Mazmuna geçiň

Russiýa XX-XXI asyrlaryň sepgidinde

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Mowzuk : Russiýa XX-XXI asyrlaryň sepgidinde.

M E Ý I L N A M A :

1. Russiýa 90-njy ýyllarda. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi.

2. 1993-nji ýylyň konstitusiýasy. Ykdysady kynçylyklar.

3. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-rus gatnaşyklary.

SSSR dargandan soň Orsýetde özgerişler döwri başlandy. Orsýetiň täze döredilen hökümeti bu özgerişleri geçirmegi monitarizima esaslandy. Bu döwlet eýeçilikleri hususylaşdyrmagyň çaltlaşdyrylan görnüşinde ýüze çykdy. Rublyň durnuklylygyna bahalaryň kadalylygyna döwlet gözegçilik edenokdy. Ykdysadyýet meýilnamalaýyn dolandyrylmaýardy. 1992-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda başlanan özgerişler bahalaryň ýokarlanmagyna getirdi. Eýýäm 1992-nji ýylda bahalar 26 esse ýa-da aýda 31 esse göterim, 1993-nji ýylda 9,4 esse ýa-da aýda 20 göterim, 1994-nji ýýlda 3,2 esse ýa-da aýda 10 göterim, 1995-nji ýýlda 2,3 esse ýa-da 7,3 göterim ösdi. Bahalaryň ýokarlanmagy haryt ýetmezçiligi ilatyň satyn alyjylyk islegleri aşaklatdy. Kärhanalaryň we ilatyň banklardaky goýumlarda pullar hümmetsizlendi. Bahalaryň galmagynyň serhetleriň açylmagy bilen utgaşmagy gündelik sarp edilýän harytlaryň daşary ýurtdan getirilmegi bazarlaryň dolmagyna, ilatdan pullaryň alynmagyna we bazaryň kadalaşmagyna getirdi. Emma ýerli önümleriň bäsdeşsizligi, ukypsyzlygy esasy mesele bolup durýardy. Orsýediň kärhanalarynyň önüm öndürijiligi aşaklandy. Eýýäm 1992-nji ýylda senagat önümçiligi 18 göterim gysgaldy. 1993-nji ýylda 16 göterim gysgaldy. Netijede rubl 5 ýylyň dowamynda (1992 ýylyň bahary, 1997-nji ýylyň bahary aralygy) 300-den 4 müň ýedi ýüz dollara çenli hümmetsizlendi. 1993-nji 1994-nji ýyllarda döwlet eýeçiliklerini hususylaşdyrmak güýçli depginler bilen geçirildi. Özgertmeleri geçirijileriň pikiri boýunça hususylaşdyrmak kärhanalaryň iş öndürijiligini ýokarlandyrylmalydy. Bu maslahatlar üçin çykarylýan býudžet çykdajylaryny azaltmalydy. Bazar ykdysadyýetini döretmelidi. Hususylaşdyrmany geçirmek üçin meýilnama işlenip düzüldi we tassyklandy. Aksiýalar toplumy zähmet toparlary we döwlet arasynda paýlanyldy. Hususylaşdyrmagy goldamak maksady bilen kärhanalaryň ýolbaşçylaryna aksiýalaryň 5 göterimini almaga rugsat edildi. Emma bu meýilnama jemgyýetde deňsizligi döretdi. Hususylaşdyrylan kärhananyň aksiýalaryny alan zähmet toparlarynyň agzalary artykmaçlykdan peýdalanýardy. Önüm öndürmeýän pudagyň işgärleri hiç zat alanokdy. Bu bolsa jemgyýetde düşünişmezligi döretdi. Özgertmeleri geçirijileriň ýene bir ýakymsyz tarapy olaryň Orsýetde orta synpy emeli ýol bilen döretjek bolmaklarydy. Şu maksat bilen söwda jemgyýetçilik iýmiti hyzmat ediş pudagy mugt diýen ýaly şahsy eýeçilige geçirildi. 1993-nji ýylyň başynda söwda jemgyýetçilik iýmiti hyzmat ediş kärhanalarynyň ählisi hususylaşdyryldy. Döwletden daşarky pudaklarda halk hojalygynda meşgullanýanlaryň ýaryna golaýy zähmet çekýärler. Hususylaşdyrylan kärhanalar senagat önüminiň 40 göterimini goýberýärdi.

Şu wakalar bilen bir wagtda ýurtda syýasy durnuksyzlyk ýurtda syýasy durnuksyzlyk duýulýardy. 1993-nji ýylyň güýzünde kanun çykaryjy hökümet bilen (halk deputatlarynyň gurultaýy we ýokary sowet) we ýerine ýetiriji häkimiýet (prezident we häkimiýet) arasyndaky çökgünlik iň ýokary derejä ýetdi. 1993-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 21-inde prezident Ýelsiniň halk deputatlarynyň gurultaýy we ýokary soweti dargatmak baradaky we konstitusion özgertmäni geçirmek baradaky karary kabul etdi. Ýokary sowetiň we goşunyň prezidente wepalylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk başlandy. Bu ýokary sowetiň binasyny oka tutmak we apazisiýanyň ýolbaşçylaryny tussag etmek bilen tamamlandy. Çökgünligiň netijesi Orsýede sowetler ulgamyny ýok etmekdi. 1993-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde ähli halk sala- salaňşygy netijesinde Orsýetiň täze konstitusiýasy kabul edildi. Bu konstitusiýa prezidente ýokary häkimýet guramalaryna federal ýygnaga artykmaç hukuklar berýärdi. Döwlet duşmanynda geçirilen saýlawlarda ýerleriniň köpüsini “Orsýet saýlawy” diýen gurama ýolbaşçysy (Ýe. Gaýdar) LPDR (lider Žarinowskiý) TKPK F (Zýuganow) we agrar partiýa (Lapşin) aldy. Syýasy we ykdysady toparlarda maksatlaryň birligi ýokdy bir tarapdan özgertmeleri geçirmegiň tarapdarlary ykdysady syýasatyň berkleşmegini hususylaşdyrylmanyň çaltlaşdyrylmagyna ymtylyşýardylar. Harby senagat we agrosenagat toplumlary ykdysadyýete döwlet gözegçiliginiň güýçlendirilmegini kärhanalaryň döwlet tarapyndan maaýalaşdyrmagyň tarapdarydy. 1994-nji 1996-njy ýyllarda hökümede halk hojalygyndaky pese gaçyşlary ýeňip geçmek başartmady. Býudžet girdejiden gelýän salgytdan mahrum boldy. Býudžet ýetmezçiligi güýçlendi. Býudžet pudaklarda we pensionerlere haklar yzygider tölenmeýärdi. Salgytlary kadalaşdyrmak maksady bilen döwlet gysga möhletleýin borçnamalary grizdi. Olary durmuşa geçirmek üçin uly girdeýji gerekdi. 1998-nji ýylda döwletiň bergisi 500 milliard dollardy, şol sanda 130 milliard daşarky bergi. 370 milliard içerki bergide özgertmeler ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda-da geçirildi. Olar kolhozlary we sowhozlary üýtgedip gurmakdan başlandy. Zähmet toparlary bilelikdäki eýeçilige ýerleri we esasy serişdeleri alýardylar. Olary işgärleriň we paý üçin işleýän pensionerleriň arasynda bölýärdiler. Şol wagt ýer deň bölünýärdi. Emläk bolsa bahasyna we işgäriň iş ýylyna laýyklykda bölünýärdi. Ýer paýlaryny hojalygyň içinde satyp we kärendesine berip bolýardy. Işgärlere kolhozlary we sowhozlary üýtgedip gurmagyň üç görnüşini ulanmak mümkinçiligi berilýärdi. Bir fermer hojalyklaryny we oba hojalyk kooperatiwlerini döretmek iki kolhozy sowhozy saklamak üç paýdarlar jemgyýetini döretmek kolhozlar we sowhozlar esasan paýdarlar jemgyýetlerine we önümçilik kooperatowlerine öwrüldiler, emma oba hojalyk özgertmeleri haýal depgin bilen gidýärdi. Munuň sebäbi ýurtda ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegidir. Döwletiň oba hojalyk kärhanalaryna puly az goýbemegidir. Fermer hojalyklaryny döretmek fermerlerde ýeterlik serişdeleriň bolmazlygy zerarly togtadyldy. Bularyň ählisi ýurtda oba-hojalyk önümçiligiň ýyldan-ýyla aşaklamagyna getirdi. Ykdysadyýetde özgertmeleriň geçirilmegi ýurtda bazar gatnaşyklaryň ösmegine getirdi. Munuň üçin hiç hili kynçylyk bolmady. Önümçilik serişdelerine eýeçiligi hiç kim ýitirenokdy. Sebäbi ol döwletiňkidi. Tersine kärhanalaryň ýolbaşçylary puly we häkimligi bar adamlar eýeçilik edindiler Halka bolsa sosializm we döwlet eýeçiligi şertlerinde önümçiligi netijeli guramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak mümkin däldir diýip ynandyryldy. Bu ýagdaýlaryň ählisi ýurduň hiç hili garşylyksyz, gan döküşiksiz bazar gatnaşyklaryna geçmegine ýardam etdi.