Saparmyrat Esenowiç Owganow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Saparmyrat Esenowiç Owganow 1984-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

2002-2007-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasynda okap, ony menejmentiň bakalawry hünäri boýunça tamamlady.

2007-2008-nji ýyllarda çagyryş boýunça harby gullukda boldy.

2011-2017-nji ýyllarda «Halys» hojalyk jemgyýetiniň ykdysady meseleler boýunça direktorynyň kömekçisi, direktoryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary, baş direktory wezipelerinde işledi.

2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty.

Maşgalaly, dört çagasy bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.