tutulan ýyl ABŞ kongresi "Eksporta gözegçilik kanuny" çykarmak bilen Gündogar Ýewropa embargo goýdy. Mundan soňra NATO agzalarynyň we Ýaponiýanyň hem bu embargo eýermegini gazandy. ABŞ-nyň asyl baş ykdysady hereketi 1948-nji ýylda hökme giren "Marşal plany" boldy. Marşal plany uruşdan ejir çeken Ýewropa döwletlerine berilen ýardamdy, Marşal planyndan peýdalanan döwletler ykdysady syýasatda ABŞ-y danyşment hökmünde kabul etmeli boldy we munuň netijesinde ABŞ degişli döwletleriň ykdysady politikalaryny täsiri astynda tutup bildi. Bu çarçuwada Marşal planynyň maksatlary:

  1. Günbatar Ýewropany gurplandyryp dünýä söwdasyna gazandyrmak.
  2. Ýardamy kabul eden döwletleriň ykdysadyýetini barlag astynda tutmak (SSSR we Gündogar bloky bu ýardamy reddedipdi).
  3. ABŞ ykdysadyýetini güýçlendirmek we ABŞ ykdysadyýetine alyjy müşderi döretmek.

Netijede ABŞ bu ädimler bilen "Täze dünýä tertibi" (Paks Amerikana) döretdi we dünýäniň agdyk güýji boldy.

Marşal plany

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Türkiýe, Marşal plany boýunça 1948 - 52-nji ýyllar arasynda 325 million dollar kömek aldy.
  • Bu kömek mukdarynyň 60 göterimi oba hojalygy sektorynda ulanyldy.
  • Harby ýardam esbaplarynyň ätiýaç esbaplary we abatlaýyşy sebäpli Türkiýäniň daşara baglylygy artdy.

1946 - 1953-nji ýyllarda ykdysadyýetde zyýanlar emele gelmäge başlady. 1958-nji ýylda 1945-nji ýylyň 8,4 esse köpeldi. Marşal planyndan soňra Türkiýe ykdysadyýetinde we syýasatynda liberallaşma döwri başlady. 1945-nji ýylda MKP (Milli Kalkınma Partisi) we 1946-njy ýylda DP (Demokrat Parti) döredilmegi bilen Türkiýe köp partiýaly ulgama geçdi. Uniwersitetler awtonomiýa gazandy. IMF-ä agza bolup bilmek üçin dewalýuasiýa geçirildi we 1947-nji ýylda IMF we Dünýä bankyna agzalyga kabul edilinildi. 1947-nji ýylda Truman doktrinasynyň kabul edilen gününde Ismet Inöniniň 12-nji iýul çykyşy netijesinde oppozisiýa ýumşak çemeleşme döwri başlady. 1950-nji ýyldaky ak rewolýusiýa diýilýän oppozisiýanyň häkimiýete gelmegi bilen köp partiýaly döwlet iş ýüzünde amala aşdy.

  • NATO we Koreýa söweşine goşulmak kararlary ykdysady krizis döwründe alyndy.
  • Ozaldan Arap döwletleriniň tarapynda bolan Türkiýe "Palestina ýaraşdyrma komitetinde" oňyn ses berdi.
  • 1948-nji ýylda ABŞ raýaty bir patrik Türkiýede wezipä bellenildi.
  • 1949-njy ýylda Türkiýe "Aziýa döwletleri konresine" gatnaşmady.
  • 1950-nji ýyldan soňra Türkiýe Kiprde Birleşen Şalygy goldamaga başlady.
  • 1954-nji ýyldan başlap "Alžir meselesiniň" BMG diwanynda gürleşilmezligi tarapynda ses berdi.
  • 1955-nji ýylda Türkiýe Bagdat paktynyň düýbüni tutdy we netijesinde ähli Ýakyn Gündogar döwletleriniň duşmançylygyny gazanmagy töwekgelçiligine girdi.
  • 1956-njy ýylda Türkiýe Sues kanaly krizisinde Fransiýa we Birleşen Şalyk tarapynda orun aldy.
  • 1957-nji ýylda Türkiýe Siriýa krizisinde üns çekmek üçin sähel bolsa uruş çykardy.
  • 1958-nji ýylda Türkiýe, ABŞ Beýruta esgerlerini ýörişe geçirmegi üçin öz harby bazalaryny ulanmagyna rugsat berdi.

= Günbatar Ýewropa

[düzet | çeşmäni düzet]

20-nji asyrda üýtgän halkara söwda netijesinde döwletler täze guramalaşmalara tarap barýardy. Bu gidiş bilen "Ýewropa birleşmegi" pikiri öňe çykmaga başlady.

SSSR bilen gatnaşyklar

[düzet | çeşmäni düzet]