Mazmuna geçiň

Perdeganatlylar otrýady

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wekilleriniň ganatlary ýukajyk, perde ýaly bolany üçin olara şeýle at berilipdir. Olaryň ganatlary iki jübüt, öňki ikisi uzynrak. Ösüşi doly, metamorfozly. Perdeganatlylar otrýadyna girýän mör-möjekleriň iki topary, ýagny ýabany balarylary we garynjalar barada durup geçeliň. Balarylary maşgalasynda (Apoidae) Türkmenistanda öý balarysyndan başga tebigatda ýabany ýaşaýan balarylaryň 600-den gowrak görnüşleri bolup, olar 60 uruga degişlidirler. Olar öý balarylary ýaly maşgala bolup ýaşaman, ýekelikde ýaşaýarlar. Ýabany balarylaryda ösümlikleriň nektarlary bilen iýmitlenýärler hem-de çagalaryny (liçinkalaryny) bal we ösümlik gülleriniň tozany bilen iýmitlendirýärler. Öz ýaş nesillerini esasan toprakda ýasaýan hinjagazlarynda ösdürip ýetişdirýärler. Ýabany balarylary iki jübüt perdeganatly, ösüşi doly metamorfozly, oňat uçýan, görüjiligi ösen bogunaýaklydyr. Türkmenistanda ýabany balarylary iki sany uly faunistik kompleksi (toparlary) emele getirýärler. Olaryň birinjisi çöl, ikijisi bolsa dag toparlaryny döredipdirler. Türkmenistanda çöl territoriýasynda ýabany balarylarynyň 300350 görnüşi ýaşaýar, galan görnüşleri bolsa dag toparyna girýärler. Balarylary Türkmenistanyň çäginde Murgap we Tejen derýalarynyň aşaky akymlarynyň raýonlarynda oňat öwrenilipdir. Bu raýonlarda olaryň 127 görnüşi bellidir. Murgap we Tejen derýalarynyň aşaky akym raýonlarynda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmaga has aktiw gatnaşýan ýabany balary görnüşleri aşakdaky 23 sany görnüşlerden ybaratdyr: Colletes anceps; Colletes askhabadensis; Andrene cerbonaria; Anrene evermanni; Andrene flavipes; Andrene dentiventris; Andrene parviceps; allafasciata; Halictus guadricinctus; Halictus senilus; Halictus nasicus; Nomioidis Nomina inermis; Anthidium florentinum; Archimegochile rubripes; Archimegachile flavipes; Archimegachile saussuei; Megachile argentata; Megachile communis; Proxulocopa rufa; Tertaloniatricincta; Anthophora erschowi; Anthophora radoszkowskii; Anthophora peterseni; Anthophora meridionalis; Amegilla maclachlani; Amegilla nigricornis; Amegilla veloissima; Amegilla guadrifasciata.