Portugaliýa korollygy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Pirineý ýarym adasynda üçünji özbaşdak korollyk Portugaliýady. Onuň durmuş-syýasy ösüşinde Kastiliýa bilen umumylyk köpdi. XII asyryň ortalarynda portugal korollary Mono-Kastiliýa monarhiýasyndan düýpli aýrylýar> Papa tagtyna özlerini mynasyp hasap edip, her ýylky salgytlaryny töläp başladylar.

Ýurduň syýasy durmuşyna buthana-da hem güýçli täsir etdi.Üstesine portugallar mawrlardan hem köp ýeleri basyp alyp, olaryň bakna ýurduna öwrüp Portugaliýada edil Kastiliýanyňky ýaly iri ýer eýeleriniň dini-rysar ordenleriniň ýerleri, şäherlileriň, azat jemagatlaryň hem ýerleri bolupdyr.

XII asyrda Portugaliýa şäherleri gülläp ösüpdir. Ol Angliýa, Fransiýa, Flandriýa ýaly Orta ýer deňziniň söwda ýolunda ýerleşipdir. Kenarýaka şäherleriň arasynda Lissabon Ýewropada uly söwda merkezine öwrülipdir.

XIII asyryň ortalarynda Angarwide Portugaliýanyň günortasynda rekonkistik hereket bes edildi. XIV asyrda demirgazyk afrikan taýpalaryň ýurduň günortasyna çozup durupdyrlar. Portugallaryň ilkinji geografiki açyşlarynda munuň bilen baglanyşyklydy.

Pirineý ýarym adasynda ähli korollykda XII-XIII asyrda soslowiýeleýin monarhiýa ýüze çykypdyr. Olarda kortesleriň ýygnaklary bolup korol häkimiýeti çäkli bolupdyr. Ilatyň gatlaklarynyň maslahatlary geçiripdirler. Kastiliýa korteslerinde 3 palata bolupdyr : dini, dworýan we şäher. XV asyra çenli şäherliler bilen daýhanlar bile maslahatlaşýan wagtlarynda maýda we orta dworýanlar iri ýer eýelerinden aýry maslahat geçiripdirler. Ol ýerde kortestler 4 palatadan durup, ýokarky, maýda we orta dworýanlar, ruhanylar we şäherliler. Kortesler Portugaliýa, Katoloniýa we Walensiýada hem bolupdyr.

Pirineý ýarym adasynda döreýän döwründe korol häkimiýetini çäklendirmeklige mümkinçilikler bardy Bir tarapdan araplara garşy uzak uruşlar döwründe ýurduň köp ýerleri korollyklara öwrülipdi. Şu göreşleriň gidişinde halk Kanunlary we urp adatlary ýüze çykýar.