Mazmuna geçiň

Russiýa 1917-1922-nji ýyllar aralygynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Russiýa 1917-1922-nji ýyllar aralygynda

M E Ý I LN A M A

1. 1917-nji ýylyň döwlet agdarylyşyklary, olaryň netijeleri.

2. Raýat urşy. Täze ykdysady syýasat.

3. SSSR-iň döredilmegi

Birinji jahan urşy oňa gatnaşan ýurtlaryň ykdysadyýetini weýran etdi. Hojalyk tozgunçylygyny dikeltmek halkyň ýaşaýyş derejesiniň pese gaçmagyna getirdi. Uruşdan soňra ähli ýurtlarda diýen ýaly ilatdan alynýan salgytlar ýokarlanypdy. Weýran bolan hojalygy dikeltmek wezipesi uruşda ýeňlen döwletleriň halklary üçin has-da agyr boldy. Olar ýeňiji döwletleriň halklaryndan esli köp salgyt tölemeli boldular. Çünki ýeňilen döwletler ýeňijilere berilmeli öwez töleglerini öz ýurtlarynyň halkynyň boýnuna atdylar. Ine, şonuň üçin-de ýeňilen “Dörtler bileleşiginiň” döwletleriniň ählisinde-de halkyň närazylygy güýçlendi. Halk urşuň başlanmagynda günäkär bolan öz döwlet ýolbaşçylaryna, syýasy gurluşyga göreşe başlady.

Uruş sebäpli adamlar baýasalar, esasy köpçülik garyplaşdy. Ýaşaýyş gymmatlady. Gedaýlaşan adamlaryň sany ummasyz köpeldi. Ýeter-ýetmez, gedaýlaşan gatlak topalaňa, gozgalaňa ýykgyn edegen bolýar. Çünki olaryň gozgalaňa baş göteräýende-de ýitirjek zady ýok. Bu gatlak ilkinji nobatda durmuşda deňlik isleýärdi. Şu ýagdaýdan peýdalanyp, deňlik ündewlerini alyp barýan sosialistik, kommunistik partiýalaryň wagyzlary netijesinde olar guramaçylykly göreşe aýaga galyp başlapdyrlar. Bu bolsa rewolýusiýalaryň başlanmagyna getirdi. Rewolýusiýalar Russiýada we aglaba uruşda ýeňilen döwletlerde bolup geçdi.

Russiýadaky Baýdak rewolýusiýasy. Russiýada Baýdak rewolýusiýasy halkyň gününiň agyrlaşmagy, dolandyryjylaryň ýurdy ykdysady we syýasy dartgynyklardan alyp çykmakdan ejziligi sebäpli başlanypdy.

Russiýada 1613-nji ýyldan bäri Romanowlaryň neberesi ýurdy dolandyrýardy. Bu neberäniň patyşasy Nikolaý II ganhor lakamyny ýöne ýere almandy. Ol ýurdy köp wagtlap aýalynyň we maşgalasynyň ýakyn adamsy-ruhany Rasputiniň maslahatlary bilen dolandyrypdy. 1916-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-de Rasputin öldürilipdi. Ýurtda syýasy dartgynlylyk güýçlendi. Hut şu pursat käbir döwlet ýolbaşçylary köşk agdarylyşlygyny guramagy ara alyp maslahatlaşdylar. Emma olar dowam edýän patyşalyk döwlet gurluşynyň üýtgetmek pikirinden daşdadylar.

1917-nji ýylyň başynda patşalyga garşy göreşiň esasy merkezleri Petrograd (Sankt-Peterburg) we Moskwa şäherleri boldy. Bu şäherleriň rewolýusion tejribeleri güýçlüdi. 1917-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda “Ýok bolsun patyşalyk”, “Ýok bolsun uruş” şygarlary astynda geçýän halk çykyşlary Petrogradda, Moskwada güýçlendi.

Russiýadaky patyşalyga garşy rewolýusion wakalar 1917-nji ýylyň Baýdak aýynyň 23-de başlandy. Baýdak aýynyň 26-da Petrogradda goşun ýarag ulanyp, halk çykyşlaryny basyp ýatyrmaga synandy. Patyşa hökümetiniň halkara garşy ýarag ulanmagy gozgalaňyň başlanmagyna getirdi. Birnäçe goşun bölümleri rewolýusiýanyň tarapyna geçip, esgerler halka ok atmakdan ýüz öwrüp başladylar.

1917-nji ýylyň Baýdak aýynyň 27-de Petrogradda gozgalaň başlandy. Patyşalykdan närazy 800 müň çemesi adam şäheriň köçelerine açyk göreşe çykdy. Olar şäheriň zyndanlaryndan syýasy tussaglary boşadyp, polisiýany we patyşa wepaly esgerleri ýaragsyzlandyrdylar.

Patyşa Nikolaý II rewolýusiýa başlanan wagty Mogilow şäherinde goşun güýçleriniň baş serkerdebaşysynyň ýanyndady. Şol ýerden merkezdäki wakalary synlaýardy.

Döwlet dumasynyň (parlamentiniň) ýolbaşçylary halk hereketinden gorkup, Nikolaý II bilen gepleşik geçirmek üçin ýörite ygtyýarly adamlary onuň ýanyna ugratdylar. Olar halkdan hem gorkýardylar, patyşalygyň doly ýok edilmeginden-de çekinýärdiler. 1917-nji ýylyň Nowruz aýynyň 2-de Dumanyň wekilleri Nikolaý II-ň hut özüniň goly bilen patyşanyň we ogly Alekseý Nikolaýewiçiň adynadan olaryň targtdan aýrylýandygy hakyndaky taryhy ýazygyny alyp gaýtdylar. Bu dokument Nikolaý II-niň iň soňly sapalagydy. Çünki, entek Rus patyşasy Pawel I-ň döwründe kabul edilen tagt mirasdüşerligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda mirasdüşerleriň her biri öz ykbalyny diňe özi çözmelidi. Nikolaý II ony bilip, bilgeşleýin ogly üçinde özi gol çekipdi. Onuň maksady geljekde tagtdan aýrylmagyny bikanun diýip yglan etmekdi. Nikolaý II öz patyşalyk täjini dogany Mihail Aleksandrowiçe miras goýmakçy boldy. Ýöne Mihail Aleksandrowiç hem täçden ýüz öwürdi. Şeýlelikde Romanowlaryň neberesi patyşalykdan el çekdiler. Döwlet dumasynyň ýolbaşçylary häkimiýeti G.Ý.Lwowyň ýolbaşçylygynda döredilen Wagtlaýyn hökümetiň öz eline alýandygyny jar etdiler. Rewolýusiýasynyň esasy meselesi bolan häkimiýet hakyndaky mesele çözülen ýaly bolsa-da, Wagtlaýyn hökümet resmi ýagdaýda ýurduň ykbalyny öz eline alsa-da iş ýüzünde ýagdaý başgaçarakdy. Wagtlaýyn hökümet esgersiz sekerdebaşa meňzeýärdi. Russiýanyň halky birinji jahan urşuny dowam etdirýän Wagtlaýyn hökümeti däl-de, işçi-daýhan deputatlarynyň Sowetlerini goldaýardy.

Iki häkimiýetlilik. 1917-nji ýylyň Baýdak rewolýsiýasy netijesinde Russiýa 304 ýyllap dolandyran Romanowlaryň neberesiniň hökümdarlygy agdaryldy. Iş ýüzünde bir hepdäniň dowamynda halk patyşalygy agdardy oturyberdi. Wakalaryň şeýle çalt ýaýbanlanmagy netijesinde watlaýyn hökümet hem, Söwetler hem häkimiýeti doly ele alyp bilmediler. Iki häkimiýetlilik emele geldi. Wagtlaýyn hökümet we işçi, esger deputatlarynyň Sowetleri Petrogradda Tawriýa köşgünde ýerleşipdirler. Olaryň ikisi-de biri-birine garşy göreşe başlamakdan häzirlikçe çekinýärdiler.

Iki häkimiýetlilik döwründe Petrograd Soweti Wagtlaýyn hökümet bilen ylalaşyjylyk syýasaty ýöredip başlady. Kommunistik partiýanyň menşewikleriniň täsirinde bolan Petrograd Soweti 1917-nji ýylyň Magtymguly, Oguz aýlarynda Wagtlaýyn hökümeti ähli babatda goldady. Petrograd Sowetiniň goldamagy bilen Wagtlaýyn hökümet 1917-nji ýýlyň Gorkut aýynyň 3-4-de Petrograddaky esgerleriň we işçileriň parahatçylykly ýörişini oka tutdy. Dört ýüze golaý adam öldürildi.

Gorkut wakalary bilen iki häkimiýetlilik döwri gutardy. Ýurtda häkimiýet Wagtlaýyn hökümetiň eline geçdi. Menşewikleriň ýolbaşçylygyndaky Sowetler bolşewikleri ýok etmek üçin Wagtlaýyn hökümeti goldadylar. Kerenskiniň ýolbaşçylygyndaky Wagtlaýyn hökümet bolsa bolşewiklerden ar almaga başlady. W.I.Lenin ýene-de Petrograddan çykyp gaçdy. Russiýada 1917-nji ýylyň syýasy dartgynlygy häkimiýet ugrunda göreşýänleriň sanyny artdyrdy.

Ýurtda syýasy durnuklylyk bolmasa, köplenç harby adamlar häkimiýeti basyp alýarlar. Russiýada-da goşun generaly Kornilow birnäçe ýokary çini harbylaryň goldamagynda Kerenskiden häkimiýeti özüne bermegi talap etdi. Kerenskiý oňa razy bolmady. Wagtlaýyn hökümet Kornilowy “pitneçi” diýip yglan etdi, oňa baş goşun serkerdebaşysy wezipesinden aýyryldy.

General Kornilow häkimiýeti basyp almak maksady bilen, 1917-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Petrogradda harby ýöriş gutardy. Emma Petrograd işçileri we esgerleri Kornilowyň harby diktatura hakyndaky meýillerini puja çykardylar. Kornilowa garşy halk göreşiniň guramaçysy bolşewikler boldy. Bu ýagdaý bolşewikler partiýasynyň abraýyny artdyrdy. Petrogradda we Moskwada, beýleki iri şäherlerde işçiler we esgerler deputatlarynyň Sowetleri bolşewikleriň täsirine geçdiler. Eger-de bolşewikler 1917-nji ýylyň Gorkut aýynyň 3-4-i wakalaryndan soňra “Ähli häkimiýet Sowetlere” diýen şygary ýatyran bolsalar, Kornilowyň Petrogradda ýörişinden soňra Sowetleriň bolşewikleşmegi bilen ýene-de bu şygary dikeltdiler.

Russiýada 1917-nji ýyldaky partiýanyň arasynda bolşewikler häkimiýet ugrunda iň bir tutanýerlilik bilen göreşen, döwlete ýoilbaşçylygy ele almagy başaran syýasy güýç bolup çykdylar. Çünki olar häkimiýetde ornaşýança halkyň iň bir arzuwlaýan isleglerini kanaglatndyrmaga söz bermegi, ynandyrmagy başardylar.

Bolşewikler partiýasynyň 1917-nji ýylyň Gorkut aýynda bolup geçen VI gurultaýy Wagtlaýyn hökümeti ýaragly gozgalaňyň üsti bilen agdarmak wezipesini gün tertibinde goýdy.

1917-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 24-de ýaragly gozgalaň başlandy. Garaşsyzlyk aýynyň 25-de Petrograddaky ýaragly gozgalaň netijesinde häkimiýet bolşewikleriň eline geçdi. 1917-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 25-den 1918-nji ýylyň ýazyna çenli Russiýanyň ähli ýerinde diýen ýaly häkimiýet işçiler we esgerler deputatlarynyň Sowetleriniň eline geçdi.

Şol döwürde Russiýanyň baknasy bolan türkmen halky hem rewolýusiýa netijesinde köp ejir çekdi. Müňlerçe maşgalalar öz ata Watanyny taşlap daşary ýurtlara gitmäge mejbur boldy. Galanlary-da biri-birine, hat-da dogan-dogana garşy goýuldy. Ençeme bigünä türkmen Russiýadaky syýasatynyň nähak pidasy boldy. Ruhy, maddy taýdan ýitirilen ýitgileriň bolsa “sanasaň sogaby bar”.

Sowetler ýurdy dörän döwründen başlap 20-nji ýyllaryň başlaryna çenli graždanlyk urşunyň we daşary ýurtlaryň 14-siniň çozuşlarynyň jebrini çekipdi. Aç-açan uruşlar gutaran-da bolsa, entek ýurt syýasy we ykdysady babatda halkara gabawundady. Daşary syýasatda esasy wezipe gabawy böwsüp, dünýä döwletleri bilen kadaly syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary dikeltmekden ybaratdy. Dünýäniň iri döwletleri sowet Russiýasyny ykrar etmekden saklanýardylar.

Sowet döwleti kem-käs eglişikler edip Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Finlýandiýa ýaly goňşy döwletleri bilen şertnamalary baglaşdy. Aziýaly goňşular bolan Türkiýe, Eýran, Owganystan, Mongoliýa bilen 1921-nji ýylda şertnamalr baglaşyldy. Bu şertnamalar Russiýanyň serhetleriniň berkleşmegine ýardam etdi.

1921-nji ýylda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Norwegiýa ýaly döwletler bilen sowet hökümetiniň arasynda söwda ylalaşyklaryna gol çekildi. Sowet hökümeti 1921-nji ýylda Germaniýa bilen şertnama baglaşdy.

1924-nji ýylda Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Awstriýa, Daniýa we ş.m. döwletler bilen SSSR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Diplomatik gabaw böwsüldi.

Birinji jahan urşy, rewolýusiýalar, raýat urşy we daşary ýurt çozuşlary netijesinde Orsýet 20 mln gowrak adamsyny ýitiripdi. Senagat we oba hojalyk önümçiligi pese gaçypdy. Azyk ýetmezçiligi güýçlenipdi. Bolşewikler hökümetinden närazylyk güýçlendi-Russiýa mydama mahsus “näme etmeli?” diýen sorag örboýuna galdy.

Halk uruş döwri horluklara, artyk önümleriniň ellerinden zorluk bilen alynmagyna çydapdy. Graždanlyk urşy döwründe girizilen “Harby kommunizm” syýasaty indi möwrütini geçiripdi. Bu syýasat oba bilen şäheriň, daýhan bilen işçiniň, halk bilen goşunyň arasynda garşylyklary ýitileşdirdi. Tambow, Woronež welaýatlarynyň daýhanlary 1920-nji ýylyň güýzünde artyk önümleriniň zorluk bilen alnyp gidilmegine garşy gozgalaňa başladylar. Gozgalaňlar rewolýusiýanyň garşysyna guralýan hereketler hökmünde häsiýetlendirilip, goşun bilen basylyp ýatyryldy. Emma goşundaky esgerler hem täze hökümetden närazydyrlar.

Sowet hökümeti zähmetkeşlerden artyk önümleriniň zorluk bilen alynmagynyň, bazarda söwda etmegiň gadagan edilmeginiň, ähli senagat kärhanalarynyň umumy döwlet eýeçiliginiň, halkyň baýamaga bolan isleginiň öňüne böwet goýulmagynyň ýurduň ykdysady ösüşine ýaramaz täsir edýändigi üçin “harby kommunizm” syýasatyny ýatyrdy. Täze ykdysady syýasaty jar etdi. Täze ykdysady syýasat boýunça indi daýhan özünden artyk önümi bazarda erkin satyp, özüne gerek harytlary satyn alyp bilýärdi. Artyk önümiň zorluk bilen alynmagyny ýatyryp, kesgitli azyk salgydy girizildi. Daýhan azyk salgydyny töläp galan önümine erkin eýeçilik edip başlady. Indi daýhan artyk önümini döwletden girizilmegini bes etdi. Söwda ösdi. Senagatda täze ykdysady syýasata geçmeklik başlandy. Iri we orta senagat kärhanalary hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Olar indi öz-özüni dolandyrmalydy, maliýeleşdirmelidi, peýda almalydy. Birnäçe maýda kärhanalar hususyýetçilere gaýtarylyp berildi. Hususy kärhana açmaga rugsat berildi. Kärhana eýelerine 10-20 sany işçini hakyna tutmaga ygtyýar berildi. Ähliumumy zähmet borçlulygy hakynda kanun ýatyryldy. Döwlet işinden çetleşip telekeçilik işi bilen meşgullanmaga hukuk berildi. Daşary ýurtly telekeçilere ýurtda işlemäge, baýamaga rugsat berildi.

Täze ykdysady syýasat belli bir derejede haryt-pul gatnaşyklarynyň ösmegine getirdi. Öňki Russiýa patyşalygynyň çäklerinde 20-nji ýyllaryň başlarynda sowet sosialistik respublikalaryň alty sanysy Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Belarussiýa, Azerbeýjan, Ermenistan, Gruziýa bardy. Bu altysy entek graždanlyk urşy gidýärkä has-da ýakynlaşyp, biri-birini ähli mümkin bolan ugurlarda goldapdyrlar. Öz aralarynda harby, syýasy birleşme hakynda şertnamalar baglaşypdyrlar. Respublikalar suw we demir ýollaryny dolandyrmaklygy birleşdiripdirler, olaryň puly birdi. 1921-1922-nji ýyllarda beýleki respublikalaryň adyndan halkara gepleşiklerinde wekilçiligi köplenç Russiýa amala aşyrýardy. Respublikalaryň arasynda diplomatik birleşme döräpdi.

20-nji ýyllaryň başlarynda ykdysady we medeni ysnyşyklar güýçlenipdi. Bolşewikler ol respublikalary bir döwlete birleşdirmek ugrunda göreşýärdiler. 1922-nji ýylda Azerbeýjan, Gruziýa, Ermenistan birleşip, Zakawkaziýe Federatiw Sosialistik Respublikasyny döretdiler.

Respublikalaryň ählisiniň bir döwlete birleşmeginiň ähmiýetli boljakdygy barada giň düşündiriş işleri geçirildi. Şol işleriň dowamynda daşky duşmandan goranmak üçin-de, ýurdy bir merkezden dolandyryp, sosializm gurluşygyny çaltlandyrmak üçin-de birleşmegiň zerurlygy ündeýädi.

Geljekki döredijilik birleşmede respublikalaryň hukuklary nähili bolmalydy? Ine, bu meselede jedeller başlandy. I.Stalin respubliklara awtomatiýa hukugyny berip, olary Russiýa Federasiýasyna birleşmegi teklip etdi. W.I.Lenin bolsa respublikalaryň meýletin birleşmekleri esasynda Sowet Sosialistik Respublikalaryň birleşmesini-soýuzyny döretmegi öňe sürýärdi. Bu birleşmede respublikalar deň hukukly bolmalydy. Gerek bolsa birleşmeden erkin çykmaga rugsat berilmelidi. Jedellerde ikinji pikir ýeňiji bolup, täze döwlet birleşmesini döretmeklige taýýarlyk işleri başlanýar.

1922-nji ýylyň Bitarapyk aýynyň 30-da täze birleşme girýän respublikalaryň Söwetleriniň birinji gurultaýy SSSR-iň döredilýändigini jar etdi. SSSR-iň düzümine Russiýa, Ukraina, Belorussiýa we Zakawkaziýe Sowet Sosialistik respublikalary girdiler. 1924-nji ýylda döredilen Türkmenistan we Özbegistan SSSR-leri 1925-nji ýylda onuň düzümine girizildi. 20-nji ýyllaryň ahyrynda 30-njy ýyllaryň başlarynda Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystna Sowet Sosialistik respublikalary SSSR-iň düzümine birleşdiler. Soňra onuň düzümi girjäk döredilen sowet respublikalary goşuldylar. 1924-nji ýylda SSSR-iň ilkinji Konstitusiýasy kabul edilýär. SSSR döredilende-de, onuň ilkinji konstitusiýasy ýazylanda-da “dünýä rewolýusiýasy tizlikde amala aşar” diýen hamhyýallykdan ugur alnypdy. SSSR-iň ilkinji konstitusiýasy dünýäniň islendik ýerinde dörän Sowet Sosialistik Respublikasynyň SSSR-e girmegine mümkinçilik döredýärdi. SSSR-iň döwlet ýolbaşçylary dünýä rewolýusiýasy netijesinde SSSR-i bütindünýä döwletine öwürmek pikirienden daşda däldir. Konstitusiýada: “SSSR-iň döredilmegi ähli ýurtlaryň zähmetkeşleriniň bütindünýä Sowet Sosialistik Respublikasyna birleşmeklik ýolunda täze, aýgytly ädimler” diýlip görkezilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

SSSR dili, dini, däp-dessurlary, ykdysady ösüş derejesi we ş.m. boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýan halklaryň birleşmesidi. Beýle imperiýanyň deň hukuklygy diňe kagyz ýüzündeligine galdy. Iş ýüzünde edil patyşa Russiýasynda boluşy ýaly ähli meseleler merkezden çözülýärdi. SSSR-iň döremegi bilen merkezleşdirilen dolandyrylyşa geçmäge başlanyldy. W.I.Leniniň keseli beterläp, agyr hassa halda ýatyrka, birnäçe makalalary dil üsti bilen aýdyp, ýazdyrýar. Olarda ýurtda sosializm gurmagyň meýilnamasy beýan edilipdi. Sosializmiň esasalary hökmünde ol senagaty düýpli ösdürmegi (industrializasiýa), oba hojalygynda daýhanlary umumylaşdyrylan hojalyklara (kolhozlara) birleşdirmek we halk köpçüliginiň sowatlylygyny artdyrmagy (medeni rewolýusiýa) öňe sürüpdi. Bu çäreleri durmuşa geçirmeklikde esasy agram oba ilatynyň gerdenine düşdi. Täze ykdysady syýasat döwründe kem-käs erkinlik alan hususyýetçiler ýok edilip başlandy. 20-nji ýyllary ahyrlaryndan başlap buýruk berijilik düzgüniniň ornaşmagy bilen täze ykdysady syýasatyň öňüne böwet basyldy.