Mazmuna geçiň

Saryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ata-babalarymyz ynsan üçin zerur, onsuz durmuşy göz öňüne getirip bolmajagyny bilip, suwuň her bir damjasyny altyna deňäp, “Suw damjasy – altyn dänesi” ýa-da “Suw ýygnana köl bolar, köp ýygnansa il bolar”, “Suw – topragyň bereketli-hümmeti, bol suwly derýalar Watan gymmaty” diýen nakyllary döredipdir. Oňa keramat hökmünde garap, salam beripdir. Suw hakynda söhbet açylanda hormatly Prezidentimiziň:”Türkmen halky suwa tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlyk hökmünde garaýar” diýen, parasatly sözleri hakydaňa dolýar. Şu ýerde maglumat üçin Ýer togalagynyň 75 göterimini suwuň düzýändigine, şonuňam diňe 2.5 göterimini agyz suwudygyny bellemegimiz gerek, edil şonuň ýaly ynsanyň bedeniniň 4-den 3 böleginiň suwdan durýandygyny ýatlamak wajyp. Maglumatdan görnüşi ýaly, umumyadamzadyň ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň gadyr-gymmaty günsaýyn artýar. Şonuň üçin ony tygşytly ulanmak ýurtlaryň çäklerinden akýan derýalardaky suwlardan rejeli, deňhukukly peýdalanmak häzirki wagtda baş wezipeleriň birine öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, dünýäde onlarça derýalar birnäçe döwletleriň çäklerinden geçip, öz tebigy akymlarynyň ugruna akýar. Biziň sebitimiz üçin juda möhüm, asyrlar boýy şu ýerlerde mekan tutup, döwlet guran halklary bol suwy bilen gandyrýan, egsilmez ýeriň berekedine öwrülip azyk bolçulygy bolup desterhanlary doldurýan, dost-doganlygyň mizemez serhetlerinden geçýän Amyderýanyň suwy bu sebitdäki halklaryň buýsanjyna, guwanjyna öwrülýär. Tebigatyň sebit üçin eçilen bu sahawaty däli Jeýhun adyny alan Amyderýanyň suwuny tygşytly ulanmak, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda döwletleriň özara bähbitlerini nazara alyp, suw serişdelerinden peýdalanmak häzirki wagtda möhüm mesele bolup durýar. Dünýäde ilat sanynyň köpelmegi, arassa agyz suwa bolan islegleriň ýylsaýyn artmagyň suw gorlarynyň möçberiniň azalýandygy sebäpli, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm meselä öwrülýär. Bütin umumyadamzada waiyp möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Suw serişdeleri, tebigaty goramak, ekologiýa meselesi boýunça halkara konwensiýalary döwletler üçin örän uly ähmiýete eýe bolmak bilen, halkara suw gorlaryny döwletleriň özara deňhukukly ýörelgesi esasynda doldurmaklaryny üpjün edýär. Suw hojalygy meseleleri Merkezi Aziýa giňişliginde ekologiýa taýdan howpsyz we durnukly ösüş üçin şertleri döretmek Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş ýurtlarynyň sebitara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde eden çykşynda:”Türkmenistan suw meselelerini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen we BMG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň üsti bilen dünýä bileleşiginiň işjeň gatnaşmagynda çözüp bolar diýip hasaplaýar” diýip belläp geçdi. Tebigy şertler we baýlyklar her bir döwletiň ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy zatlardyr. Ýurduň tebigy şertleriniň hojalygy ösdürmek üçin amatlylygy onuň çäginde tebigy baýlykalarynyň dürli görnüşleriniň uly gorlarynyň bolmagy öndüriji güýçleriniň çalt ösmegine ýardam edýär. Biziň ýurdumyzyň ýer üstüniň amatly gurluşy, klimat şertleri, ýer-suw baýlyklary, oba hojalygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredýärler. Suw üpjünçilikleri çözülen ýagdaýynda döwletimiziň ekerançylyga ýaramly ýerleriniň möçberi 17 mln gektardan geçýär. Suw adamzat üçin uly ähmiýetli bolan tebigy baýlykdyr. Gurak klimatly guşaklykda ýerleşip, suwarymly ekerançylyga ýörüteleşdirilen Türkmenistan üçin suw baýlyklary ilatyň ýaşaýşyny we ykdysadyýetiň ösmegini üpjün etmegiň esasydyr. Onuň çäginde bir ýylda atmosfera ygallarynyň hasabyna bary-ýogy 1 km kuba golaý suw ýygnaýar, bu bolsa onuň meýdanynda özbaşdak emele gelýän ýer üsti suw akarlarynyň bolmazlygyna getirýär. Ýurduň ähli ýerinde suw baýlaklary gyradeň paýlanan däldir. Ýer üsti suw çeşmelerindäki suwuň möçberiniň 88% göterimiAmyderýanyň paýyna düşýär, galan bölegi kiçi we ulurak derýalar we çeşmelerdir. Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň suw mümkinçilikleri azdyr. Türkmenistanda sarp edilýän suwuň 90%-den gowragy suwaryşa, suwlandyrmaga we oba hojalyk suw üpjünçiligine ulanylýar. Häzirki wagtda hojalyklardaky suwaryş ulgamy kämil däl we oba hojalygynda suwuň ýitgisi uludyr. Şonuň üçin ýurdumyzda suwaryş ulgamyny we suw tutmagyň tehnikasyny düýpli täzeçe gurnamagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy, suw baýlykalry rejeli ulanmagy hem-de suwuň täze goşmaça çeşmelerini gözläp tapmagy göz öňünde tutulýan suw hojalygyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanda jemi 15 sany, umumy göwrümi 3 mlrd metr kubdan gowrak bolan emeli suw howdanlary bar. Olaryň esasy wezipesi oba-hojalyk ekinleriniň ösüş döwründe ulanmak üçin derýalaryň gyşky akymyny ýygnamakdyr. Howdan derýanyň hanasynyň öňünde bent gurmak arkaly emele gelýär. Howdan gurlanda halk hojalygynyň bähbitleri göz öňünde tutulyp, topografiki we gidrogeologiki şertlere baglylykda ýer saýlanyp alynýar. Topografiki şert boýunça suw howdanyny gurmak üçin iň amatly ýer derýanyň hanasynyň daralýan ýeridir. Şonda derýanyň bent guruljak ýerinden ýokarda ýerleşen ýeri giň bolmalydyr. Gidrogeologiki şert boýunça bolsa howdanyň guruljak ýeriniň topragynyň suw geçirijiligi pes bolmalydyr. Murgap derýasynyň ugrunda sil suwuny ýygnaýan Saryýazy suw howdany Tejen derýasynyň ugrunda hem 1-nji we 2-nji Tejen suw howdanlary bar. Ýöne bu suw howdanlarynda sil gyrmançalarynyň çökmegi sebäpli, suw howdanlarynyň göwrümi ýyl-ýyldan azalýar. Şonuň üçin howdanlary wagtly-wagtynda gyrmançadan arassalamak zerurlygy ýüze çykýar. Türkmenistanyň Gahrymany Eziz Arkadagymyz hem 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ýurdumyzyň ýaşulylarynyň nobatdaky 15-nji mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň derýalarynyň akymlaryny sazlaşmak, döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän ekinlerden öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen iri desga bolan Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanynyň, Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, olaryň suw geçiriljilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak işleriň geçirilmegine aýratyn belläp geçdi. Murgap derýasy – öz gözbaşyny Owganystanyň territoriýasynda ýerleşýän Sefid-kuh daglaryň günorta ýapgytlarynda 2600m belentlikden alýar. Onuň umumy uzynlygy 978 km bolup, şonuň 350 km-I Türkmenistanyň çäginden akýar. Murgabyň 50 km aralygy Türkmenistan bilen Owganystan aralygyndaky döwlet serhedi hasaplanýar. Mary şäherinden 75 km demirgazyga geçenden soň, ol çäge çöllükleriň içinde ýitip gidýär. Murgabyň suw toplanýan ýeriniň umumy meýdany 46900 km kwadrata ýetýän bolsa, onuň Türkmenistanyň territoriýasynda suw toplanýan meýdany 8300 km kwadrata barabardyr. Murgap tranzit derýa bolup, onuň esasy suw toplanýan ýeri Owganystanyň çägindäki daglyklarda ýerleşýär. Derýa Parapomiz eteklerden aşak Murgap delta düzlüklerine çenli akýar. Murgap derýasynyň Owganystanyň territoriýasyndaky daglyk ýerlerden akýanlygy üçin ol ýerde bary ýogy 15000 gektara golaý ýerler suwarylýar hem-de ol 300–500 km aralykda ini 100-150-200 metre çenli bolan dar jülgeden akýar. Soňra derýanyň hanasy Muhammethan obasynyň deňinden geçenden soň onuň jülgei 1–2 km giňelýär. Türkmenistanyň territoriýasynda Orij we Zoaka daglaryny kesip geçenden soň Handepe baýyrlygynyň üsti bilen Murgap Türkmenistanyň territoriýasyna girýär we şol ýerde Owganystanyň territoriýasyndan gözbaşyny alýan Abykoýsar goşandyny kabul edýär. Soňra Türkmenistanyň territoriýasynda uzynlygy 227 km-e ýetýän Gaş (Kaşan) derýasy Murgaba goşulýar.Bu derýa Murgabyň iň soňky goşandydyr. Dag etek düzlügine ýetenden soň, Murgabyň jülgesi has giňelýär. Meselem, Gowşutbentden demirgazyga geçenden soň, derýanyň jülgesi 2–7 km-e çenli giňelýär, hanasy bolsa 25-70 metrden geçmeýär. Mary şäherinden demirgazykda Egrigüzer bendinden geçenden soň, derýa aýry-aýry şahalara bölünip, Çaşgyn obasyndan demirgazyga geçenden soň çäge çöllügiň içinde ýitip gidýär. Murgap derýasy öňüne 2000-2500m belentlikdäki daglyklardan suw toplaýar. Şonuň üçin Murgabyň suwy az bolýar. Murgap gyşyna erän garlardan, ýaz paslyndaky suwlardan suwlanýar. Şol sebäpli Murgabyň suwunyň režimi durnuksyz. Suwunyň režimi Amyderýa ýaly bütin bir pasylda-da bir meňzeş bolýar. Soňa göräde Murgabyň suwunyň derejesi 2-3 günüň içinde meselmegine, birnäçe sagatdan soň daglarda ýagyşyň diňmegi bile suwunyň birden pese düşmegine getirýär. Şoňä göräde Murgap derýasynyň suwuny rejeli peýdalanmak maksady bilen onda Daşköpri, Saryýaz, Kolhozbent, Ýolöten, Hindiguş suw howdanlary guruldy. Saryýazy suw howdanynyň ilkinji suwunyň gurluşygy 1957-nji ýylda başlanyp 1959-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Şol bendiň gurlan ýeri öň üsti tekiz depe bolup, ol ýerde teplowozlary bejerýän depo ýerleşipdir, hem-de ol ýerden demirýol geçipdir. Soňra täze suw howdany gurmak maksady bilen demirýol binýadynyň ugry üýtgedilýär. Şeýlelikde 1976-njy ýylyň fewral aýynda täze Saryýazy suw howdanynyň gurluşygy başlanýar. Köne bent bilen täze suw howdanynyň arasynda Saryçöp obanyň Akyjan baba gonamçylygy ýerleşýär. Ol täze Saryýazy obanyň demirgazyk-günbataryna geçirilýär we suw gonamçylygyň içinden akdyrylypdyr. Saryýazy suw howdanynyň gurluşugy doly tamamlanyp, 1984-nji ýylda ulanmaga berildir. Saryýazy suw howdanynyň 1-nji nobatdakysy 690 mln km kub metr, 2-nji nobatdakysy 1250 mln kub metr suw saklamaga ukyply hasaplanýar. Häzirki wagtda howdan 500 mln kub metr suw saklamaga ukyply. Ol her gije-gündizde 400-420 müň metr kub suw geçirmäge ukyply. Häzir bolsa her gije-gündizde 32 müň kub metr suw geçýär. Saryýazy suw howdanynyň awtoproýektini düzen Nagiýewa Roza Yakubowna. Onuň gurluşygyny Dagystanlylar, Gruzinler hem-de Ruslar hem-de 1200 sany talyplar gatnaşdylar. Suw howdanynyň dambasyna bolsa Daşkentli buharalylar gurdular. Şeýlelikdede howdanyň umumy bahasy 9 mln manatdyr. Gurluşyk doly gutaranda, jaý gurluşygy bilen umumy bahasy 42 mln manada deň bolupdyr. Suw howdanynyň gurluşygyny dolylygyna alyp baran PMK-20 gurluşyk trestiniň başlygy Kakajan Öwezow. Derýanyň ugrunda şeýle suw howdanynyň gurulmagy Ýöloten, Türkmengala, Baýramaly hem-de Serhetabat etrabynyň Garaköl, döwletli daýhan birleşiginiň ekerançylyk ýerlerine giňeltmäge, doly suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda derýanyň suwy 50-55 sm ýokaryk galýar. Bu bolsa sil suwlarynyň getirýän gyrmançalarynyň hasabyna derýanyň hanalarynyň gömülmegi netijesinde bolýar hem-de ilatly ýeri sil suwlarynyň basmagy ýaly howplary salýar, şonuň üçin häzirki wagtda Saryýazy suw howdanynyň ugry boýunça Tagtabazara çenli gaçylar galdyrylýar. Bu iş bilen bolsa Mary welaýatynyň suw hojalyk önümçilik dolanyşygy meşgullanýar we uly işler alyp barýarlar. Howdany gyrmançadan arassalamak boýunça bir sany zemsnarýad işleýär. Ol sekuntda 150 metr kuba golaý gyrmança çykarmaga ukyply. Howdanyň suwuny arassalamak üçin suw arassalaýjy enjamlar işleýär. Olara günde iki gezek gözegçilik edilýär. Häzirki wagtda howdan haýwanlaryň ölmegi, suw arassalaýjy enjamlaryň döwülmegi esasynda hapalanýar. Geljekde howdanynyň arassaçylgyna gözegçilik edilmese onuň globallaýyn meseleleriň birine öwrülmegi mümkin. Saryýazy suw howdany beýleki suw howdanlardan özüniň belentde ýerleşýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň suwunyň 25 mln metr kuba golaýy oba hojalygy üçin peýdalanlýar. Täze suw howdan bilen köne suw howdanyň aralygy 656 m, howdanyň suw ýygnaýan ýeriniň ortaça çuňlugy 7 metr. Suw howdanynyň uzynlygy 30 km, ini 5 km. Dambasynyň uzynlygy 27 metre deňdir. Häzirki wagtda suw howdanyň suw basan ýerleri 5750 gektara deň. Saryýazy suw howdanynyň basseýni balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşlerine hem baý. Esasanam balyklardan lakga, çapraz, sazan, ak amur, tüňňimaňlaý, ak amur tarany, hramulýa ýaly görnüşleri bar. Balyklar bilen ýörüteleşen balyk hojalygy meşgullanýar. Ýöne balykçylyk hojalygynyň ösüşi her pasylda dürli. Saryýazy suw howdany Murgap derýasynyň ugrunda ýeketäk balyk tutulýan howdandyr. Ýaz paslynda balyklar köpelip başlaýar. Balyklar suwuň az ýerinde köpelýär. Bu pasylda balyk tutmak gadagan edilýär. Tomus-güýz pasyllarynda balyklaryň köpeleninden soň, suwda hökman arassaçylyk işlerini geçirilmeli. Bu döwürde balyklary tutmak rugsat berilýär. Gyş paslynda suwuň derejesi ýokary bolsa ony peseltmeli, sebäbi şol ýerde ýaşan balykalara zyýan ýetmegi mümkin. Bu döwürde balyk tutmaklyk maslahat berilýär. Howdanda guşlardan bolsa gazlar, baklanlar, hokgarlardyr gotanlar köpdür. Häzirki wagtda olaryň käbirleri “Gyzyl kitaba” girizildi. Olar ýörite goralyp saklanylýar. Ýerli ilatyň maglumatlaryna görä öňler gotanyň ýagyny dermanlyk hökmünde peýdalynylypdyr. Onuň ýagy peşehorda, guryagyry ýaly keseller üçin em-ýom bolupdyr. Saryýazy suw howdanynyň golaýynda öňler inçekeseli bejerýän şypahan bolupdyr. Şol ýerde dünýäniň ähli künjinden adamlar gelipdir we şu ýerde öz kesellerine şypa tapypdyrlar. Ol şypahananyň bolmagynyň sebäbi suw howdanynyň howasynyň kisloroda baý bolmagydyr. Ýurdumyzda 1994-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri her ýyl “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygyny aprel aýynyň 1-nji ýekşenbesinde bellenip geçilýär. Sebäbi suw Türkmenistanyň toprak klimat şertlerinde ýaşaýşyň gözbaşy bolup durýär. Her ýylyň 22-nji marty bolsa Bütin dünýä suw günidir.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň halkara menejment hünäriniň 2-nji ýyl talyby Balkan Çaryýew.