Mazmuna geçiň

Şaýmflug prinsipi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Scheimpflug principle sahypasyndan gönükdirildi)

Şaýmflug prinsipi geometriki düzgün bolup ol optiki sistemanyň (fotoapparat ýaly) lens tekizligi (LT) surat tekizligine (ST) parallel däl ýagdaýynda fokus tekizliginiň (FT) ugruny kesgitleýär. Bu prinsip awstriýaly harby kapitan Teodor Şaýmflugyň adyny göterýär. Ol bu prinsipi, uçaryň üstünden ýeriň suratyny alanda perspektiwadaky ýoýulmanyň düzedilmegi üçin ulanypdyr.

Şaýmflug prinsipiniň düşündirilişi

[düzet | çeşmäni düzet]
Şekil 1. Adaty fotoapparat bilen, haçan-da jisim tekizligi surat tekizligine parallel däl bolsa, diňe kiçi bölek fokusda (dury) bolar.
Figure 2. The angles of the Scheimpflug principle, using the example of a photographic lens
Figure 4. Rotation-axis distance and angle of the PoF

Adatça, fotoapparadyň lens we surat (film ýa-da sensor) tekizlikleri paralleldir we netije-de fokus tekizligi hem parallel bolýar. Eger-de tekiz jisim (binanyň diwary ýaly) surat tekizligine parallel bolsa, fokus tekizliginiň üstüne gabat gelmegi mümkin we netije-de jisim surata dury çykar. Eger-de jisim tekizligi surat tekizligine parallel däl bolsa, on-da jisim tekizligi diňe fokus tekizligi bilen kesişen çyzygynda dury görner, Şekil 1-de görkezilişi ýaly.

Surat we lens tekizliklerinden tangens çyzygy geçirilen-de, fokus tekizliginiň geçýän çyzygynda kesişýärler, Şekil 2-de görkezilişi ýaly. Şu ýagdaýda, surat tekizligine parallel bolmadyk tekiz jisim doly fokusda (dury) bolar.

Goşmaça çykgytlar

[düzet | çeşmäni düzet]