Täze ýyl baýramçylygy dürli senenamalarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde Grigoriý senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üytgeýär. Efiýopiya döwletinde Täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýlip atlandyrylýar we ol her ýylyň sentýabr aýynyň 11-inde baýram edilýär. Efiýopiýa özüniň Ýuliý senenamasy esasynda düzülen gadymy milli senenamasyny ulanýar. Efiýopiýalylar Täze ýyl baýramçylygyna tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler we bu senäni baýram edýärler. “Odunde” festiwaly hem “Afrikan Täze ýyly” diýlip atlandyrylýar hem-de bu baýramçylyk iýun aýynyň ikinji dynç güni bellenilýär. Bu baýramçylygyň ady Ýoruba Afrikanyň medeniýetine esaslanyp dakylandyr we dünýäniň ýüzünde iň uly afrikan baýramçylygy hökmünde meşhurdyr. Aziýa yklymynda “Kamboji Täze ýyly” ady bilen tanalýan täze ýyl baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilip geçilýär. Bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edip, onuň ilkinji güni “Moha Sonkran” diýip atlandyrylsa, ikinji we üçünji günleri “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen belli. Bu baýramçylyk döwründe Kombojanyň ilatyna, esasan, milli oýunlary oýnamaklyk mahsusdyr. “Tai Täze ýyly” hem ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda baýram edilip, ol ýerli dilde “Songkran” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylykda ýerli ilata daşary çykyp biri-birleri bilen suw sepişmeklik güýmenjeleri mahsusdyr. Sebäbi yerli ilatyň ynançlaryna görä, suw sepmeklik ak pata bermeklikden gözbaş alýar. “Hytaý täze ýyly” diňe bir Hytaý Halk Respublikasynyň özünde däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem baýram edilýär. Bu baýram güni “Aý” senenamasynyň ilkinji günüdir we Gün ulgamyna görä oňa her 3 ýyldan düzediş girizilýär. Bu baýramçylygyň senesi ýanwar aýynyň 20-sinden fewral aýynyň 20-si aralykdaky döwre gabat gelýär. “Wetnam Täze ýyly” baýramçylygy özüniň gysgaça “Tet” ady bilen has hem belli bolup, ýurduň iň bir möhüm we meşhur baýramçylyk festiwalydyr. “Wetnam Täze ýyly”, adatça, ýanwar aýynyň 20-sinden fewral aýynyň 20-si aralykdaky döwürde baýram edilýär. Hytaý senenamasyna esaslanyp, bu baýramçylyk ýaz paslynyň gelmegi mynasybetli bellenilýär. “Koreý Täze ýyly” Aý senenamasynyň ilkinji günidir. Koreýalylar bu baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda belläp geçýär. Täze ýyl milli baýram bolmak bilen, koreý ilaty üçin azyndan 3 gün boş, dynç güni diýlip hasap edilýär. Koreýalylar Täze ýyl baýramynda ata-babalarynyň ruhuna tagam taýýarlamak, ata-babalarynyň jaýlanan guburlaryna gezim etmek hem-de milli Koreý oýunlaryny oýnamak ýaly däpleri ýerine ýetirmeklik arkaly belläp geçýärler. “Hijri täze ýyly” yslam medeniýetinde yslam täze ýyly hökmünde giňden tanalyp, ol täze musulman senenamasynyň ilkinji güni hökmünde baýram edilýär. Musulman senenamasynyň Aý senenamasygydy sebäpli, Täze ýyl ýyldan ýyla geçiş baýramy hökmünde bellenilýär. Ýylyň ilkinji güni musulman senenamasynyň ilkinji aýy bolan Muharram aýynyň ilkinji günüdir. Bilşimiz ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilip geçilýär.

                                                                 Maýa ÇARYÝEWA
                                                                 Halkara ynsanperwer ylymlary we          
                                                                 ösüş uniwersitetiniň talyby