Sapporo gar festiwaly
Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Sapporo şäheri her ýylyň fewral aýynda köp adamly bolýar. Sebäbi fewral aýynyň başynda bu şäherde „Ýuki Matsuri" şüweleňi geçirilýär. „Ýuki Matsurini" ýapon dilinden türkmen diline terjime edeniňde „gar festiwaly" diýen manyny berýär. Daşary ýurtly jahankeşdeler hem festiwalyň geçirilýän günlerinde Ýaponiýa topar-topar bolup gelýärler. Jahankeşdeleri festiwalyň çäginde gardan ýasalýan dürli ululykdaky taryhy ýadygärlikler, şekillerdir heýkeller özüne bendi edýär. Sapporo şäherinde geçirilýän festiwal dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu yerde adamlar gyş paslynyň özboluşly ajaýyplygynyň lezzetini alýarlar. Ýokote şäherinde gardan öýler ýasalýar. Öýlerde şemler ýakylýar. Ýerli halk öýlerde daşary ýurtly jahankeşdeleri myhman alýarlar.
Festiwalyň syýahatçylyk ähmiýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Sapporodaky gar festiwalyna daşary ýurtly jahankeşdeler hem gatnaşýar. Şonuň üçin festiwalyň syýahatçylyk ähmiýeti hem uludyr. Festiwal 1950-nji ýyldan bäri her ýyl giçirilip gelinýär. Ilki başlanan ýyly şol sebitde okaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Odori seýilgähinde öz güýji bilen gardan alty sany uly hekel ýasadylar. Talyplaryň özboluşly güýmenjesi sebitdäki halkyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Soň soňlar her ýyl diýen ýaly gyş aýlarynda Odori seýilgähinde gardan dürli ululykdaky heýkeller ýasalyp başlandy. Ýurdun ilatynyň arasynda uly gyzyklanma döreden bu çäräni halkara derejesinde we dabaraly ýagdaýda bellemek pikiri orta atyldy we ol oňyn garşylandy. Şondan bäri bu festiwal ýurduň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Her ýyl festiwala ýurduň öz içinden hem-de daşary ýurtlardan iki milliondan gowrak adam gatnaşýar. Ýaponiýanyň demirgazygyndaky özüniň tebigatynyň gözellikleri bilen meşhurlyk gazanan Hok-kaýdo adasynyň ak merjen şäheri Sapporo ýurdun iň uly bäşinji şäheri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ýurdun paýtagty Tokio ýaly meşhur bolan Sapporo 130 ýyla meýilleşdirilip gurlan şäher. 1972-nji ýylda Sapporo şäherinde gyşky olimpiýa oýunlary geçirildi. Bu olimpiýa oýunlaryny geçirmek bilen şäher öz adyny dünýä belli etdi. Häzir bolsa her ýylyň fewral aýynda geçirilýän gar festiwaly bilen.şäher has-da meşhur boldy. Ilki başlarda festiwalda ýapon heýkeltaraşlaryň gardan ýasan işleri halk köpçüligine ýetirilýärdi. indi bolsa daşary ýurtly heýkeltaraşlar hem bu festiwala gardan ýasan işleri bilen gatnaşýarlar. Şäheriň gar festiwaly daşary ýurtlyy jahan-keşdeleriň gyzyklanma bildirýän 22 festiwalynyň sanawynda ikinji orunda durýar. Garlar transport ulaglary arkaly sebitdäki garyň köp ýagan ýerlerinden getirilýär. Munuň bilen baglanyşykly bir waka hem bolup geçipdir. 1974-nji ýylda gardaşaýan ulaglar üçin ýangyç tapylmandyr. Şol döwürde ýangyç gytçylygy bar eken. Heýkeltaraşlar eserlerinde tagta ulanypdyrlar. Bu gar festiwaly Germaniýanyň Nfýunhen şäheri bilen Sapporo arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrdy. 5-nji fewralda başlaýan festiwal 11-nji fewralda tamamlanýar. Festiwalda ululy-kiçili 300-den gowrak gardan ýasalan heýkeller sergä çykarylýar. Her ýaşdan gatnaşyjysy bolan festiwalda adamlar öz nobatynda heýkelleri tomaşa edip bilýärler. Heýkelleri ýasaýan heýkeltaraşlar bu festiwala meýletin gatnaşýarlar. Festiwalyň çäginde heýkelleri howa şertleri goraýar. Fewral aýynda howanyň ortaça temperaturasy minus 10 dereje bolýar. Heýkeltaraşlar gardan esasan dünýä belli ýadygärlikleriň, heýkelleriň keşbini döredýärler. Odori, Susukino we Sapporo satoland seýilgählerinde dürli mowzuklarda ýasalan şekillere duş gelmek bolýar. Gijesine dürli reňkdäki çyralar bilen öwüşgin atýan heýkeller şäheri gyş paslynyň täsinlikler diýaryna öwürýär. Festiwal tamamlanandan soň, heýkeller ereýänçä garaşman, ony ýykýarlar. Festiwalyň çäginde dürli tagamlar hem satylýar. Şeýle hem dürli medeni çäreler geçirilýär, aýdym aýdylýar, tans edilýär.
Festiwalyň taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Gar festiwaly ilkinji gezek 1950-nji ýylda Sapporo şäheriniň Odori seýilgähinde geçirilýär. Ýerli ýokary okuw mekdebiniň talyplary gardan alty heýkel ýasaýarlar. Şondan soň festiwalyň gerimi giňeldilip, halkara derejesinde geçirmek meýilleşdirilýär. 1955-nji ýylda ýagny birinji festiwalyň üstünden bäş ýyl geçensoň, şol sebitde ýerleşýän harby bazada gulluk edýän esgerler hem festiwala gatnaşmagy ýüregine düwýärler. Olar ilkinji bolup gardan ullakan heýkel ýasaýarlar. Şol hem festiwala meşhurlyk gazandyrýar. Esgerler her ýyl bu festiwala gatnaşyp, gardan dürli şekiller ýasap, adamlary begendirip gelýärler. . Mälim bolşy ýaly, 1972-nji,ýylda Sapporo şäherinde gyşky olimpiýa oýunlary geçirilýär. Olimpiýa-oýunlary bilen bir hatarda gar festiwaly hem dünýä metbugatynda öz mynasyp ornuny tapýar. 1974-nji ýylda bu festiwalyň çäginde halkara gar heýkelleri bäsleşigi geçirilip başlanýar. Gar festiwalynyň ýylsaýyn halkara derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Festiwalda Hytaýyň Şenýang, Kanadanyň Alberta, Germaniýanyň Mýunhen. ABŞ-nyň Portland şäherleriniň keşbi janlandyrylan heýkellere-de duş gelmek bolýar. Bular hem Sapporonyň şol şäherler bilen gowy gatnaşyk saklaýandygyny görkezýär.
Festiwal barada käbir maglumatlar
[düzet | çeşmäni düzet]Şu ýyl Sapporo gar festiwalynyň 60-njysy geçirilýär. Oňa ýene-de sanlyja günler galdy. Ol 5-nji fewralda başlanýar we 7 gün dowam edýär. 60-njy Sapporo gar festiwalynda 277 hekel halk köpçüligine görkeziler. Olaryň 154-üsi Odori, 23-üsi Tsu-dome we 100-üsi bolsa Susukino meýdanlarynda bolar. Heýkeltaraşlar üçin gerekli bolan gar 7-nji we 22-njiýanwar aralygynda ulaglar arkaly getirildi. Olar Sapporo şäheriniň eteklerinden getirildi. Takmynan 6500 tonna gar ýük ulaglary arkaly daşaldy. Bu festiwalyň guramaçylyk işleri şäher häkimliginiň, şäheriň syýahatçylyk assosiasiýanyň, şäheriň bilim müdirliginiň, we şäheriň söwda we senagat palatasynyň üstüne ýüklendi. Festiwalyň administratiw işlerine gar festiwalynyň ýerine ýetiriji komiteti jogap berýär.
Festiwala gatnaşyjylaryň sanawy:
[düzet | çeşmäni düzet]2008-nji ýyl, 59-njy gar festiwaly: 2 million 159 müň adam. 2007-nji ýyl, 58-nji gar festiwaly: 2 million 1010 müň adam, 2006-njy ýyl, 57-nji gar festiwaly: 1 million 985 müň adam. 2005-nji ýyl, 56-njy gar festiwaly: 2 million 191 müň adam.