Mazmuna geçiň

Studio-jaýy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Studio-jaýy, adatça, içki bölünişigi bolmadyk kiçijik jaý bolup, onda aşhana, myhmanhana we ýatylýan jaý bir otagda ýerleşýär. XX asyryň başlarynda studiolar mebelleri minimal ýagdaýda bolan, kä halatlarda her gatda diňe bir sany suwa düşülýän ýeri bolan jaýlar bolupdyr.[1]

Häzirki döwürde studiýa-jaýlary dürli gozgalmaýan emläk pudaklarynda hödürlenýär. Ykdysadyýet synpynda bular kiçi meýdanly jaýlardyr. Şeýle hem ýokary amatlyklary bolan öýlerde uly meýdanly studio-jaýlary bar.

Dürli ýurtlar[düzet | çeşmäni düzet]

Argentina[düzet | çeşmäni düzet]

Argentinada bir otagly jaýa monoambiente diýilýär (ispan dilinde mono – bir, ambiente bolsa otag diýmekdir).

Awstriýa, Germaniýa[düzet | çeşmäni düzet]

Germaniýada bir otagly ýaşaýyş jaýyna Garçonnière (fransuz dilinde garçon oglan, ýaş ýa-da sallah diýmegi aňladýar) ýa-da Eýnzimmerwohnung ("Eýn" bir diýmegi, "Zimmer" - otag, "Wohnung" bolsa jaý diýmegi aňladýar).[2]

Gonkong[düzet | çeşmäni düzet]

Gonkongda studio takmynan 10 m2 içinde suwa düşülýän otag we aşhanasy bolan kiçi jaýdyr. Ýaşamak üçin rugsat berilen iň pes meýdany awtoulagyň duralgasyna ululygyna deňdir.[3][4]

Kanada[düzet | çeşmäni düzet]

Kanadada studiýa bachelor (sallah jaýy) diýilýär.

Portugaliýa[düzet | çeşmäni düzet]

Portugaliýada studio-jaýlaryna T0 (T-Zero) ady berilýär. 0 sany, jaýda özbaşdak ýatylýan otaglaryň ýokdugyny aňladýar.[5]

Şwesiýa[düzet | çeşmäni düzet]

Şwesiýada studio-jaýlara etta, "birlik" diýilýär. Olaryň meýdany adatça 20-den 40 m2 çenli bolýar.[6]

AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY[düzet | çeşmäni düzet]

ABŞ-da studiýa ululygy ortaça 46–56 m2 barabardyr.[7]

Ýaponiýa[düzet | çeşmäni düzet]

Ýaponiýada meýdany 10 m2 golaý bolan studio-jaýlaryna wan rūmu manşon (bir otagly köşk) diýilýär.[8]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Monoambiente". monoambiente.com.ar. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  2. "Недвижимость в Германии: стоит ли покупать, цены, лучшие регионы". egrp.ru. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  3. "Дорогая недвижимость, отсутствие личного пространства и тайфуны". journal.tinkoff.ru. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  4. "迷你71呎開放式單位= 1個標準車位 點放傢俬好?". topick.hket.com. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  5. "Buying property in Portugal as a foreigner". wise.com. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  6. "Ett = One (1) & A; Etta = One-room flat". gothenburg-400.com. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  7. "The Truth About Apartment Square Footage". hotspotrentals.com. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04. 
  8. "Жильё в Японии (современные и традиционные дома)". miuki.info. Archived from the original on 2022-01-04. Retrieved 2022-01-04.