Prostatit
Prostatit – erkeklik jyns mäziniň sowuklamagy bolup, 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda iň köp duş gelýän urologiki keseldir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, 30 ýaşdan soň prostatitden erkekleriň 30%-i, 40 ýaşdan soň 40%-i we 50 ýaşdan soň 50%-i ejir çekýändir.
Erkeklik jyns mäzi (prostata) jyns ulgamynyň wajyp agzasy bolup, ýörite suwuklyk işläp çykarýandyr. Bu suwuklyk dürli dispersli böleklerden ybarat bolup, öz düzüminde beloklary, elektrolitleri, ýaglary we gormonlary saklaýandyr. Ol erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotozoidleriň) hereketliligini amala aşyrmak üçin tohumlylygy suwuklandyrýandyr. Ondan başga-da, jyns mäzi testosteronyň kadaly işläp çykmagyna gatnaşýan esasy agzadyr. Jyns mäziň we tohum haltajygynyň myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde, peşew çykaryjy kanala tohumlygyň zyňylmagy amala aşyrylýar. Bu ýagdaý başgaça "eýakulýasiýa" diýlip atlandyrylýar.
Erkeklik jyns mäzi peşew çykaryjy kanalyň ýokarky bölegini tutup, peşew haltasynyň aşagynda ýerleşýändir. Onuň ulalmagy bilen, peşew bölüp çykarmagyň dürli kynçylyklarynyň başlanmagy hem bu anatomiki ýakynlyk bilen düşündirilýändir. Mäziň ululygy, görnüşi, dykyzlygy erkek adamynyň ýaşyna görä üýtgäp durýandyr. Ol çylşyrymly nerw birleşmelerine baýdyr. Şol sebäpli ujypsyz kynçylyklar hem, agzada ýerli we umumy üýtgemelere getirip biler.
Mäze dürli ýokançlyklaryň düşmegi, prostatitleriň döremegine itergi bolýandyr. Bu ýagdaýa mäziň anatomiki ýerleşişi hem sebäp bolýar. Ýokançlyk erkeklik jyns mäzine peşew haltadan, peşew çykaryjy kanaldan, göni içegeden, kiçi çanaklygyň gan we limfa damarlaryndan düşüp biler. Ýöne mäze ýokançlygyň düşmegi, keseliň doly ýagdaýda emele gelmegine getirip bilmeýär. Keseliň doly ýüze çykmagy üçin ýörite şertleriň bolmagy hökmandyr.
Keseliň ýüze çykmagyna esas bolýan faktorlara aşakdakylar degişlidir:
- Bedene pes temperaturanyň umumy täsir etmegi;
- Ýygy-ýygydan içiň gatamagy;
- Oturyp işleme ýagdaýlary, meselem, sürüjiler, ofis gullukçylary we başgalar;
- Jyns gatnaşyklarynyň seýrek bolmagy; Ýöne jyns taýdan işjeňlik hem prostatitleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler;
- Az hereketlilik ýagdaýy;
- Bedende dowamly sowuklama keselleri (meselem, dowamly bronhit) we dowamly ýokançlyklaryň ojagy ( meselem, tonzillit, çüýrän dişler) bolanda;
- Jynsy gatnaşygy arkaly ýüze çykýan ýokançlyklar ýa-da urologiki keselleriň bolmagy (meselem, hlamidioz, sözenek, uretritler);
- Bedeniň kesellere durnuklylyk ukybyny peseldýän islendik başga ýagdaýlarda (çendenaşa türgenleşmek, dowamly nerw dartgynlylyk, kadasyz iýmitlenme, uzaga çekýän ýadawlylyk).
Ýokarda agzalyp geçilen faktorlar, çanaklyk agzalarynda gan aýlanşygyň kynlaşmagyna getirýär. Netije-de, durgunlylyk ýagdaýy ýüze çykýandyr. Bu ýagdaýlar bolsa, ýokançlyklaryň täsirini güýjedip, mäziň sowuklama alamatlaryny emele getirýändir.
Ýiti sowuklama kesellerine mahsus bolşy ýaly, ýiti prostatitler duýdansyz başlanýandyr. Näsagda bedeniň gyzgynynyň 38-39 gradus C. çenli galmagy, ysytmanyň başlanmagy, gasykda, garnyň aşagynda, bilde, artbujakda ýiti agyrylar, agyryly peşew we täret etme ýaly alamatlar ýüze çykýandyr.
Köplenç kesel dowamly görnüşe geçip, erkek adamlarda güýçli bildirýän oňaýsyzlyk döredýän däldir. Ýokarda sanalan alamatlar az derejede bildirip, näsagy kän bir biynjalyk etmeýär.
Dowamly prostatitlerde bedeniň gyzgyny seýrek ýagdaýlarda 37 gradus C. çenli galýandyr. Näsagda artbujakda agyrylaryň we ýakymsyz sanjylamalaryň, buşukma ýa-da täret etme wagtynda oňaýsyzlyklaryň ýüze çykmagy bolup biler. Buşukmanyň kynlyk bilen başlanmagy, peşewiň inçejik çüwdürim görnüşde ýa-da damjalap akmagy näsagda uly ynjalyksyzlandyrma döredýändir.Buşukmada ýa-da täret etmeden soň, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy, prostatitlere mahsus alamatlardyr.
Käwagtlar prostatit jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň (trihomoniaz, ureaplazmoz) gaýraüzülmeleri görnişinde hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda buşukmadan soň agyrylar we sanjylamalar has artýandyr. Oňa artbujakda, gasykda ýüze çykýan agyrylar, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy ýaly alamatlar hem goşulyp biler. Wagtyň geçmegi bilen erkek adamlarda ereksiýanyň (ujydyň gönelmek ukyby) bozulmagy ýüze çykýandyr. Bu kynçylygyň ýüze çykmagy, erkeklik jyns mäzinde ereksiýany amala aşyrýan nerw süýümleriniň zeperlenmegi bilen düşündirilýär. Bu kynçylyk bolsa, erkek adamynyň psihiki ýagdaýyna we onuň maşgalasyndaky är-aýal gatnaşyklaryna yaramaz täsir edýändir.
Ýiti prostatitli näsag öz wagtynda urolog- androlog lukmanyna ýüz tutmasa, erkeklik mäziniň iriňlemegi (abssesi) ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda bedeniň gyzgyny 39-40 gradus C. çenli galyp, artbujakda buşukmany we täret etmäni kynlaşdyrýan güýçli agyrylar döreýär. Biraz wagtdan mäziň çişmegi we peşew çykmanyň saklanmagy ýüze çykyp biler.
Ýatda saklaň! Buşukmanyň kynçylyklary we agyrylar erkeklik mäzniň adenomasynda (howply däl täze döreme) hem duş gelýär. Gynansak-da, köplenç erkeklik jyns mäziniň rak keseli hem anyklanylýar.
Keseli ir möhletde anyklamak maksady bilen, 50 ýaşdan soň hemme erkek adamlarda ganyň jyns mäzine mahsus antigenlerine barlagy geçirmek maslahat berilýär.
Dowamly prostatitler gaýtalama we gowşama döwürleriň gezekleşmegi bilen geçýändir. Gaýtalama döwründe bejergi üçin lukmana ýüz tutulmasa, mäzdäki ýokançlyk peşew çykaryjy ulgamynyň başga agzalaryna ýaýrap, sistit (peşew haltanyň sowuklamagy) we piýelonefrit (böwrekleriň sowuklamagy) kesellerine getirip biler. Ýöne köplenç tohum haltajygynyň, ýumurtgalyklaryň we onuň goşundylarynyň sowuklamagy ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar bejergisi çylşyrymly we gymmat bolan erkek önelgesizliginiň döremegine getirip biler. Prostatitli näsaglaryň 40%-den gowragy önelgesizlikden ejir çekýändir.
Prostatitleri anyklamak urolog lukman üçin çylşyrymly mesele bolup durmaýar. Gürrüňdeşlikden we umumy barlagdan soň, göni içegäniň üsti bilen erkeklik mäzi barlanyp, onuň işläp çykarýan suwuklygy barlaga alynýandyr. Bu barlagyň oňaýsyzlygyna we agyrylylygyna garamazdan, ol hökmany geçirmeli çäre bolup durýandyr.
Bejergi başlamazdan öň, peşewi we mäziň çykarýan suwuklygyny ýokançlyklara we dürli antibiotiklere duýgurlylyga barlamalydyr. Bu barlaglar dermanlary dogry saýlamaga kömek edýär. Anyklama çäresi höküminde göni içegäniň üsti bilen geçirilýän ultrases barlagy hem ulanylýar.
Prostatitleriň bejergisi birnäçe ugurlar boýunça, urolog-androlog lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylýandyr. Käwagtlar näsagyň doly bejerilmegini gazanyp bolmasa hem, keseliň alamatlaryny aradan aýryp, onuň gaýtalanmagynyň öňün alyp bolýandyr. Köp babatda ol näsagyň ýaşayys endiklerine, onuň bejeriş çärelerini ýerine ýetirşine baglydyr.
Bejergi üçin bakteriýalara garşy serişdeler, mäziň owkalanmagy, fizioemleri ýaly çäreler ulanylýar. Bejergi çäreleriniň utgaşmasynyň degerli netijä getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.
Bakteriýalara garşy serişdeleri, diňe degişli anyklaýyş çärelerden soň, lukman belleýändir. Olara ýokançlyklar “öwrenişmez“ ýaly, serişdeleri mukdary we ulanyş dowamlylygy boýunça dogry saýlamalydyr. Bejergi başlandan soň, ony kesmek bolýan däldir. Antibiotikleri ulanmagyň birinji üç gününde peýdaly netije bolmasa, dermany çalyşma barada pikir etmelidir.
Prostatitiň bejergisinde, mäziň owkalanmagy, köp erkek adamlar üçin iň oňaýsyz, agyryly, mertebesini peseldiji çäre ýaly bolup görünýär. Oňa garamazdan köp ýyllaryň dowamynda owkalama ýerini çalşyp bolmajak bejergi höküminde ulanylýar.
Owkalama netijesinde, sowuklama sebäpli mäzde ýygnanýan "hapa" suwuklyk basylyp çykarylýar. Ondan başga-da, agzanyň gan aýlanşygy gowulaşyp, durgunlylyk ýagdaýy aýrylýandyr. Bu bolsa antibiotikleriň täsirini has hem güýçlendirýändir. Sowuklamanyň yiti döwründe, diňe erkeklik mäziniň owkalanmagynyň peýdaly netijäni berýänligini belläp geçmelidir. Başga agzalaryň keselleriniň ýiti döwründe, owkalama sowuklamanyň ýaýramagyna getirip biler.
Prostatitlerde fizioemleri dürli görnüşlerde ulanylýar. Fiziki faktorlar kiçi çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygynyň güýçlenmegine ýardam berýändir. Fiziobejergi üçin elektromagnit we ultrases tolkunlary, lazeriň täsiri ýa-da göni içegede temperaturanyň ýokarlanmagy ýaly faktorlar ulanylýar. Fiziobejergi geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, dürli dermanlary göni içegeden goýbermek (mikroklizma) bilen çäklenip hem bolýandyr.
Bejergi çärelerinden başga-da, her bir näsag öz durmuşyna peýdaly endikleri girizip, kesele getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga çalyşmalydyr. Sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak, gezelenç etmek, dynç almagy we işlemegi gezekleşdirmek, ýokary hilli we ýeterlik iýmitlenme, bu ýakymsyz keseli sizden daşlaşdyrmaga kömek eder.
Öz saglygy barada aladalanýan erkek adamlara ýene bir gezek ýatladasymyz gelýär:
- Özüňizi sowuk howanyň täsirinden goraň. Sowuk ýerde, daşlaryň üstünde oturmaň;
- Oturymly işleme zähmeti bilen meşgullanýan bolsaňyz, her sagatdan turup, ýönekeý maşklary ýerine ýetirjek boluň;
- Içiňiziň gatamagyna ýol bermäň. Ýötite iýmit, derman serişdeleri bilen ony kadalaşdyryň;
- Jynsy gatnaşyklaryny kadaly ýagdaýda alyp barmaga çalşyň;
- Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan özüňizi goraň. Keselçilik ýüze çykanda bejergini öz wagtynda aljak boluň;
- Kadaly iýmitleniň, wagtynda dynç alyň, nerw dartgynlylykdan gaça duruň;
- Prostatitleriň alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän urolog lukmanyna ýüz tutuň.
Iň esasy nygtamaly zat hem: 45 ýaşdan soň, öz utanjaňlygyňyzy ýa-da biperwaýlygyňyzy ýeňip geçip, urolog-androlog lukmanynda kadaly barlagdan geçmäge çalşyň.
Erkeklik jyns mäzini, "erkegiň ikinji ýüregi" diýip ýöne ýerden atlandyrmandyrlar. Ony goramaga wagt tapyň.