Parfiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Parfiýan okçysy.

Parfiýa, (Iňlisçe: Parthia, Rusça: Парфия ). B.e.ö. 247-nji ýylda Parfiýalylar öz serdarlary Arsakes I-iň ýolbaşçylygynda aýaga galypdyrlar we b.e.ö. II asyryna çenli Ýefrat derýasyndan Owganystana çenli we demirgazyga Oks derýasynyň uzynlygyna doly uzalyp giden imperiýasyny dolandyrypdyrlar. Antiokiýa Margiana b.e.ö. 250-nji ýyllaryň töwereginde paýtagty Nusaýda bolan Parfiýanyň gündogar daýanç nokadyna öwrülipdir. Şäher esasy dolandyryş, harby we söwda merkezi hökmünde ösdürilipdir. Şäheriň gorag berkitmeleri garşydaş imperiýalardan we adamlardan goranmak üçin güýçlendirilipdir. Olary şäheriň Ýüpek ýolunyň ugrunda amatly ýerleşmegi ozüne çekipdir.