Synalar (organlar)
Adam bedeni birnäçe synalardan durýar. Şol synalaryň kömegi bilen bedeniň ýaşaýjylygyny üpjün edýän hadysalar ýüze çykýar. Synalardan synalar ulgamy emele gelýär. Olaryň sazlaşykly işlemegi bütin bedeniň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýär. Adam bedeninde 9 ulgam bar. Olar: örtüji, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, dem alyş, bölüp çykaryş, nerw, köpeliş we endokrin ulgamlarydyr.
Bu ýagdaýlardan beden dürli böleklere bölünýär diýen netije çykarylmaly däldir. Beden bir bitewidir. Meselem iýmit siňdiriş ulgamy ýeke özi iýmiti siňdirip bilmeýär. Endokrin (mäzler) ulgamyndan gelýän şire iýmit siňdirmek üçin hökmanydyr.
Başga-da adam hereket edende myşsalary ýygrylýar. Myşsalaryň ýygrylmagy hem ýüregiň urşyny güýçlendirýär, dem alşy çaltlandyrýar, iýmit siňdiriş we bölüp çykaryş ulgamlarynyň işjeňligini sazlaýar we ş.m. Bularyň hemmesi bedeniň bölünmez bitewiligine şaýatlyk edýär.
Synalaryň özara baglanyşygy nerw hem-de gumoral (gormonlaryň täsiri) ulgamynyň hem-de ganyň kömegi bilen amala aşýar. Nerw we gumoral ulgamlar hem öz aralarynda ýakyndan baglanyşyklydyrlar, ýagny bir tarapdan nerw ulgamynyň özüniň işjeňligine ganyň akymy bilen getirilýän madda çalşygynyň önümleri we dürli himiki maddalar täsir edýärler. Beýleki tarapdan bolsa, birnäçe himiki maddalaryň emele gelmegi we olaryň gana bölünip çykarylmagy nerw ulgamynyň mydamalyk gözegçiliginde bolýar. Bedeniň synalar ulgamynyň fiziologik işjeňliginiň sazlaşygy nerw-gumoral ulgamlary tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle sazlanyşyk bedeniň öz-özüni dolandyrmak häsiýetini ýüze çykarýar.