Plastik kartlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Plastik kartlary Plastiki kart – kartly töleg ulgamynda ulanylýan şahsy töleg guraly bolup, karty peýdalanýan şahsa harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasyny nagt däl görnüşde tölemäge, şeýle hem banklaryň bölümlerinden (şahamçalaryndan) we bank awtomatlaryndan (bankomatlardan) nagt pul almaga mümkinçilik berýär. Kartlar boýunça harytlary / hyzmatlary ýerlemegiň hem-de nagt pullary bermegiň aýratynlygy, bu amallaryň dükanlar we banklar tarapyndan „karzyna“ („nesýe“) amala aşyrylýandygy, ýagny harytlar / hyzmatlar ýa-da nagt pullar müşderilere dessine berilýär, olaryň deregine (öwezine) pul serişdeleri bolsa, söwda / hyzmat guramasynyň ýa-da bank edarasynyň hasabyna, adatça, belli bir wagtdan soňra gelip gowuşýar. Şunlukda plastiki kartlar boýunça hasaplaşylanda ýüze çykýan töleg borçnamalarynyň berjaý ediljekdiginiň kepili bolup, kartlary dolanyşyga goýberen bank-emitetnt çykyş edýär. Şonuň üçin hem, hereket ediş möhletiniň tutuş dowamynda kart bankyň eýeçiliginde bolýar, müşderiler (kartlary elinde saklaýanlar) bolsa, kartlary bankdan diňe ulanmak üçin alýarlar. Töleg guraly hökmünde plastiki kartlaryň birnäçe görnüşleri bardyr. Olaryň hataryna bank kredit kartlary; syýahatçylyk, tomaşa we dynç alyş kartlary; bank awtomatlary üçin kartlar; terminal arkaly söwda kartlary; hususy ulgamlaryň debet kartlary we ş.m.-ler degişlidir. Bank kredit kartlary (bank credit cards) bankyň karzyndan peýdalanmak arkaly harytlary satyn almak, şeýle hem karz pul görnüşinde hakujy (awans) almak üçin niýetlenendir. Bu kartyň esasy aýratynlygy – bank tarapyndan müşderä „karz ugrunyň“ açylmagyndan ybaratdyr. Karty saklaýyjy (müşderi) her gezek haryt satyn alanda ýa-da hakujy (awans) görnüşinde nagt pul alanda „karz ugry“ boýunça belli bir pul möçberi ulanylýar. Şunlukda bank tarapyndan „karz ugruny“ ulanmagyň çägi bellenilýär. Syýahatçylyk, tomaşa we dynç alyş kartlary (travel & entertainment cards) adyndan hem belli bolşy ýaly, syýahatçylyk, tomaşa we dynç alyş ulgamyna hyzmat etmek boýunça ýöriteleşen kompaniýalar (mysal üçin, American Express, Dinners Club) tarapyndan çykarylyp, harytlar / hyzmatlar üçin töleg geçirmek üçin bütin dünýäde söwda we hyzmat kärhanalarynyň ýüz müňlerçesi tarapyndan kabul edilýär, şeýle hem kartlaryň saklaýyjylaryna uçar biletleri, myhmanhana otaglary bronlananda we ş.m.-lerde ýeňilliklerdir arzanlatmalar edilýär. Bank awtomatlary üçin kartlar (ATM cards) debet kartlarynyň bir görnüşi bolup, bu kartlar bankda hasaby bar bolan müşderilere öz hasabyndaky pul serişdeleriniň galyndysynyň möçberiniň çäginde nagt pullary banklarda, söwda merkezlerinde we ş.m. ýerlerde oturdylan awtomatiki enjamlaryň (ATM – automated teller machine enjamlarynyň, başgaça aýdylanda bankomatlaryň) üsti bilen almaga mümkinçilik berýär. Söwda nokatlaryndaky terminallar arkaly satyn alyş kartlary (point-of-sale terminals - POS - cards) hem debet kartlarynyň hataryna degişli bolup, olar karty ulanyjynyň bankdaky çek ýa-da süýşürintgi hasaby bilen “baglanandyr” hem-de karzyň berilmegini göz öňünde tutýan däldir. Haryt satyn alnan mahaly kart POS terminalyna ýerleşdirilip, karty ulanyjynyň bankdaky hasabyndan degişli pul möçberi dessine alynýar we söwda kärhanasynyň hasabyna geçirilýär. Hususy ulgamlaryň debet kartlary (property debit cards) umumymilli kommunikasiýalara (aragatnaşyk ulgamlaryna) birikmän, söwda terminallarynyň sebit ulgamlaryna gatnaşýan banklar tarapyndan çykarylýar. Bu görnüşdäki kartlary çykarmak bilen, banklar maglumatlary umumy kommunikasiýalar arkaly ibermek üçin ýygym tölemekden boşap, çykdajylaryny azaldýarlar. Şonuň üçin hem, soňky ýyllarda bu görnüşdäki kartlar hem giňden ýaýraýar.

Prepared by: Leyla. K. International university for the humanities and development.