Rihard Awenarius
![]() |
Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Rihard Awenarius (nem. Richard Heinrich Ludwig Avenarius 19-njy noýabr, 1843, Pariž — 18-nji awgust 1896, Sýurih) — şweýsar filosof-idealisti, empiriokritisizmi esaslandyryjylaryň biri. Awenariusyň filosifiýasy Berkliniň, Ýumuň subýektiw idealizmini täzeden dikeltmäge synanyşykdyr. Onuň pikiriçe tejribe real dünýäniň aňda şöhlelenmesi bolman, aňyň içki mazmunydyr. Ol ruhy we maddy zatlary aňyň dürli elementleri hasaplaýar. Olaryň arasyndaky gatnaşyk adam bilen daşky dünýä arasyndaky gatnaşyk bolman, duýgynyň dürli elementleriniň gatnaşygydyr. Ol üçin aň bolmasa, materiýa ýok. Bu - dünýäniň materiýalaýyndagyny inkär edýär. Onuň tassyklamagyna görä ylym hadysalaryň arasyndaky sebäpli baglanyşygy öwrenmän, subýektiw tejribäniň gazananyny tertipleşdirmelidir.