Pedikulýoz
Häzirki zaman lukmançylygyna geçen asyrlarda millionlarça adamlaryň ömrüni alyp giden kesellerden üstün çykma başartsada, oňa kiçijik möjekleri ýok etmek entek başardanok. Bu kesel adamzada gadymy asyrlardan bäri bellidir. Ol barada birinji maglumatlar Aristoteliň işlerinde duş gelýär (b.e. öň IV asyr). Gurap galan bitleri gadymy hindi, peru, indeýleriň gonamçylyklaryndaky jesetlerden hem tapypdyrlar. Olar Grenlandiýa we Aleut adalarynda (XV asyr) tapylan mumiýalaşan jesetlerde hem duş gelýär.
B.e. 500 ýyl öň Gerodot: "Olar hudaýa gulluk edenlerinde hiç hili bit ýa-da başga mör-möjek ýapyşmaz ýaly..." diýip, müsür dindarlarynyň kellesiniň hemişe arassa syrylanlygyny belläp geçýär. Baryp 200 ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda pedikulezyň köpçilikleýin ýaýramagy ýüze çykyar. ABŞ-da her ýylda kelle pedikulezynyň 6-12 mln ýagdaýy duş gelýändir.
Keseliň köp duş gelýän döwri, çagalaryň dynç alyş merkezlerinden gaýdyp gelýän, güýz paslynyň başyna gabat gelýändir. Köplenç pedikulez bilen keselçilik, adamlaryň bir ýerde üýşüp ýaşamagy ýa-da arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik ýagdaýynda has hem ýokarlanýandyr (meselem, uruş ýa-da heläkçilik ýagdaýlary).
Bitler hemişe aladaçyl, gaharjaň adamlara ýokuşýanlygy barada geň pikir hem bardyr. Adatça bu ýagdaý nerw dartgynlylygy sebäpli adamyň bedeniniň ysynyň üýtgeýänligi bilen hem düşündirilýär.
Pedikulez (bitlilik) (lat. pedikulus, "bit") – deriniň we saçlaryň parazitler arkaly ýüze çykýan keselidir.
Bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bardyr. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşek, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýändir. Gasyk bitleri köplenç jyns gatnaşygy arkaly geçýär. Köýnek bitleri geýimleriň tikin ýerlerinde ýaşap, şol ýerde ýumurtgalaryny taşlaýandyrlar. Bitler 1minutda 20 sm. aralygy geçmäge ukyplydyr. Şoň üçin olar bilen yokuşma çalt bolup geçyär.
Gasyk bitleri daşky jyns agzalarynyň gyl örtüginde, ýumurtga haltajygyň üstünde, budyň ýokarky böleginde ýerleşýändirler. (gasyk bitliligine başgaça "ftirioz" hem diýilýär).
Öni alynmadyk ýagdaýlarda bitler goltuklara, arka, döşlere, sakgal-murtlara, gaşlara we kirpiklere ýaýrap bilýär.
Kelle bitleri kellede ösýän saçlarda, has hem onuň ýeňse, depe we çekge böleginde duş gelýändir. Kelle biti 6-14 günden kämillige ýetişýändir we şondan soň urkaçy bit ýumurtga taşlamaga ukyplydyr. Bitleriň ýumurtgasy (sirke) agymtyl reňkde bolup, goňaklara meňzeşdir.
Ýöne goňaklardan tapawutlylykda sirkeler togalak görnüşde bolup, gyllaryň düýbüne ýapyşýandyrlar. 7-10 günden ýaş bitler ýumurtgadan çykýandyr we saçlaryň düýbünde boş, ak pilejikler galýandyr. Ortaça bitleriň ömrüniň dowamlylygy 21 güne barabardyr.
Pedikulezyň özüne mahsus alamatlary bardyr:
- Bitiň dişlän ýerlerinde gijilemäniň döremegi iň ýaýran alamatdyr. Ol bitiň tüýküliginiň täsiri bilen döräp, ýokuşmadan 2-3 gün soň döreýär;
- Deride emele gelýän gögümtil, ownuk tegmiller;
- Deride ýüze çykýan gijilemäniň yzlary. Köplenç bakterial ýokançlygyň goşulmagy netijesinde deriniň ýokançly keselleri döreýär (iriňli düwürtikler, follikulitler);
- Saçlaryň düýbünde, esasan hem boýnuň ýokarsynda, gulaklaryň arkasynda sirkeleriň döremegi;
- Saçlaryň arasynda uly bitleriň görünmegi. Öte geçen ýagdaýlarda bitiň çykarýan nemi saçlary toppaklaýyn birleşdirip, ýaramaz ysy hem ýüze çykaryp biler (koltun);
- Bitleriň çykarýan neminiň täsiri netijesinde, boýunlaryň arka tarapynda örgüniň döremegi bolup biler.
Bitleriň hemme görnüşleri adam gany bilen iýmitlenýändirler. Köýnek bitleri örgünli garahassalyk keseliniň ýokuşmagyna getirip bilýändir. Pedikuleza garşy göreş onuň görnüşine baglylykda alnyp barylýandyr.
Gasyk bitinden saplanmak üçin, mümkin bolandan, bedeniň hemme ýerlerinden gyllary syryp aýyrmalydyr (goltuklardan, daşky jyns agzalardan). Bitleriň dişlän ýerlerini ýokançlyklardan goramak üçin, ol ýerlere 10% ak simap melhemini ýa-da 5% sary simap melhemini, 33% kükürtli melhemi çalmalydyr. Gaşlardan we kirpiklerden möjekleri dyrnaklaryň kömegi bilen ýeke-ýekeden aýyrmalydyr. Olaryň zeperlenen ýagdaýynda 0,25% göz melhemine fizostigmin goşup ulanmalydyr.
Köýnek bitlerini aýyrmak üçin, ýassyk-düşek daşlaryny, eşikleri gaýnatmalydyr ýa-da buga tutmalydyr. Pes temperaturada eşikleri ýuwmak degerli netijäni bermeýär. Ýokary gyzgynlykda ýuwlan egin-eşikleri bir hepdeläp, gowy ýelejiredilýän ýerde, günüň aşagynda asyp goýmalydyr.
Egin-eşikleri ilki ýörite serişdeler (insektisidler) bilen işläp, soň suwda ýuwmak we güne sermek hem bolýandyr.
Egin-eşikleri we düşek daşlary arassalamagyň iň peýdaly usuly – olary paraformalin kameralara salmakdyr. Şeýlelikde, olar ýokary gyzgynlykly we himiki arassalaýşy geçýärler.
Egin-eşikler arassalananda, sirkeleriň eşikleriň galyň tikin ýerlerine ýa-da epinlerine ýapyşyp, ýeterlik bolmadyk gyzgynlyk bilen arassalanma durnukly bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.
Köýnek pedikulezynda sirkeleriň diňe eşikleriň sapajyklarynda däl-de, deriniň gysga gyljagazlaryna hem ýapyşyp galjakdygyny göz öňüne tutmalydyr. Şonuň üçin hem, diňe egin-eşikleri arassalamak bilen çäklenmän, näsagy hem pedikulesid (bitleri we sirkeleri öldirýän dermanlar) serişdeleri bilen bejermek hökmandyr.
Kelle bitliligini bejermek üçin köp serişdeler (melhem, aerozol, şampun) bellidir. Pedikulesid dermanlar höküminde medifoks, para plyus, nittifor, niks, weda-2, boruň 2% melhemi, kukürt simaply melhem giňden ulanylýar. Agzalyp geçilen dermanlaryň köpüsi sirkeleri öldürmäge ukyply däldir. Dermanlaryň şeýle häsiýetlisi hem sirkeleriň hemmesini öldürip bilmeýär. Şonuň üçin olary el bilen ýeke-ýekeden aýyrmalydyr.
Pedikulesid dermanlaryň zäherliligi sebäpli, olaryň ulanylşynda hemme görkezmeleri berjaý etmelidir. Dermanlaryň köpüsini göwreli aýallara, çaga emdirýän enelere, kiçi çagalara ulanmak bolýan däldir.
Bitlerden dynmak üçin halk arasynda ulanylýan köpsanly serişdeler hem bellidir. Adatça olaryň peýdalylygy pesdir, ýöne dogry ulanylanda ol diýen howply däldir. Dermanhanalardan bitlere garşy serişdeleri almaga utanýanlygyňyz üçin, diňe halk serişdelerini ulanmak ýalňyşlykdyr.
Halk arasynda pedikulezda:
- 50% günebakar ýagy + 50% kerosin;
- 50% hojalyk (kir) sabyny + 50% kerosin, alnan goýy ergini saçlara çalmakaňyz, 1:10 gatnaşykda suw bilen garyň (100 ml ergine 1 litr suw garmaly);
- Klýukwa şiresi (sirkelere garşy peýdaly serişde, sebäbi öz turşulygy bilen onuň daşky gabygyny eredýär);
- Nahar uksusy (4,5% uksus turşulygyny almak üçin, 9% nahar uksusyny 2 esse suw bilen garmalydyr);
- Degtýar sabyny (düzüminde aşgaryň ýokary mukdary bilen peýdalydyr);
- Efir ýaglary (çaý adajy, lawanda). Pedikulezyň bejergisi üçin däl-de, onuň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin saça birnäçe damjadan çalýarlar (meselem, bit ýokuşmadyk maşgalanyň başga agzalaryna).
Halk serişdeleriniň öz ýetmezçilikleri bardyr:
- Kerosin aňsatlyk bilen ýanyp bilýär. Ol kynlyk bilen ýuwulýar. Saçlary zaýalap, olaryň daralmagyny kynlaşdyrýar;
- Uksus saçy guradýar. Onuň konsentrirlenen ergini bolsa, saçy, derini ýakyp bilýändir.
Ondan başga-da olary ulanmak hem oňaýsyzlyklara getirýändir: serişdäni çalyp, saçlara polietilen halta geýmelidir. Kelläňe süpürgiç orap, köp wagt şeýle saklamalydyr.
Bitleri ýok etmegiň ýene bir oňaýly ýoly – ol hem saçlara sintetiki boýaglary goýmakdyr. Saç boýaglaryň düzüminde bitleri we sirkeleri öldürýän himiki serişdeler bardyr.
Islendik serişde ulanylandan soň, saçlar ownuk dişli darak bilen daralyp, sirkeler ýeke-ýekeden aýrylmalydyr. Sirkeleri aýyrmak aňsat däldir. Şonuň üçin ol işe birnäçe gün sarp etmeli bolýar. Öli bitleri we sirkeleri aňsat aýyrmak üçin, uzyn saçlary egne çenli bolar ýaly kesmelidir. Saçlara ýörite balzam, balyk ýagyny, ösümlik ýagyny çalyp, olaryň aňsat daralmagyny gazanyp bolar. Zeýtun ýagy bitleri gaçyrýandyr.Geran gülüniň ýagy bolsa ýarajyklaryň çalt bitmegine kömek edýändir.
Kelle pedikulezy ýokuşan adamyň egin-eşiklerini, ýorgan-düşek daşlaryny gaýnatmak, ütüklemek hökmandyr. Maşgalanyň başga agzalaryny (ýa-da mekdepde okaýan ýoldaşlaryny, çagalar bagdaky toparyň çagalaryny) barlagdan geçirmelidir.
Pedikulezyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermek möhüm orny eýeleýändir:
- Bedeniňi kadaly ýuwmak (hepdede 2 gezekden az däl), eşikleri we ýorgan-düşek daşlary çalşyp durmak. Eşikleriň, ylaýtada sirkeleriň ýapyşyp biljek tikin ýerlerini gowy edip ütüklemek;
- Öz daragyňyzy başgalara bermekden saklanyň;
- Bitleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, ýeňsäňize we gulagyňyzyň arkasyna çaý agajyndan we lawandadan taýynlanan erginleri çalyň;
- Pedikulozyň gaýtadan ýokuşmagynyň öňüni almak üçin ulanulýan zatlary (süpürgiç, eşikleri, daşlyklary, telpekleri, ýumşak oýnawaçlary) ýuwmak we gaýnatmak hökmandyr;
- Bitleriň barlygyny barlamak üçin, saçlary ak matanyň üstünde daraň;
- Ýuwlandan soň, kelläňizi süpürgiç bilen orap, gije ýatmaň. Saçlary gowy edip saç guradyjy (fen) bilen guradyň.