Pi­ra­mi­da­ (binagärlik)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Piramidalar her biri 20 tonnadan ybarat bolan äpet daşlardan gurlandyr. Bu daşlaryň piramidalaryň ýerleşýän ýerine çenli nähili ýagdaýda, nädip getirilendigi bolsa hiç kime mälim däldir.

Sebäbi daşlaryň iň ýakyny bilen birnäçe asyrdan bäri bar bolan piramidalaryň arasy 100 kilometrdir. Piramida kimiň adyny göterýän bolsa, onuň otagy diňe iki gezek güneşli bolupdyr: doglan güni we tagta çykan güni. Piramidalaryň içindäki mumiýalarda radioaktiw madda bar. Hut şol sebäpdenem, mumiýalary ilkinji tapan 12 alym heläkçilige uçrapdyr. Piramidalaryň içinde ultrases, radar, gidrolokator ýaly enjamlar işlemeýärler. Piramidalaryň içinde goýlan hapa suw birnäçe günden soň arassalanýar. Süýt bolsa diňe birnäçe günden soň gatyga öwrülýär. Ösümlikler piramidalaryň içinde has tiz boý alýarlar. Piramidalaryň içi gyşyna yssy, tomsuna bolsa sowuk bolýar.