Seljuklar döwründe ylym we medeniýet
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Seljuklar döwründe ylym we medeniýet
1. IX – XIII asyrlarda Gündogar medeniýetine hem-de ylmyna gyzgaça syn. 2. Beýik Seljuklar Zamanynda ylym we medeniýet. 3. Merw kitaphanalary.
Hödürlenýän edebiýatlar.
1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ,“Ruhnama”, Aşgabat, 2001.
2. J. Gurbangeliýew, “Medeniýetimiziň parlan çagy” E.S. 2002 ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 11-de.
3. T.Nepesow, “Nowaýy we alymlar ýa-da türkmen ylmynyň taryhy sahypalary hakynda”, E.S. 1999 ýylyň Alp Arslan aýy.
4. G. Pirmämmedowa , “Merw ylym ýüzüginiň gaşy”, Türkmenistan, 2002 ýylyň Gorkut aýynyň 25-de.
5. H.Gullaýew, Seljuk türkmenleri döwrüniň öň ýanyndaky asyrlarda dörän edebi mirasymyzda, E.S. 31.08.2001.
6. A. Mülkiamanow, Halistnama, E.S. 4.10.2002.
Goja taryha gyzgaça göz aýlap biz Orta Aziýa halklarynyň şol sanda türkmen topragynda ýaşan halklaryň baý hem dürli öwüşgünli gadymy medeniýetiniň bolandygyna, Gündogar Gaýtadan döreýiş asyrlarynda öňe çykan danalaryň ýöne ýerden döremändigini bellemek gerek. Ģünki olaryň örän çuňňur, köpasyrlyk köki bar. Şonuň üçin hem Orta Aziýa halklarynyň ylmynyň we medeniýetiniň ösüşi grek ýa-da arap medeniýetine gös – göni baglydy, “bu halklaryň geçmişde özbaşdak ylmy düňýäsi ýokdur” – diýen ýaňramalar hakykatdan örän daşdadyr.
Dogry Gündogaryň şol sanda Orta Aziýanyň alymlary aýratynam orta asyrlarda belli bolan alymlar gadymy grek ylmy mirasyna köp ünsi beripdirler, ony oňat öwrenipdirler, grek alymlarynyň eserlerini arap, pars dillerine terjime edip, şol dillerde gepleýän hem-de düşünýän halklara ýetiripdirler. Alymlaryň uly topary gadymy hindi ylmynyň hem aýratyn-da gometriýa, arifmetika, medişine ýaly ylmyň iň bir zerur pudaklaryna bagyşlanan ylmy eserleri çuňňür öwrenipdirler.
Beýl ediýildigi Orta Aziýa halklaryny, şol sanda türkmen halkynyň özleriniň asyl ylmy işleriniň bolmandygyny aňlatmaýar. Faraby, Biruny, Ibn Sina, Horezmi Omar Haýýam ýaly ylym äleminiň eserlerinde biz adamzat jemgyýetine, onuň ösüşine geljegine, adamlaryň bagtly, eşretli ýaşamagyny üpjün etmäge diýseň köp üns berendigini göz ýetirmek kyn däl.
Horezmi, Faraby, Ubn Sina, Biruny, Omar Haýýam ýaly orta asyrlar alymlary özleriniň täze – täze açyşlary bilen dünýä ylmynyň we medeniýetiniň öňe gitmegine uly ýardam edipdir. Bu barada ýekeje mysala ýüz tutmak hem ýeterlikdir.
Ürgençde, ýagny Köňeürgençde ýaşap öen Horezmi şol döwür üçin aze bolan matematika ylmynyň “algebra” pudagyny döredipdir. Ol kitan şol asyrlaryň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň alymlarynyň öwran – öwran ýüz tutan ylmy çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sözleri bilen aýdanymyzda: “Mahmyt Haznabynyň Seljuk türkmenleriniň soltanlarynyň, Köneürgenç soltanlygynyň döwründe bütin yslan dünýäsinde ylmyň, eebiýatyň, sungatyň kerwenini çeken türkmen, dünýä türkmen medeniýetini tanatdy” (Mukaddes Ruhnama, 6 sah.)
Ýokarda atlary tutlan beýik akyldarlaryň her biriniň Ýewropada ylmyň we medeniýetiň ösmegine uly goşant goşandygyny aýtmak gerek. Ýewropaly alym F.Diteriniň aýtmagyna görä orta asyr Ýewropasy gadymy grek filosofiýanyň üsti bilen Farabynyň, Ibn Sinanyň , Ibn Roşduň ylmy eserleri arkaly öwrenipdir. Ol gündogarda Aristotel Farabynyň arkasyndan Aristotel bolupdyr diýip bellenilýär. Bu pikiri Merhemetli Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda hem tassyklaýar, ýa-da görnükli gündogarşynas akademik W.W.Bartold, Aziýanyň greklere, aýratyn hem olaryň döwlet gurluşygyna bolan täsiri kämahal grekleriň aziýalara eden täsirinden güýçli bolupdyr diýip ýazýar.
Onsaňam ýene-de bir zady berk ýatda saklamak gerek. Ylym düňýäsinden üzňe şamak mümkin däl. Emma bir zat eçilmek üçin özünden öňküleriň goýup giden ylmy mirasyndan habardar bolmaly. Şol hakykatdan garanyňda Horezminiň, Farabynyň-da, Birunynyň-da eýran hem arap halklarynyň milli medeniýetiniň ajaýyp üstünliklerini özlerinde jemländiklerine şek – şübhe bolup bilmez. Elbetde hindi, hytaý aýratyn hem grek medeniýetleriniň- de täsiri bolupdyr. Galyberse-de gadymy ýupek ýoly Orta Aziýanyň esasy şaherleridir. Galalarynyň üstünden geçip onuň halklarynyň Günbataryň hem-de Gündogaryň medeniýetleri bilen ysnyşykda bolmaklaryna uly ýardam edipdir.
Orta asyrlar zamanynda belli halyflar, patyşalar, soltanlar ylma we medeniýete örän köp üns beripdirler, alymlar hökümdarlar tarapyndan goldanypdyr. Biz bu barada ikinji soragyň dowamynda has giň gürrüň ederis.
Şu ýerde bir zady bellemek hökman IX - XIII asyrlarda ýaşan we döreden dünýä ylmyna we medeniýetine uly goşant goşan akyldarlary orta çykaran esasy şert şol halklaryň taryhy ykdysady durmuşy hem-de asyrlaryň dowamynda toplan baý däpleriniň bolandygyny aýtmak gerek. Ģünki bu döwürde Gündogarda ylym hem-de bilim adamlaryň ruhy, intelektual hem-de jemgyýetçilik durmuşynda düýpli orun tutupdyr.
Indi bolsa taryhçylar tarapyndan medeniýetimiziň gülläp ösen döwri hasaplanýan Seljuklar döwründe ylmyň, medeniýetiň, edebiýatyň ösüşi baradaky gürrüňlerimize geçýäris. Ģünki ynsanyýet taryhynda medeniýetiň, siwilizasiýanyň ösüşi boýunça aýry – aýry hasylly ýyllar bolupdy. Şolaryň biri hem Yslamyň ornaşmagyndan tä XIII asyra çenli bolan döwürdi.
Agzalan döwürde siwilizasiýanyň täji bolan ylymda uly bir galkynyşyň bolup geçendigini biz ýokarda aýdyp geçdik. Hut şu döwürde Merw. Gürgenç, Buhara, Samarkant özüniň dini we dünýewi ylmy ojaklary bilen yslam dünýäsiniň ylmy merkezine öwrülip başlady. Egerde giňişleýin ykrar edilen medeniýetiň, ylmyň bir ülkesi özüniň Aristotelini, Arhimedini, Platonyny, Sokratyny, Geraklyny … orta çykaran bolsa Gündogar bu döwürde Al Horezmi, Al Faraby, Ibn Sina, Biruny ýaly ägirtleri ýüze çykardy.
Medeniýetimiziň şol döwürdäki ýaly ýokary galan döwri örän seýrekdir. Dünýäniň çar künjünde gurlan 70-den gowurak türkmen döwletleriniň iň naýbaşysy bolan seljuk türkmen döwletiniň, seljuk türkmenleriniň dünýä medeneniýetine , ylmyna goşan goşandy has uludyr.
Biziň ýokarda bellän geçişimiz ýaly Beýik Seljuk türkmen döwleti ylym dünýäsinde uly yz galdyran döwletdir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylma we bilime baglydygyna oňat düşünipdirler. Ylym bilim belli bir ulgama tabyn edilip, dölwet syýasatynyň esasy ugruna öwrülipdir. Meşhur wezir Nuzamül mülkiň ady bilen baglanyşykly Nyzamise medreseleri yslam äleminde abraýly okuw mekdeplerine öwrülipdir. Nyşapurda Bolhda, Hyramda, Amulda … Nyzamiýe medreseleri hereket edipdir. Ilkinji Nyzamiýe Alp Arslan Zamanynda 1066 ý. Bagdatda gurlupdyr.
Seljuk soltanlarynyň öz hasabyna medreseler gurdurmagy jemgyýetiň asylly, barly adamlaryny hem bu haýyr işe itekläpdir. Wezirler, begler hat-da Seljuk soltanlarynyň aýallary hem ülkäniň her ýerinde medreseler gurdurmaga başlapdyrlar. Seljuk medreselerinde talyplar mugt ylym bilim alypdyrlar. Medreselere bagyşlanan haýyr-sahawat wakyflarynyň hasabyna olar şol ýerde ýasapdyrlar, naharlanypdyrlar, okuw esbaplary bilen üpjün edilipdir. Medreselerde ders berýän mugallymlara, damyllalara, müdderislere döwlet tarapyndan ýörite aýlyk berlipdir. Medresedäki alymlara we talyplara aýlyk hakyndan başgada olary ylma höweslendirmek maksady bilen ýörite wakyflardan 100, 500 we 1000 ýa-da akja baýraklar berlipdir.
Seljuklar zamanasynda ýöriteleşdirilen hekimçilik (lukmançylyk) medreseleriniň bolandygyny hem aýtmalydyrys. Köp sanly tebipler öz öýlerini lukmançylyk mekdeplerine öwrüpdirler. Şamly hekim Mühezzibiddin öz öýüni medresä öwrüp, bu ýerde ençeme tebipleri ýetişdirenligi hakyndaky maglumatlar biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Seljuk soltanlary ylym adamlaryna hemmetaraplaýyn hemärlik edipdirler. Mälik Şanyň hemaýaty bilen 1074-1075 ý.ý. ilki Yslyhanda, soňra Bagtdatda obserwatoriýa (rasathana) gurlupdyr. Onda Omar Haýýam, Ýobul, Müzaffar Isfizari, Mamun Ibn Hejin el Wasiti ýaly alymlar işläpdir.
Olar ýylnama (kalendar) özgertmesini geçiripdirler we täze düzen ýylnamasyny Mälik şanyň hormatyna “Jelali ýylnamasy” diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýylnama kalendary 30 – günlik bolup 12 aýdan we goşmaça 5 ýa-da 6 günden durýar. Bu ýylnamada ýyl başyny bahardaky ýylamaga deňlemek üçin dört ýylda bir goşmaça gün girizipdirler. Jelali ýylnamasynda 3770 ýylda bir gün, grigorýan ýylnamasynda bolsa 3331 ýylda bir gün ýalňýslyk bardyr.
Mälik Şanyň döwürdeşi bolan türkmen alymy Abdul Eziz Ismail el Jezeri (1136-1206ý.) kibernetika ylmyna esaslandyryjylaryň biridir. Bu barada taryhçy K.Baýramow “Alymyň sagatlary, minutlary, günleri we aýlary, günüň we aýýň günlik ýerleşişini görkezýän bir maşyn ýasandygyny görýäris. Bu maşynda biri – biriniň garşysynda ýerleşdirilen 24 harp bilen gapylyk bar. Olar iki topara bölünipdir, reňkleri hem üýtgeşik. Gapylaryň arkasynda her biri aýratyn görnüşde saýraýan ýasama guşlar bar. Her sagatda üstki gapylardaky bir adam şekili çykyp ýoräp ugraýar we ikinji gapynyň öňünde durýar. Eliňi çala degirýäň welin, şol pursat bir guşjagaz ganatlaryny pasyrdadyp orta çykýar we dolan wagty mukdaryna görä saýrap ses çykarýar.” (seret. Standart hil we gowpsyzlyk jurnaly, 1997 №1, sah 30-31.)
Seljuk zamanasynda taryh ylmy hem ýokary derejä ýetipdir.Bu döwrüň taryhçylary-da seljuk soltanlarynyň howandarlygyndan peýdalanypdyrlar. 1058 ýazylan “Mäliknama” eserinde seljuklaryň sejeresi barada gürrüň edilipdir. Ibn – ul – Hassul – “Risalaýi Mälik şahy” Ebu Tahyr Hatuni “Taryhi Ali Seljuki”, şahyr Muezzi “Suýeri Rutuhi Soltan Sanjary” Ubn Rundun Beýhani “Mynaribut - Tejeribi”, “Zinetiýul, Kütatta biýi” eseri ýazypdyr. Al Kaipi Soltan – Sanjara bagyşlap “Mefahur, ül Etrek” esaerini ýazypdyr. Seljuk tükmenleriniň Irandaky döwletiniň Soltany Togrul – III – ni döwründe Ahmet Tuş tarapyndan “Ajaýyb ul - Maglihat” atly geografiýa kitabyny ýazypdyr. Kerim – üd-den Aksaraýynyň “Müsameret, ül - Akbar” kitaby (1323 ý.) Seljuk taryhyny öwrehmegiň çeşmelerinden biridir. Gynanasakda bu kitaplaryň köpüsi mongollaryň weýrançylykly çözuşlary zerarly biziň günlerimize gelip ýetmändir.
Beýik Seljuk türkmen Soltany Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň bilidir. Ol döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir. Onuň döwründe Merwli meşhur taryhçy we jugrafiýaçy Abu Sag-as-Samani (1113-1167) öz mejhur eserini döredipdir. Soltanyň obserwatoriýasynda meşhur münejim, şahyr Omar Haýýam işläpdir. Abdyrahman Hazini öz barlaglarynyň netijesinde seljuk döwletleriniň düzümine girýän ýerleriň merdianalaryny uzaklyk, giňişlik derejelerini görkezýän “Zij-i- Sanjaryny” ýazypdyr. Hazininiň “Mizan – ül - Hinmet” eseri fizika ylmyna uly goşant bolupdyr. Horezmli alym az – Zamahşary (1074 - 1134) Soltan – Sanjaryň dostlaryndan biri bolupdyr. Ol özüniň “Mukaddimet – ul - edebi” eserini Soltan – Sanjara sowgat beripdir.
Soltan – Sanjaryň köşguňde onuň goldawyndan peýdalanan alymlaryň ýene biri Omar – bin – Sehlah – el – Sabidir. Ol özüniň “Risaleý – i - Sanjarne” eseri bilen meşhurdyr. Ol öz eseriniň başynda bu eseriň “Älemiň patyşasy, şu beýik Soltan gündogaryň we günbataryň hökümdarlarynyň hökümdary Sanjaryň arzuwy bilen onuň kitaphanasy üçin taýýarlandy” diýip ýazypdyr. Agzalan eser fizika degişli bolup, onda tebigatdaky dürli fiziki hadysalaryň seäbi giňişleýin düşündirilýär. Alym suwuň atmosferadakyaýlanyşyny ylmy nukdaý nazardan beýan edýär. .
Kitaphanalar Beýik Seljuk türkmen döwletiniň medeni derejesini ýokarlandyrmagyň hakyky subutnamalarynyň biridir. Döwletiň düýbi tutulan ýeri bolan Merw özüniň meşhur kitaplary bilen Yslam düňýäsinde mälim bolupdyr. Bu ýerde 12 müň tomluk kitap saklanýar (her bir kitabyň gymmaty 250 dinardan az bolmandyr) kitanhanalar bar.
Beýik Seljuk Soltanlary ylmy adamlara uly hormat goýupdyrlar. Olardan harajadyny gysganmandyrlar. Soltan Ali Arslan özüniň haýyr sahabatynyň ondan birini ylym adamlaryna harçlapdyr. Mälik şa medreselere we beýleki medeni ojaklara sarp edýäninden başga-da her ýylda alymlara 300 mün altyn dinar paýlapdyr.
Soltan Sanjaryň köşgündäki alymlara, şahyrlara we tebiplere bir gezek bäş günüň dowamynda 700 müň dinar, 1000 sany atlas lybasyny, saýlama arlaryň ençemesini peşgeş berendigi barada gürrüň ler bar. Beýle sahylyk etse hazynasynyň basym boşajagyny aýdanda hazynadara “Men hakynda mal – dünýä baýlygy imrinýär diýse erbet, şondan gork” diýip jogap beripdir.
Seljuk Soltanlary edebiýata, şahyrlara uly ähmiýet beripdir. Seljuk Soltanlary entäk şazada mahaly terbiýelenende olarda edebiýata bolan söýgüni oýarypdyrlar. Atabegileri olara pikirlerini çeper beýan etmegidüre manyly gürleşmegi öwredipdirler.
Samarknatly Nyzamy Aruzunyň aýdanlaryndan çen tutsak seljuk ogullarynyň hemmesi (hökümdar nebereleriniň agzalary) şygyr düzmek kadalaryndan habardar bolupdyrlar. Olar ene dilinden başga-da arap we pars dillerinden baş çykarypdyrlar.
Seljuklar döwründe edebi eserler esasan pars dilinde ýazypdyrlar. Arap dili ylmy dil hasaplanypdyr. 1277ý. Türkmen begi Mämmet beg “Şu günden başlap diwanda dergahda, metjitde, meýdanda türkmen dilinden başga dilde gürlenilmeli däldir” diýen perman çykarypdyr. Munuň özi Seljuklar we ondan soňraky türkmen beglikleriniň zamanasynda esasy gepleşik diliniň türkmen dili bolandygyna şaýatlyk edýär.
Beýik Seljuk Soltanlaryň köşgünde Emir Muezzi, Omar Haýýam, Auhadeddin Enweri … ýaly ençeme şahyrlar hemaýat görüp, döwlet galamyny işledipdirler. Soltan Sanjaryň köşgünde şahyrlaryň orny elmydama törde bolupdyr. Ģeşmelerde ýazylyşyna görä, soltan käte – käte şahyrlary üýşürip meýlis guraýan eken. Eger-de kimde- kim meýlise gijä galyp gelse, käse-de dälde öküziň şahynda şerap içilmeli edilýän eken.
Sopuçylyk ylmynda uly yz goýan Ymam Gazaly Beýik Seljuk türkmen Soltanlary Mälik şanyň we onuň ogly Sanjaryň döwründe ýaşap geçipdir. Ol bu barada şeýle ýazýar: “Men 53 ýyllyk ömür ýaşadym. Munuň 40 ýyly ylym öwrenmek we öwretmek bilen geçdi 20 – ýylam soltan Şehidiň (Mälik şanyň) soltanlyk döwründe geçdi. Din ylymlary barada 700 kitap ýazmaga muwaffak boldum” diýip belleýär.
Öňem belläp geçşimiz ýaly Seljuk türkmen Soltany Sanjaryň hemaýatyny gören şahyrlaryň biri hem Emir Muezzidir. Muezzi şahyr Sanjaryň kakasy Mälik şanyň ýeňişlerine bagyşlap ençeme eserler döredipdir. Köp meýlislerde, syýahatlarda Mälik şanyň ýanynda bolupdyr. Horasany eýelände Muezzi onuň hyzmatyna baryp, ömrüniň ahyryna çenli köşkde ýaşapdyr. Käbir rowaýatlara görä Muezzi gepleşikler geçirmek üçin Sanjar tarapyndan wekil bolup Wizantiýa Ruma gidipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda Enweriniň adyny ençeme ýerde agzaýar. Onda: “Türkmen entäk Enwerini az bilýär” diýip (324 sah.) belleýär. Mänäniň golaýyndaky Bedene obasynda dogulan şahyr Ruhadeddin Abu Enweri Soltan Sanjaryň köşgünde işläp, uly abraýa ýeten şagyrlaryň biridir.
Soltan Sanjaryň özi hem goşgy ýazypdyr. Bu barada edebiýatçy alym N.Gullaýew özüniň “Şygyr ýazan türkmen soltanlary” atlu makalasynda (E.S. 22.06.01ý.) içagyry keseline ýolugyp, ondan gutulmajagyna göz ýetirip şu aşakdaky setirleri ýazyp mirasdüşerlerine okap berendigini ýazýar:
Elimi bir salgamda, aldym ençe galany,
Atymy debşilämde, duşman diledi aman.
Ajal gelende welin hiç zat etmedi peýda,
Bakylyk hudaýyňky, mal – mülkem şoňky eken.
Beýik Seljuk döwletinde medeniýetiň ylmyň ösüşi baradaky gürrüňimizi jemlemek bilen biz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda belläp geçişi ýaly: “Ençeme beýik özgerişleriň sallançagy bolan, ululy kiçili galkynyşlaryň ojagy bolan Türkmenistanyň, dünýäniň taryhynda tutýan orny hem, Yslam dünýäsiniň jahana ýaýramagyndaky orny hem örän uludyr. Turkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna goşan goşandy-da çäksizdir.”
Türkmen döwletleriniň dünýä ýaýran döwründe Yslam dünýäsinde ylmyň, edebiýatyň, sungatyň kerwenini çekenler türkmenlerdi. Beýik Seljuk türkmenleriniň zamanasy türkmen medeniýetiniň iň bir parlan döwri bolupdy. Bu döwür barada Mukaddes Ruhnamada ýene şeýle setirler bar: “Turkmeniň beýik danyşmentleri, alymlary, edebiýat we sungat adamlary diňe bir Türkiýäniň üsti bilen däl, başga ikinji bir ýol bilen hem, Kawkaza, Ruma, Arabystana doldular, ondanam Müsüriň üsti bilen Ispaniýa geçdiler. Şeýlelikde türkmen halkynyň ylmy önümçilik gazananlary Ýewropa ylmy önümçiligine, ösüşine hamyrmaýa, gönezlik boldy” diýmek bilen Beýik Srdarymyz Beýik Soltanlar bolan ata – babalarymyzyň agzalyp geçen döwründäki tutumly işlerini täze öwüşginde, has beýik görnüşde dünýä çykarýar.
Merw gadymy döwürlerde Yslam dünýäsiniň ylym we edebiýat äleminiň merkezi bolupdyr. Bu mekan dürli ylmy açyşlaryň, medeni hereketleriň mekany bolupdyr. Biziň ýokarda belläp geçişimiz ýaly Seljuklar döwründe önümçilik ykdysadyýetde we daşary söwda-da uly ösüşler gazanmak bilen bir hatarda ylma, medeniýete, sungata, saglygy goraýyşa haýyr – sahabat işlerine-de uly üns bermekdir.
Aýratyn hem Seljuklar döwründe Merw şäheri gülläp ösüpdir, uly abraýa eýe bolupdyr. Bu gadymy şäher asyrlaryň dowamynda diňe bir pars we arap medeniýetiniň we edebiýatynyň, ylmynyň, magaryfynyň ösmegine uly goşant goşmak bilen çäklenmän, Eýsem Gündogar halklarynyň ylmyň belentliklerine aralaşmagynda uly orny bolupdyr.
Merw alymlarynyň köp ýurdy bolany üçin Müsür, Arabystan, Yrak ülkelerinden Merwe gelýän ulamalar bolupdyr.Taryhda Maru – Şahu – Jahan adyny alan bu şäher alymlaryň Gündogardaky Merkezleriniň bir hasaplanylypdyr. Türküstanyň köp alymlary Merwe barýan ýolda jan beripdirler.
Alym T.Nepesow özüniň “Nowaýy we alymlar ýa-da türkmen ylmynyň taryhy sahapalary hakynda” diýen makalasynda Merw hem-de Bagdaw, Merw hem-de Buhara ylmy gatnaşyklary barada ýazýar. Şeýlelikde Merw taryhda hindi, arap, yrak, müsür, hytaý, owgan, türk alymlarynyň ýygnanyşyan esasy merkezi bolupdyr.
Biz taryhdan Merwde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çeken baý fondly kitaphalarynyň bolandygyny bilýäris. Merw kitaphanalarynyň Gündogar akyldarlaryny, danalaryny, fiolosoflaryny kitap bilen üpjün etmekde uly orny bolupdyr. Ol kitaphanalarda şondan öňki müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýazylan, özi hem dünýäniň ähli ylymlarynyň taglymatlarynyň, dinleriniň, pikiriň, akylyň , ylmyň döredijiliginiň ägirt hazynalarynyň jem;lenendigini göz öňünde tutsaň, onda bize aýylganç bir harasadyň, Ģingiz Hanyň basyp alyşlarynyň, weýrançylyklarynyň ösüşe däl eýsem gazanylanlary hem ýok edilip taşlanandygyna göz ýetirmek kyn däl.
XIII asyryň başlarynda Merwde ýaşan özüniň ajaýyp eserlerini döreden, mongollaryň bu ýurda eden çozuşlaryndan soň, bu ýurtdan giden Ýakup Hamawy bu kitaphananyň öz durmuşynda uly rol oýnandygyny belleýär.
3 – ýyl Merwde ýaşan, Merwiň iň belent derejede gülläp ösüşiniň şaýady bolan alym hem-de ajaýyp arap syýahatçysy Ýakut – al – Hamawy. Merw hakda we onuň medeniýeti hakda şeýle ýazýar.
“Merw – Şahy – Jahan ” – bu horasanyň iň şöhratly şaheri we onuň paýtagty bolan beýik Merwiň aňydyr. Özünden gelip çykan şeýle köp alymlary we meşhur hem-de gerekli adamlary bilen hiç bir beýleki şäher öwünip bilmez.
Men merwden 1219 ýylda gaýtdym. Şonda ol iň bir gülläp ösen ýagdaýdady. Men çykyp gaýdanymda Merwiň saýlama eserleri islendik beýleki şaň kitaphanasyndan has baý bolan on sany kitaphana – wakarlary bardy. Men ybadathana metjidine degişli 2 sany uly kitaphanany atlandyraýyn olaryň biri Aziziýe ony döreden adam Eziz – al – den Abu – Bekr Atik Zinjany. Bu kitaphanada 12 mün toma golaý kitap sanlanardy. Beýlekisi “Kemalis” Hizam – al mülk – al – Hasan Ibn Ishanyň öz gurduran medresesindäki kitaphanasy. Iki kitaphana Samaniniň adyna degişli “Amidiýe”, “Omarýiýe” kitap saklanýan jaýlaryGiçniräk wezirleriň biri bolan Mejel Mülküň kitaphanasy. Şol medresesindäki “Hatumiýe”, ondan kitap almak ýeňildi. Meniň öýümde şol ýerden hiç bir girewiň alnan: gymmaty 200 dinarlyk kitaplaryň 200 we ondan hem köp tomlary durardy.”
Orta Asyr syýahatçysynyň galdyran bu ýatlamalary seljuklar döwrüniň ösen medeniýetinden aýratyn hem kitap çykaryşylyk işlerinde ýetilen uly ösüşlerden habar berýär. Muňa garamazdan Ģingiz hanyň goşunlarynyň Merwde geçiren birehik weýrançylyklary sebäpli seljuklar döwrüniň şeýle baý edebi mirasynyň köp gymmatly nusgalary biziň döwrümize ýetip bilmän ýok bolup gidipdirler. Ele salnan az sanly edebiýatlar bolsa bize degerli maglumat bererden ejiz gelýär. Ýöne şolaryň içinde öz döwrüňiň ajaýyp sowatly adamsy bolan Nyzam en Mülkün “Syýahatnama”, “S käbir arap çeşmelerinde”, “Syýar el mülk” (“Patyşanyň gylyklary”) eseri aýatyn orunda durýar. Pars dilinde ýazylyp.birnäçe gündogar we ýewropa halklarynyň dilinde hem terjime edilen bu eser ähli beýleki pars dilinde ýazylan eserlerden has gymmatlydygy we gyzyklydygy bilen tapawutlanýar.
Taryhy maglumatlara görä Mälik şa (1091ý.) öz ýanyna köşk emeldarlaryny we parasatly gojalary çagyryp öz döwletleri hakda, onuň iş dolandyrylyşy içeri we daşary syýasaty hakda bir kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Mälik şa bu görkezmäni ilkinji nibatda özüniň baş weziri, Nyzam el – Mülke, Täj – el – Mülke , Mejit – el – Mülke we şular ýaly beýleki wezipeli hem-de sowatly adamlara berýär. Mälik şa tarapyndan yglan edilen şol bäsleşik Nyzam el – Mülkiň ýazan işi Mäliik şada uly täsir galdyrýar.
Taryhy maglumatlara görä Musulman gündogarynyň ajaýyp şahsy bolan Nyzam – el – Mülküň özø hemişe alymlardan , kanunçylardan, haýyr- sahawatlardan doly eken. Aň – bilim barada yzygiderli alada etmek bilen ol Yspyhan, Nyşapur, Hyrat, Balh, Bagdat ýaly şäherlerde ummasyz pul harçlan medreseler açdyrandygy barada biz öňki soraglarmyzda aýdyp geçipdik.
Ýeri gelende orta asyrlarda patyşa köşklerindäki sowatly adamlaryň patyşalara bagyşlan eserler ýazmaklarynyň kada öwrülendigini hem bellemek gerek. Muňa Nyzameddiniň “Zafarnamasy”, Samaniniň “Urugnamasy”, Firdöwsiniň “Şanamasy” we ş.m.
Biz Seljuklar zamanynda ylmyň medeniýetiniň ösüşi baradaky gürrüňimizi jemläp şeýle netijä gelýäris.
1. Onuň ösen döwri: Yslam diniň dörän döwründen tä XIII asyra çenli.
2. Pese düşen döwri (mongol basybalyjylary döwri we ondan soňky döwür.)
Bu barada Merhemetli PrezidentimizBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda: “Mahal – mahal agyr oýlara batyp, özümi dert – azaba goýýaryn: “Wah lagnat siňmiş Ģingiz hanyň wagşy ordasy bolmadyk bolsa, taryhyň bu ajaýyp pajarlap oturan ýüz müňlerçe ilaty, Köneürgenjiň, Maru – Şahu – Jahanyň , Şähryslamyň, Abyweriň, Amulyň, Zemmiň, Dehistanyň, şäher kentleriniň göwner monjuk ýaly düzüp oturan Oguzboýünyň (Uzboýyň) üstünden sowa geçen bolsa, müňlerçe kitaply – kitaphanalar, ýandyrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünyäniň ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy.” (150 - 151 sah.)