Stomatologiýa protezirlemesi
Stomatologiýa protezirlemesi — stomatologiýanyň, dişiň dokumalarynyň dikeldilmegi, ýitirilen dişleriň ornunyň tutulmagy, çeýneýän apparatynyň gurluşynyň we funksiýasynyň dikeldilmegi bilen meşgullanýan bölümi.
Taryh
[düzet | çeşmäni düzet]Dişleriň protezirlemesi fransuz hirurgy Pýer Foşar tarapyndan XVII asyryň ahyrynda oýlanylyp tapyldy.[1] Foşar ýitirilen dişleriniň çalşyrylmagynyň birnäçe usullaryny açdy. Ol piliň süňkünden dişleriň protezlerini ýasady. Şeýle hem Foşar dişleriň ýagdaýyny düzetmek üçin breketleri oýlap tapdy, ol şolary altyn simden we ýüpek sapaklaryndan ýasaýardy. Fransuz farmasewti Aleksis Dýuşato fransuz dantisti Nikolýa Dýubua de Şeman bilen bilelikde 1774-nji ýylda ilkinji farfor dişlerini ýasadylar.[2]
Protezirlemäniň görnüşleri
[düzet | çeşmäni düzet]Dişleriň protezirlemesi aşakdaky üç görnüşe bölünýär[3]:
- Çykarylyp aýrylmaýan protezirleme. Çykarylyp aýrylmaýan diş protezlerine koronkalar, implantlar, köpri görnüşli protezleri we winirleri degişli bolup durýar. Çykarylyp aýrylmaýan protezler köplenç bar bolan dişlerine berkidilýärler. Empiriki düzgün her bir dişiň beýleki dişiň çeýneýän basyşy siňdirip bilýändiginden ybarat bolup durýar. Iki dişleriň çalşyrylmagy üçin iki daýanma dişleriniň bolmaklygy zerurdyr.[4] Aýratyn diş koronkalary diş protezleri bolup durmaýarlar, olar dişleriň gorap saklanylmagy üçin hyzmat edýärler, emma welin lukmançylyk ulgamynda olar adatça maliýe taýdan pikirlenmeler sebäpli, diş protezlerine goşulýarlar.
- Çykarylyp aýrylýan protezirleme. Dişsiz äňleriniň protezirlemesinde ulanylýar.
- Utgaşdyrylan protezirleme.
Dokumalaryň dikeldilmegi
[düzet | çeşmäni düzet]2015-nji ýylda Ýaponiýanyň fiziki-himiki barlaglar institutyndan Tokionyň lukmançylyk-stomatologiýa uniwersitetindäki kärdeşleri bilen bilelikde syçanyň dokumasyndan birnäçe täze dişlerini ösdürmeklik, şoňra bolsa alnan dişleri syçanyň äňine implantirlemeklik başa bardy.[5][6]
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Pierre Fauchard and Obturators". fauchard.org. Archived from the original on 2022-01-24. Retrieved 2022-01-24.
- ↑ "The Henry J. McKellops Collection in Dental Medicine". beckerexhibits.wustl.edu. Archived from the original on 2013-10-17. Retrieved 2022-01-24.
- ↑ "What is the prevalence of various types of prosthetic dental restorations in Europe?". onlinelibrary.wiley.com. Archived from the original on 2022-01-24. Retrieved 2022-01-24.
- ↑ "Crowns". tetrismile.com. Archived from the original on 2022-01-24. Retrieved 2022-01-24.
- ↑ "Multiplying teeth". riken.jp. Archived from the original on 2016-09-17. Retrieved 2022-01-24.
- ↑ "Functional tooth restoration utilising split germs through re-regionalisation of the tooth-forming field". nature.com. Archived from the original on 2022-01-25. Retrieved 2022-01-24.