Mazmuna geçiň

Puluň gelip çykyşynyň taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Puluň gelip çykyşynyň taryhy.

  Pul ykdysadyýetde iň gerek zatlaryň biridir. Ol harydyň alyş-çalyş  gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir.  
Şeýlelikde harydyň  gymmaty  önümçilikde  döreỳär.  Emma  gymmat  şol harydyň başga haryda deňeşdirilmegi arkaly alyş-çalyş gymmaty görnüşinde ỳüze çykỳar. 

Mysal üçin, öňki döwürlerde adamlar gündelik zerurlyklaryny garşylamak üçin bazar döredipdirler. Adamlar bazara baranda öz zerurlyklaryny garşylamak üçin bazara baranda hökman ýany bilen çalyşyp (satyp) biljek harytlaryny ýany bilen getirmeli sebäbi bazarda häzirki ýaly pul ýokdy soňra olar getiren harytlary bilen özüne zerur bolan haryt bilen çalyşmaly bolupdyrlar. Emma adamlaryň islegleri çäksiz bolany üçin harytlaryny çalyşmak isleýän adamlaryň hem dürli zerurlyklary we islegleri bolupdyr we beýleki çalyşmak isleýän adam hem islegini kanagatlandyrmaly bolupdyr meselem bir adama 1 halta bugday gerek bolsa we özünde hem mata getiren bolsa şol ýerde bugdaýy satmak isleýän adam hem bir palta gerek bolsa beyleki bugdaý satyn almak isleýän adam oň palta satyn alyp bermeli bolupdyr emma shol adam palta satýan adamyň hem gerek zady bardyr. Ýagny bazardaky adamlaryň islegini ýerine ýetirýänçäň şol zat maňa gerek däl diýip gaýtmaly bolýaň. Ýenede bir zat ol hem bugdaýyň palta bilen deň bolmajaklygy belli. Emma şeýle bolsada bazara zerurlyk duýulypdyr.

Öz gymmatyny başga bir harydyň isleg ödeỳiş gymmatynyň üsti bilen aňladỳan haryt, ỳagny biziň  mysalymyzda  palta  gymmatyň  otnositel  görnüşinde  durỳar.  Haỳsy  harydyň  isleg ödeỳiş  gymmaty  başga  bir  harydyň  gymmatyny  aňladỳan  bolsa,  ỳagny  biziň  getiren mysalymyzda bugdaý –  gymmatyň  ekwiwalent  görnüşinde  durỳar.  Eger  haryt  gymmatyň otnositel  görnüşinde  durỳan  bolsa,  ol  alyş-çalyşda  aktiw  orun  tutýar.  Munuň  tersine, ekwiwalent bolup hyzmat edỳän haryda passiw orun degişlidir. Şu  ỳerde  alyş-çalyş  gymmatynyň  ỳönekeỳ  görnüşinden  başlap,  tä  pul  görnüşine çenli ösüş ỳoluna ser salalyň.  

Haryt önümçiliginiň ilkinji ỳüze çykan ỳagdaỳynda, alyş-çalyş tötänleỳin amal edilipdir. Ilkidurmuş obşinalary tötänleỳin dörän artykmaç önümlerini öz aralarynda çalşypdyrlar. Bu ỳerde haỳsy-da bolsa bir haryt, gös-göni başga bir haryda çalşylypdyr. Muňa göz ỳetirmek üçin ỳokardaky getirilen mysalymyzy ỳatlamak ỳeterlikdir (1 palta = 20 kg dänä). Alyş-çalyş gymmatynyň bu görnüşine gymmatyň ỳönekeỳ ỳa-da tötänleỳin görnüşi diỳilỳär. Jemgyỳetiň ösüşiniň dowamynda zähmet bölünişigi gitdigiçe çuňlaşỳar. Ilkidurmuş – obşina gurluşy mahalynda zähmetiň ilkinji iri jemgyỳetçilik bölünişigi, ỳagny maldarçylygyň ekerançylykdan bölünip aỳrylmagy bolup geçỳär. Şonuň netijesinde harytlaryň sany köpelỳär, alyş-çalyş birsyhly bolup durỳan hadysa öwrülỳär. Indi şol bir haryt birnäçe harytlar bilen çalşylyp ugraỳar. Mysal üçin:

    1 goỳun    =  30 kg dänä =19 m mata =5 palta =4g altyna we ş.m.  çalşylyp  bilner.  Şu  ỳerde  bir  haryt  (goỳun)  özüniň

gymmatynybirnäçe hartylaryň isleg ödeỳiş gymmatynda aňladỳar. Alyş-çalyş gymmatynyň ösüşiniň bu görnüşine gymmatyň doly ỳa-da ỳaỳbaňlandyrylan görnüşi diỳilỳär. Alyş-çalşyň ösüşiniň bu basgançagynda harytlaryň biri-birine gönüden-göni çalşylmagy entäk aradan aỳrylmaỳar. Bu bolsa alyş-çalşyň ỳaỳbaňlanmagyna belli bir derejede päsgel berỳär.

Jemgyỳetçilik  zähmet  bölünişiginiň  mundan  buỳana    çuňlaşmagy  bilen  ähli harytlaryň  arasyndan  has  ỳörgünli,  hyrydarly bolan bir  haryt  saỳlanyp  çykỳar.  Beỳleki harytlaryň hemmesi özleriniň gymmatyny şol

saỳlanyp çykan haryt bilen aňladyp ugraỳar. Ol saỳlanan haryt bolsa beỳleki harytlaryň ählumumy ekwiwalenti hökmünde çykyş edỳär. Ählumumy ekwiwalent diỳip nämä düşünmeli? Islendik beỳleki haryda gös-göni alyş-çalyş etmäge ukyby bolan haryda ählumumy ekwiwalent diỳilỳär. Ählumumy ekwiwalentiň peỳda bolmagy alyş-çalşy ỳeňilleşdirỳär, hem-de bir harydyň başga bir haryda gönüden-göni çalşylmagynyň ỳitip gitmegine esas döredỳär. Alyş-çalşyň ösüşiniň bu basgançagynda gymmat özüniň doly ỳa-da ỳaỳbaňlandyrylan görnüşinden ählumumy görnüşine geçỳär. Ony şu aşakdaky ỳaly görkezmek bolar: 1 goỳna = 30 kg däne =19m mata =5 palta= 4 g altyn we ş.m.

   Şu ỳerde bir zady belläp geçeliň. Ýagny ählumumy ekwiwalentiň orny entäk belli bir haryda berkidilmändir. Ol orny aỳry-aỳry ỳerlerde, ỳurtlarda dürli-dürli harytlar ỳerine ỳetiripdir. Käbir ỳerlerde ählumumy ekwiwalent ornunda duz, başga ỳerlerde mal, ỳene bir ỳerlerde deri ỳa-da pil süňki we ş.m. çykyş edipdir.  

Ählumumy ekwiwalentiň köp dürliligi alyş-çalşa belli bir derejede päsgel beripdir. Haryt gatnaşyklarynyň mundan beỳläk hem ösmegi, ähli ỳerde ỳeke-täk ekwiwalente geçilmegini talap edipdir. Ählumumy ekwiwalentiň ornunyň haỳsy hem bolsa bir haryda, ỳagny altyna berkidilmegi gymmatyň pul görnüşiniň ỳüze çykmagyna getiripdir. Ony şeỳle görkezmek bolar: 4 g altyna = 5 palta= 19m mata= 30 kg däne =1 goỳun we ş.m.

    Puluň  peỳda  bolmagy  bilen  harytlar  dünỳäsi  iki  bölege  bölünipdir.  Onuň  bir böleginde ỳönekeỳ harytlar, beỳleki bir böleginde bolsa, pul harydy bolỳar. Puluň kömegi bilen  galan hemme harytlaryň gymmaty aňladylỳar. Pul ählumumy isleg ödeỳiş gymmaty hökmünde  çykyş  edỳär.  Diỳmek,  pul  bu  ählumumy  ekwiwalentlilik  wezipäni  ỳerine ỳetirỳän aỳratyn bir harytdyr.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti Ilmämmedow Didar 3-nji ýyl talyp