Mazmuna geçiň

Psihologiýa düzgünleri we gurluşy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Islendik ylym özunin owrenýan ders hadysalary, olary dernemek usullary bilen tapawutlanýar. Psihologiýa bu babatda duýpli özboluşlylyk mahsusdyr. Bizin ata-babalarymyz psihikany adamyn bedenine salnan, görýan, esidýan, syzýan, zatlary seljeriji, başga bir gurluş hasiýetde duşunipdirler. XX asyrda psihologiýa öz wajyp meselelerini ylmy esasda çözmekligi işläp düzmäge girişýär. Häzirki döwürde psihologiýanyň öz aýratyn predmeti, özboluşly wezipeleri we olary ýörite öwreniş usuly bardyr: oňa ýörite edaralar (institutlar, laboratoriýalar, psiholog hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri), žurnallar we ýöriteleşdirilen neşirýatlar degişlidir. Halkara psihologik maslahatlar yzygiderli çagyrylýar, psihologlar ylmy assosiasiýalara we jemgyýetlere birleşýärler. Psihologiýanyň adam hakyndaky ylymlaryň iň bir möhümleriniň biridigine häzirki döwürde hemme ýerde düşünilýär. Psihologiýa ähli beýleki ylymlardan tapawutlylykda filosofiýa bilen has ýakyn arabaglanyşykda bolýan ylymdyr. Häzirki zaman ylmy psihologiýanyň esasynda ylmy filosofik düşünjeler, psihika obýektiw reallygy şöhlelendiriji beýniniň funksiýasy hökmünde garamaklyk esasy ýörelgeleriň biridir. Psihologiýa ylmy psihikanyň adamyň işindäki we ösüşindäki roluny aýdyňlaşdyrmak bilen, bu maksady amala aşyrmak üçin psihiki prosesleri häsiýetlendirýän ylmy hadysalary öwrenýär we olara çuňňur analiz berýär. Häzirki zaman psihologik akymlarynyň, ugurlarynyň ylmylyk derejesi olaryň nähili derejede öz predmetini we takyk derňew usullaryny dialektiki nukdaýdan esaslandyryp bilmekligi bilen kesgitlenýär. Eýsem, bu babatda häzirkizaman psihologiýasy nähili ýagdaýdadyr? Häzirkizaman psihologiýasynda, bir tarapdan, pikiriň, ideýanyň işjeňligine, özgerdiji güýjüne aşa baha berýän idealistik dünýägaraýyş bilen aýrylmaz ýagdaýda durýan psihologik akymlar, başga bir tarapdan, akyl ýetiriş prosesinde maddy mazmun tarapa aýgytlaýjy ähmiýet berýän materialistik häsiýetdäki psihologiýa bardyr. Häzirki zaman psihologik akymlarynyň, ugurlarynyň ylmylyk derejesi olaryň nähili derejede öz predmetini we takyk derňew usullaryny dialektiki nukdaýdan esaslandyryp bilmekligi bilen kesgitlenýär. Eýsem, bu babatda häzirkizaman psihologiýasy nähili ýagdaýdadyr? Häzirkizaman psihologiýasynda, bir tarapdan, pikiriň, ideýanyň işjeňligine, özgerdiji güýjüne aşa baha berýän idealistik dünýägaraýyş bilen aýrylmaz ýagdaýda durýan psihologik akymlar, başga bir tarapdan, akyl ýetiriş prosesinde maddy mazmun tarapa aýgytlaýjy ähmiýet berýän materialistik häsiýetdäki psihologiýa bardyr. Häzirkizaman psihologiýasynyň esasy meselelerini işläp düzmeklige beýik tebigaty öwreniji Ç.Darwiniň ewolýusion ideýalary has uly täsir etdi. Darwine haýwanlaryň ewolýusion ösüş ideýasyny olaryň instinktiw özüni alyp barşynyň gelip çykyşyny düşündirmeklikde ulanmak başardýar. Ol bedeniň we onuň aýry-aýry organlarynyň biologik ösüş prosesinde üýtgemegine sebäp bolýan esasy şertleriň (has takygy tebigy seçginiň) filogenezde psihiki ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýanlygyny görkezýär. Darwiniň haýwanlaryň psihologiýasynyň ewolýusiýasy baradaky ideýalary köp alymlaryň, aýratyn hem A.N.Sewersowyň we W.A.Wagneriň işlerinde ösdürilýär. Bu bolsa haýwanlaryň psihikasynyň dürli görnüşlerine olaryň gelip çykyşy boýunça seretmeklige mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, ewolýusion taglymat, bir tarapdan, özüňi alyp barşyň nesil boýunça programmirlenen instinktiw görnüşiniň gelip çykyşyny, ikinjiden bolsa ýaşaýyş prosesinde gazanylýan, çylşyrymly şertli refleksleriň döremegi esasynda ýüze çykýan görnüşini düşündirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, häzirkizaman psihologiýasy özüniň özbaşdak ylym hökmündäki ösüşinde berk ylmy-tebigy esasa daýanýar. Psihologiýany ylmy taýdan öwrenmek tebigaty öwrenişiň kanunlaryny (umumy biologiýanyň, fiziologiýanyň, ewolýusion taglymatyň we ş.m.) bilmekligi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde psihologiýanyň birnäçe şahalary, öňi bilen hem deňeşdirme psihologiýasy, zoopsihologiýa, etologiýa we beýlekiler tebigaty öwrenişiň bölümleri bolup durýar.

XI asyr önümçiligiň görlüp-eşidilmedik möçberde ösüşiniň, tehnikanyň täze görnüşleriniň, arabaglanyşyk serişdeleriniň ýüze çykmagynyň, elektronikany, awtomatikany peýdalanmaklygyň, sesden ýokary çaltlykdaky ulaglaryň täze görnüşlerini özleşdirmegiň we beýleki uly özgerişleriň döwri bolup durýar. Bu zatlar häzirkizaman tehnikasy bilen iş salyşýan adamyň psihikasyna uly talaplar bildirýär. Häzirki zaman senagatynda, transportda, harby işde psihologik faktor diýlip atlandyrylýan, adamyň psihikasynyň akyl ýetiriş ulgamyndaky (kabul ediş, ýat, pikirlenme), onuň şahsyýetiniň aýratynlygy bolup durýan sypatlaryndaky (häsiýet, temperament, reaksiýanyň çaltlygy we ş.m.) aýratynlyklary göz öňünde tutmakdan gelip çykýan faktoryň ähmiýeti örän uludyr. Meselem, gysga möhletde jogapkärli netijä gelmek (şeýle ýagdaýlar sesdenem çalt uçýan häzirkizaman awiasiýasynda, uly energosistemalaryň dispetçer-operatorlaryň işinde we ş.m.ýygy-ýygydan duş gelýär) zerurlygy bilen döreýän nerw-psihiki dartgynlyk wagtynda şahsyýetde bu işi ýalňyşsyz, gyşarnyksyz alyp barmaga mümkinçilik berýän birnäçe häsiýetleriň bolmagy örän möhümdir. Bu häsiýetleriň bolmazlygy awariýalaryň bolmagyna getirýär. Işiň çylşyrymly görnüşleriniň bildirýän talaplaryna degişlilikde adamyň psihologik mümkinçiliklerini öwrenmek häzirkizaman psihologiýasynyň bu prosesde örän uly rolunyň bardygyny subut edýär. Ỳokarda aýdylanlardan görnüşi ýaly, psihologiýa birnäçe ylymlaryň çatrygynda durýar. Ol filosofiýa, tebigy, sosial ylymlaryň arasynda aralyk orny eýeleýär. Psihologiýanyň bu ylymlara ýakynlygy, hat-da olaryň birnäçeleri bilen käbir ugurlary bilelikde öwrenýänligi onuň özbaşdak ylymlygyny inkär etmeýär. Bu ugurlaryň ählisinde psihologiýa öz predmetini, teoretiki düzgünlerini, bu predmeti öwrenýän öz hususy ugruny saklaýar. Psihologiýanyň meseleleriniň köptaraplylygy, onuň şol bir problemalary beýleki köp sanly ylymlar bilen özleşdirmekligi bu ylmyň üns merkezinde dünýä progresiniň esasy hereketlendirijisi bolan adamyň durýanlygy bilen düşündirilýär. Ähli ylymlar, bilimleriň ugurlary özleriniň diňe adama hyzmat edýänligi, ony kuwwatlandyryp bilýänligi, adam tarapyndan döredilýänligi we ösdürilýänligi boýunça doly manysyny gazanýarlar. Psihologiýanyň mundan beýläk ösüşi onuň ugurdaş ylymlar bilen arabaglanyşygynyň ýaýbaňlanmagy, şol bir wagtyň özünde hem özüniň aýratyn predmetini saklamaklygy boýunça amala aşyrylýar. Ỳokarda görkezilişi ýaly, psihiki hadysalara düşünmeklik we olara çemeleşmek köp derejede alymlaryň dünýägaraýşyna, filosofiki ugrukmasyna baglydyr. Häzirkizaman psihologiýasy psihiki durmuşyň mazmunyna we häsiýetine akyl ýetirmekde daşary ýurt psihologiýasynyň baý tejribesine daýanýar. Taryhyň soňky 60-70 ýylky ösüşinde belli bir üýtgeşmelere sezewar bolan-da bolsa, eýýäm XX asyryň başlarynda häzirkizaman günbatar psihologiýasynyň mazmunyny kesgitleýän esasy akymlary döräpdi. Olara ilki bilen bihewiorizm we freýdizm degişlidir. Bihewiorizm (behavoriour – özüňi alyp baryş diýen sözden) psihologiýanyň ilki ABŞ-da haýwanlarynyň özüni alyp barşyny synlamaklygyň (D.Uotson, E.Torndaýk we beýlekiler) netijesinde dörän ugrudyr. Bihewiorizmiň esasynda psihikany, aňy öwrenmekde adamyň içki dünýäsini düzýän subýektiw hadysalara ýüzlenmek hökman däldir; bu maksat üçin adamyň daşky özüni alyp barşyny synlamak ýeterlikdir diýen garaýyş durýar. Psihologiýanyň predmeti diňe özüňi alyp baryş hasap edilip, ylym hökmünde özüňi alyp barşyň we gurşawyň arabaglanyşyk kanunalaýyklygyny öwrenmek ilkinji orunda goýulýar. Bihewioristiň pikiriçe psihologiýanyň wezipesi duýgy organlaryna täsir edýän stimuly (S) ýagny gyjyndyryjyny bilmekligiň esasynda (söz gatmak, ok atylmagy, surat we ş.m.) oňa nähili jogap reaksiýa (R) boljakdygyny öňünden kesgitlemekden ýa-da reaksiýany bilip, ony haýsy stimulyň döredendigini kesgitlemekden ybaratdyr. Klassyky bihewiorizmiň formulasy: S – R. Özüniň derňewini esasan daşky özüňi alyp barşy öwenmekde çugdamlaýan bu taglymatyň esasynda adamyň işini höweslendirmegiň wagt, stimul şertlerine laýyklyda režimini esaslandyrmak, dolandyryşyň netijeli usullaryny işläp düzmek boýunça köp sanly amaly ornaşdyrmalar gazanylandyr. Freýdizm (Wenaly psihiatr we psiholog Z.Freýdiň ady boýunça) bihewiorizm bilen bir hatarda XX asyr günbatar psihologiýasynyň iň bir täsirli ugurlarynyň biridir. Freýdizmiň nukdaýyndan adam psihodinamiki güýçleriň toplumyndan durýar. Onuň özüni alyp barşy iki düzgüne tabyndyr: “Eşret düzgünine” (bu ýerde esasan haýwanlaryň instinkti kimin jyns meýliniň ýüze çykmagy göz öňünde tutulýar) we “reallyk düzgünine” (jemgyýetiň talaplary boýunça döreýän jynsy meýilleriň edil müýnli we gadagan zat hökmünde basylmak zerurlygy). Eşret we reallyk düzgünleriniň çaknyşmaklary netijesinde kanagatlandyrylmadyk meýiller aňlanylmaýan ulgama gysylyp çykarylyp, olar şol ýerden adamyň özüni alyp barşyny dolandyrýarlar. Freýdizmiň adamy göýä dolandyryp bolmaýan instinktiw meýilleriň oýnawajyna öwürýän we ony aňlanylmaýan garaňky güýçleriň toplumy hasaplaýan taglymaty tutuş jemgyýetiň ösüşini hem şol meýilleriň dinamikasyndan düşündirmeklige synanyşýar. Jahan uruşlarynyň, meselem, gutulgysyzlygy göýä adamda ilkibaşdan agressiw instiniktleriň barlygyndan getirilip çykarylýar.

Häzirki wagtda bihewiorizmiň we freýdizmiň “klassyky” görnüşi dürli “çagalyk” akymlara (“neobihewiorizm”, “neofreýdizm” we ş.m.) çalyşyp,olaryň adaty häsiýetleri köp derejede özgerdi. Bu akymlaryň täze ugurlarynda, bir tarapdan adamyň psihikasynyň öwrenilişinde daşky özüňi alyp baryş bilen bir hatarda içki pshiki hadysalar hem nazarda tutulsa, başga bir tarapdan psihikanyň döreýşinde we hereketlenişinde instinktler bilen bir hatarda daşky sosial-medeni täsirleriň ähmiýeti hem ykrar edilýär.
	

1923-nji ýylda Birinji Psihonewrologik gurultaýda K.N.Kornilow tarapyndan psihologiýany marksistik esasda gurmak wezipesi goýulýar. Marksist psihologlaryň bu ylmy dialektiki-materialistik esasda gurmak ugrundaky göreşiniň netijesi bolan ideýa-taglymat göreşiň dowamynda psihologiýanyň predmetiniň we usullarynyň ylmy düşündirilişi, möhüm düzgünleriniň we psihologik meseleleriniň esaslandyrylyşy amala aşyrylýar, onuň ugurdaş ylymlara gatnaşygy anyklanyp, öňki SSSR-de psihologiýa ylmynyň döremeginde ajaýyp rol oýnan ylmy kadrlar ösýär. Eýýäm 30-njy ýyllaryň ortalaryna marksistik psihologiýa ylmynyň esasy düzgünleri: determinizm-sebäpli dörediliş düzgüni, aňyň we işiň birlik düzgüni, psihikanyň işde ösüşi düzgüni esaslandyrylýar. Determinizm düzgüni psihikanyň ýaşaýyş keşbi bilen kesgitlenip, onuň ýaşaýyş keşbiniň üýtgemegi bilen üýtgeýänligini aňladýar. Eger haýwanlaryň psihikasy barada aýdylsa, olaryň psihikasynyň ösüşi biologik kanun hökmünde tebigy seçgi bilen kesgitlenýär. Adamyň aňy bolsa özüniň gelip çykyşy, görnüşi we ösüşi boýunça,ahyrky netijede, maddy ýaşaýyş serişdeleriniň öndüriliş usulynyň ösüş kanunlary bilen kesgitlenýär. Adam aňynyň jemgyýetçilik işi arkaly döreýänligi baradaky bu umumy düzgünden gelip çykýan möhüm netije – adam aňynyň jemgyýetçilik-taryhy häsiýetde düşünilmegidir. Aňyň we işiň birligi düzgüni, bir tarapdan, aňyň we işiň bir-birine gapma-garşy däldigi, şol bir wagtyň özünde hem olaryň şol bir zat däldigi görkezilip, olaryň birlik döredýänligini nygtaýar. Aň işiň içki meýilnamasyny, onuň programmasyny döredýär. Hut aňda obýektiw hakykatyň dinamiki modeli döräp, onuň kömegi bilen adam daşky sredada oriýentirlenýär. Watan psihologiýasynyň şol döwürdäki pozisiýasy Dekartdan gözbaşyny alyp gaýdýan psihikany fiziki sebäplilik kanunlaryna tabyn bolýan amaly işden, hereketlerden, öňüni alyp baryşdan aýyrýan birtaraplaýyn, idealistiki düşüňjelerden düýpgöter tapawutlanýar. Şeýle-de watan psihologiýasynyň nukdaýy bu ylmyň predmetini özüňi alyp baryş hereketlerine syrykdyrýan, aňyň barlygyny ýa-da ýoklugyny deň hasaplaýan bihewioristik düşünjelerden-de düýpgöter tapawutlanýar. Aňyň we işiň birlik düzgüni psihologlara özüňi alyp barşy işi öwrenip, hereketleriň maksadyna üstünlikli ýetmegiň, içki psohologiki mehanizmlerini aýdyňlaşdyrmaga, başgaça aýdanyňda, psihikanyň obýektiw kanunlaryny açmaga kömek edýär. Psihikanyň, aňyň işde ösüş düzgüni psihikanyň mazmunyna dogry düşünmeklik we takyk düşündirmeklik haçan-da psihika işiň we ösüşiň önümi hökmünde seredilende gazanylýandygyny aňladýar. Häzirkizaman psihologiýasy dürli osüş derejeli amalyýetiň dürli ugurlary bilen baglanyşykly köp sanly ylmy predmetleriň ýaýraň ulgamyndan durýar.

Eýsem psihologiýanyň bu köp sanly şahalaryny  nähili  görnüşlere bölmek  bolar? 

Şeýle görnüşlere bölmäniň degişli mümkinçilikleriniň biri ýokarda görkezilen psihikanyň işde ösüş düzgüni bolup durýar. Şondan ugur alyp psihologiýanyň şahalarynyň esasy görnüşleri hökmünde: 1) takyk işiň, 2) ösüşiň, 3) adamyň (ösüşiň we işiň subýekti manysynda) jemgyýete (ösüşiň we işiň bolup geçýän ýeri) gatnaşygynyň psihologik taraplaryny görkezmek mümkin. Eger bölmäniň şeýle esasy kabul edilse, psihologiýanyň adamyň takyk işleriniň görnüşiniň psihologik meselelerini öwrenýän ugurlaryny ýüze çykarmak mümkin. Bu ugurlaryň arasynda göwrümi boýunça has giň ýa-da has çäkli bölümleri bardyr. Zähmet psihologiýasy adamyň zähmet işiniň psihologik aýratynlygyny, zähmeti ylmy taýdan guramaklygyň (ZYG) psihologik taraplaryny öwrenýär. Zahmet psihologiýasynyň wezipesi adamyň professional aýratynlyklaryny, zähmet endikleriniň ösüşiniň kanunlaryny, önümçilik prosesiniň, enjamlaryň gurlusynyn we ýerleşişiniň, signalizasýa serişdeleriniň zähmetkeşe edýän täsirini anyklamakdan we beýlekilerden ybaratdyr. Zähmet psihologiýasy dürli bölümlerden ybarat bolup, olar bolsa öz gezeginde biri-birleri bilen has ýakyn arabaglanyşykly, şol bir wagtyň özünde bolsa psihologiýa ylmynyň özbaşdak şahalary bolup durýar. Olar: esasan, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamynda operatoryň işini öwrenýän adam bilen maşynyň arasyndaky funksiýalary bölüşdirmek hem-de utgaşdyrmak we beýleki meseleleri öwrenýän inženerçilik psihologiýasydyr; uçuşy okatmak prosesinde we uçuşy ýerine ýetirmekde adamyň işiniň psihologik kanunlaryny öwrenýän awiasiýa psihologiýasydyr; organizme çendenaşa agram düşmegi netijesinde nerw psihiki dartgynlyk bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlaryň döremegini, agramsyzlyk we giňişlik dezoriýentasiýasy şertlerinde adamyň işiniň psihologik kanunlaryny we ş.m. öwrenýän kosmos psihologiýasydyr. Pedagogiki psihologiýanyň predmeti okatmaklygyň we terbiýäniň psihologik kanunlaryny öwrenmekden ybaratdyr. Ol okuwçylarda pikirlenmäniň kemala getirilişini, intellektual işiň endiklerini we usullaryny özleşdirmegi dolandyrmak prosesiniň meselelerini, okatmak prosesiniň üstünlikli guralmagyna täsir edýän psihologik faktorlary anyklamagy, okuwçylar kollektiwindäki gatnaşyklary, pedagog bilen okuwçynyň aragatnaşygyny, okuwçylaryň indiwidual psihologik aýratynlyklaryny, psihiki ösüşde şikesli çagalar bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işiniň psihologik aýratynlyklaryny, ululary okatmak prosesindäki psihologik özboluşlylygy we beýlekileri öwrenýär. Pedagogik psihologiýanyň bölümlerine okatmak psihologiýasy (didaktikanyň, takyk usullaryň, programmirlenen okatmaklygyň, akyl hereketlerini kemala getirmegiň we ş.m. psihologik esaslary; terbiýe psihologiýasy (terbiýäniň usulynyň psihologik esaslary, okuwçy kollektiwiniň psihologiýasy, zähmet-düzediş pedagogikasynyň psihologik esaslary); mugallymyň psihologiýasy, anomal çagalar bilen okuw-terbiýeçilik işini alyp barmagyň psihologiýasy degişlidir. Medisina psihologiýasy nähoşyň özüni alyp barşyny, lukmanyň işiniň psihologik jähtini öwrenýär. Ol öz gezeginde psihiki hadysalaryň beýniniň fiziologik gurluşy bilen utgaşyklygyny öwrenýän neýropsihologiýasy, derman maddalarynyň adamynyň psihikasyna täsirini öwrenýän psihofarmakologiýa, nähoşy bejermek üçin psihiki täsir serişdelerini ulanýan we öwrenýän psihoterapiýa, adamlaryň psihiki saglygyny üpjün etmek üçin iş çärelerini döretmek bilen meşgul bolýan psihoprofilaktika we psihogigiýena bölünýär. Hukuk ulgamyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly psihologik meseleleri öwrenýän ýuridik psihologiýa hem birnäçe bölümlerden durýar: jenaýat prosesine gatnaşýanlaryň özüni alyp barşynyň psihologik aýratynlyklaryny öwrenýän kazy(sud) psihologiýasy (şaýatlyk görkezişleriň psihologiýasy, günä ýöňkelýäniň özüni alyp barşynyň aýratynlyklary, sorag etmeklige bolan psihologik talaplar we ş.m.); jenaýatkäriň özüni alyp barşyny we onuň şahsyýetiniň kemala getirilişiniň psihologik meselelerini, jenaýat edilmeginiň meýil-motiwlerini we ş.m. öwrenýän kriminal psihologiýasy; zähmet-düzediş koloniýasynda saklanýanlaryň psihologiýasyny, ynandyrmak we tabyn etmek usullary boýunça terbiýelemekligiň psihologik meselelerini öwrenýän penisentiar ýa-da zähmet-düzediş psihologiýasy. Harby psihologiýa söweş şertlerinde adamyň özüni alyp barşyny, esgerbaşylar bilen onuň golastyndaky adamlaryň aragatnaşygynyň psihologik taraplaryny, “psihologik urşy” alyp barmaklygyň usullaryny (wagyz işiniň-propagandanyň we kontrpropagandanyň meselelerini), söweş tehnikasyny dolandyrmaklygyň psihologik meselelerini we beýlekileri öwrenýär. Sport psihologiýasy türgenleriň şahsyýetiniň we işiniň psihologik aýratynlyklaryny, olaryň psihologik taýýarlygynyň şertlerini we serişdelerini, türgenleriň türgenleşiginiň we mobilizasion taýýarlygynyň psihologik parametrlerini, ýaryşlary guramak we geçirmek bilen baglanyşykly psihologik faktorlary öwrenýär. Soňky döwürlerde ylmy döredijiligiň psihologiýasynyň meseleleri (döredijilikli şahsyýetiň aýratynlyklary, döredijilik işjeňligini höweslendirýän faktorlar, ylmy açyşda intuisiýanyň roly we ş.m.) öwrenilip başlandy. Ylmy-döredijilik psihologiýasynyň özboluşly bölümi ewristika (“ewrika”-tapdym diýen sözden) bolup, onuň wezipesi döredijilikli (ewristik) işiň kanunlaryny öwrenmekden hem-de ewristik prosesi dolandyrmaklygyň usullaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Galyberse-de, çeper döredijiligiň psihologiýasy (edebiýatda we sungatda) we estetik kabul edişiň psihologiýasy bolup, bu ugur özüniň ägirt uly ähmiýetlidigine garamazdan örän pes derejede öwrenilendir. Eger-de psihologiýanyň şahalarynyň görnüşlere bölünişiniň esasynda ösüşiň psihologik jähti goýulsa, onda bu ylmyň birnäçe başga ugurlaryny ýüze çykarmak mümkin. Ỳaş psihologiýasy psihiki prosesleriň we şahsyýetiň psihologik häsiýetleriniň ontogenezini (bir ömrüň dowamynda ösüşi) öwrenmek bilen, çaga psihologiýasyna, ýetginjegiň psihologiýasyna, ýaşlaryň psihologiýasyna, uly adamyň psihologiýasyna, gerontopsihologiýa (garrylyk psihologiýasy) bölünýär. Ỳaş psihologiýasy psihiki prosesleriň ýaş aýratynlyklaryny, bilimleri özleşdirmekligiň ýaş mümkinçiliklerini, şahsyýetiň ösüş faktorlaryny we beýlekileri öwrenýär. Bu psihologiýanyň merkezi meseleleriniň biri – okatmak we akylyň ösüşi hem-de olaryň biri-birine baglylygy häzirki wagtda psihologlar tarapyndan akyl taýdan ösüşiň göwnejaý kriteriýalaryny-şertlerini döretmek, okatmak prosesinde akyl taýdan ösüşiň netijeliligini gazanmak meselesini çözmek bilen baglanyşyklykda öwrenilýär. Anomal (şikestli) ösüşiň psihologiýasy ýa-da “ýörite psihologiýa” psihiki ösüşiň sökülini, beýni patologiýasynyň dürli görnüşlerinde psihikanyň bozulmagyny öwrenýän patopsihologiýa, beýniniň dogabitdi şikestleri bilen baglanyşykly psihiki ösüşiň patologiýasyny öwrenýän oligofrenopsihologiýa, eşidişiň agyr şikestliliginde çaganyň psihologiýasynyň kemala getirilişini öwrenýän surdopsihologiýa, ýaramaz görýänleriň we batyllaryň psihiki ösüşini öwrenýän tiflopsihologiýa bölünýär. Deňeşdirme psihologiýasy psihiki durmuşyň filogenetiki (jandarlaryň gelip çykyşynyň bütin dowamynda) görnüşlerini öwrenýän psihologiýanyň ugrudyr. Bu psihologiýada adamyň we haýwanlaryň psihikalarynyň biri-birlerine deňeşdirilmesi amala aşyrylyp, olaryň özlerini alyp baryşlaryndaky tapawutlaryň görnüşleri we sebäpleri derňelýär. Deňeşdirme psihologiýasynyň bölümleriniň biri etopsihologiýa bolup, ol dürli sistematiki toparlara (görnüşler, maşgalalar) degişli haýwanlaryň psihikasyny derňemek bilen, özüniň predmeti hökmünde özüni alyp barşy iňňän möhüm dogabitdi hem-de gazanylan görnüşlerini we mehanizmlerini öwrenýär. Deňeşdirme pishologiyasynyň klassyky-nusgawy obyektleriniň (möýler, garynjalar, arylar, guşlar, itler, maýmynlar) üsti häzirki wagtda kite meňzeşler (delfinler) bilen ýetirildi. Haýwanlaryň özüni alyp barşynyň dogabitdi mehanizmleri biologiýanyň we psihologiýanyň täze ugry bolan etologiyanyň ýörite obýektini düzýär. Eger-de psihologiýanyň şahalary şahsyýetiň we jemgyýetiň gatnaşyklarynyň psihologik jähtiniň nukdaýyndan görnüşlere bölünse, psihologiýanyň ýene-de birnäçe görnüşleriniň ýüze çykmagy mümkin. Bu babatda ilki bilen sosial psihologiýanyň ady tutulmalydyr (onuň ady jemgyýetçilik psihologiýasy diýlip hem tutulýar). Sosial psihologiýanyň predmeti – adamyň topara goşulmagy bilen onuň özüni alyp barşynda we işinde ýüze çykýan psihologik üýtgeşmeleri we tutuş toparyň psihologiýasyny öwrenmekdir; özüniň esasy meseleleri hökmünde sosial psihologiýa kollektiwlerde, has giňişleýin aýdanyňda, guramaçylykly we guramaçylyksyz jemgyýetçilik toparlarynda döreýän adamlaryň aragatnaşyklaryny,jemgyýetçilik duýgy-emosional ýagdaýy, öýkünmekligi, oňa has ýakyn bolan jemgyýetçilik hadysasy “psihiki täsirlenmegi” (modanyň täsiri, galp pikiriň, gybatyň döremegi, galagoplylyk ýagdaýy we ş.m.) öwrenýär. Häzirki wahtda psihologiýanyň bu ugry psihologlar bilen br hatarda sosiologlar, pedagoglar, etnograflar we bilimleriň beýleki şahalarynyň wekilleri tarapyndan öwrenilýär. Sosial psihologiýanyň bölümleriniň biri-de diniň psihologiýasy bolup, ol dini düşünjeleri, duýgulary, yrym etmekligiň, dini ekstazyň döremeginiň we hereketlenişiniň psihologik şertlerini seljerýär. Sosial psihologiýa bilen ýakyn aragatnaşykda bolan psihologiýanyň ýene bir şahasy şahsyýet psihologiýasydyr. Şahsyýet psihologiýasynyň üns merkezinde adamyň indiwidual-psihologik aýratynlyklary durýar. Bu aýratynlyklara gylyk (harakter), ýokary nerw işiniň tipi we temperament, ukyplar, özüňi alyp barşyň aýgytly motiwleri, professional meýilleri we endikler we ş.m. degişlidir. Şahsyýet psihologiýasynyň takyk bölümlerine harakterologiýa, indiwidual psihologik aýratynlyklaryň tipologiýasy, professiografiýa (hünärmen ukyplary öwrenmek we adamyň hünäriň talaplaryna laýyklygyny kesgitlemek) degişlidir. Adamyň şahsyýetiniň aýratynlyklarynyň onuň dürli jemgyýetçilik toparlarynyn işindäki gatnaşyklarda kemala gelýänligi üçin şahsyýet psihologiýasynyň meseleleri sosial psihologiýanyňkydan üzňe däldir. Diýmek, häzirkizaman psihologiýasyna bölünmeklik prosesi mahsus bolup, ol bu ylmyň köp sanly, kähalatlarda biri-birinden düýpgöter tapawutly şahalaryny döredýär. Şeýlelikde, psihologiýanyň dürli şahalary öz umumy predmetini – psihiki faktlary, kanunlary we mehanizmleri öwrenmekligi saklasa-da, olar biri-birine ýakyn ylymlar (sosiologiýa, tehnika, zoologiýa, medisina we beýlekiler) bilen baglanyşyklydyrlar. Psihologiýanyň şahalara bölünmeginiň üsti birleşme - integrasiýa prosesi bilen ýetirilip, onuň netijesinde, birinjiden, psihologiýanyň biri-birine ýakyn ylymlar bilen “sepleşmegi” (inženerçilik psihologiýasynyň üsti arkaly tehnika bilen, pedagogiki psihologiýanyň üsti arkaly pedagogika bilen we ş.m.) ýüze çykyp, ikinjiden, psihologiýa ylmynyň öz içinde ilki biri-birleri bilen umumylygy bolmadyk şahalarynyň birleşmesi bolup geçýär. Meselem, psihologiýada ykrar edilen şahsyýet zähmet işinde gös-göni kemala gelmän, zähmet kollektiwiniň üsti bilen kemala gelýär diýen nukdaýdan sosial psihologiýa bilen zähmet psihologiýasynyň ýakynlaşmaklygy duýulýar. Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitety Nedirow Söhbet, Halkara maliýe