Mazmuna geçiň

Sähra süýri çekirtgesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Göni ganatlylar otrýady Hakyky uzynmurt çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Saginae aşaky maşgalanyň düzümine girýän Saga Charpentier palearktik, bir görnüşden ybarat bolan urugy. Gysgaça beýany. Uzynmurt çekirtgeleriň iň irileriniň biri. Ganatlary gowşak ösen. Göwresi has süýri, inçemik, ýaşyl ýa-da sarymtyl reňkli, arkaöňüniň aşaky gyrasy we garyn bogunlarynyň ählisi goşa agymtyl zolakly. Kellesi örän ýapgytlaşan maňlaýly. Urkaçysynyň bedeniniň uzynlygy 53–75 mm. Ýaýraýşy. Köpetdag, Köýtendag. Türkmenistandan daşarda — Ýewropanyň günortasy, Krym. Ýaýrawynyň gündogarynda — Zaýsan kölüne, şonuň ýaly-da Demirgazyk we Günbatar Týanşana çenli, demirgazygynda — Harkow, Woronež we Çelýabinsk oblastlaryna çenli. Ýaşaýan ýerleri. Gurakçylyga uýgunlaşan däneli ösümlikli guraklygy pesräk sähralar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Kesgitlenilmedi. Esasy çaklendiriji sebäpler. Mal bakylmagy, öri meýdanlaryň himiki serişdeler bilen işlenilmegi. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Diňe ösümliklerde bukuda gizlenip ýaşaýan, häsiýetleri boýunça hudaýata meňzeş mörmöjekler. Mör-möjekler bilen, şol sanda iri uzynmurt çekirtgeler, hudaýatylar we çekirtgeler bilen iýmitlenýär. Erkek jynslylary bolmaýar. Enelik jyns öýjükleriniň tohumlanmasyz usuly bilen köpelýär. Ösüş döwründe 8 gezek gowuny çalşyrýar. Jyns taýdan ýetişende gowuny çalşyranyndan 3–4 hepde geçeninden soňra, ýumurtgalaryny topraga güýze çenli, agşamlaryna ýa-da gijelerine dürli çuňlukda taşlaýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2009), Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag we Köýtendag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerleriniň goralyşyny güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Goraghanalaryň çäklerinde populýasiýalarynyň ýaýraýşyny we sanyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa