Paleografiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

“Oguz hanyň düzen beýik düzgün-nyzamly döwletleri müň ýylyklarda uzapdyr, Oguz hanyň düzen elipbiýi müň ýyllyklaryň içinde hereket edipdir. Biz bu gün ol elipbiýiň haçan ýetip gidýändigini bilemzok, emma on sekizinji asyrda mundan tas üç ýüz ýyl öň ýaşap geçen şahyr Şeýdaýynyň döreden “Gözel ýygrym bäş” merziýe goşgusy Oguz hanyň ýetin elipbiýiniň agysy ”

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama

Paleografiýa malarynyň taryhy ösüşindäki daşky keşbini, olaryň ỳazylyş usullaryny, düzgünlerini we harplaryň görnüşlerini öwrenỳär. Paleografiỳanyň öwrenỳän ỳazuw daşky keşbine şu aşakdakylar degişli : ỳazgynyň alamaty ỳazylyş görnüşiniň, ỳazylyş usulynyň we ỳazuw ỳazylan serişdäniň aỳratynlyklary, ỳazuw guraly, elỳazmanyň bezemekligi, reňki, syỳasy, suw alamaty, tagmasy, mähri,göwrimi, elỳazmanyň rejelenişi. Paleografiỳanyň esasy maksady gadymy ỳazgy ỳadygärlikleriniň ỳazylan wagtyny, ỳazylan ỳerini, dilini kesgitlemekdir. Adamzat jemgyỳetinde ỳazgylaryň ähmiỳeti uludyr, gadymy admzat jemgyỳetiniň ruhy baỳlygyny ỳygnamakda we olary soňky göwre ỳetirmekde ähmiỳetlidir. Şonuň üçin paleografiỳa ylmy taryh ylmynyň iň bir wajyp pudaklarynyň biri hasaplanỳar.

Paleografiỳa sözi iki sany grek sözünden emele gelendir. Ýagny “palaos” – köne, gadymy we “grado” – ýazýaryn diýmekdir. Paleografiýa gadymy elýazmalary dogry okamaklygy başarmaga, onuñ nirede we haçan ýüze çykandygyny, ýazan adamyñ adyny, ol ýazgynyñ hakykydagyny ýa-da ýalan-galdygyny kesgilemäge kömek edýär.

Ýekebaşga paleografiýa öz adynyñ gelip çykyşyna laýyklykda gadymy elýazmalary öwrenmek bilen meşgullanmagy añladýardy. Häzirki wagtda bolsa täze döwrüñ hem elýazmalarynyñ daşarky tarapyny öwrenýär. Şuña laýyklykda häzir täze söz – “neografiýa” sözi ýüze çykdy.

Paleografiýaýanyñ wezipesi

- köne, gadymy hatlary ýalñýşsyz okamaklyga

- elýazmalaryñ haçan ýüze çykamdygyny kesgirlemeklige mümkinçilik döretmek.

Ýazuw ýadygärlikleriniñ dogry okalmagy olaryñ taryhy çeşme hökmünde geljekde peýdalanmaklygyna şert döredýär. Çeşmeleriñ ýalñýş çap edilmegi döredýär. Çeşmeleriñ ýalñýş çap edilmegi barlaglaryñ ýalñýş netijeleri çykarmagyna getirýär.

Paleografiýanyñ 2-nji wezipesi – ýazuw ýadygärlikleriniñ ýazylan wagtyny we ýerini kesgitlemekdir. Bu işde induksiýa – hususy ýagdaýlardan umumy netijeler çykaryp, pikirlenmek usuly we deduksiýa – umumy netijeden hususy netijä gelmek, umumy pikirlerden hususy pikire gelmek usuly bar.

Paleografiýa beýleki birnäçe kömekçi taryhy derler bilen baglanyşykly ösýär. Ilkinji nobatda epigrafika – gaty zatlaryñ ýüzüne ýazylan ýazgylary – gaşa, metala, agaja, toýuna we beýl – ýazulan ýazgylary öwrenýän ylym bilen baglanyşykly. Sebäbi epigrafika ýaly ýazuw belgileriniñ ösüşini öwrenýär. Şeýle hem paleografiýa stragestika (möhürler hakyndaky ylym, “stragis – möhür – grek sözünden” we numizmatika (şaýlyklar hakyndaky ylym) bilen baglanyşyklydyr. Möhürleriñ we şaýlyklaryñ ýuzüne ýazylan ýazgylar paleografiki synlamalar üçin serişde bolup hyzmat edýär.

Kömekçi taryhy dersleriniñ içindendiplomatika hem paleografiýa bilen baglanyşyklydyr. Paleografiýa-da, Diplomatika-da ýumşak zatlara ýagny kagyz we beýleki ýumşak zatlara ýazylan ýazuw çeşmelerini öwrenýärler.

Öñki belleýşimiz ýaly paleografiýa ýadygärligiñ diñe daşky taryhy bilen meşgullanýar, Diplomatika bolsa gyzyklanýan ýazuw çeşmesiniñ mazmuny bilen meşgullanýar. Şeýlelikde bu ýerde diplomatikanyñ wezipesi paleografiýanyñka garanda birneme giñ manydadyr. Ýöne paleografiýanyñ meşgullanýan çeşmeleriniñ sany, toplumy doplomatikanyñ wezipesi paleografiýanyñka garanda birneme giñ manydadyr. Ýöne paleografiýaýnyñ meşgullanýan çeşmeleriniñ sany, toplumy diplomatikanyñ meşgullanýanyn-dakysyndan birnäçe esse köpdür.

Paleografiýa ýokary agzalyp geçilen derslerden başga-da sungat taryhy (elýaz,alaryñ çeper bezelişini, nagşyny, ondaky şekilleri öwrenende ýa-da edebiýat taryhy dil-bilimi elýazma ýadygärlikleriniñ edebi düzümi öwrenilende) ýaly özbaşdak ylymlar bilen baglanyşykda ösýär we olaryñ iş netijelerini peýdalanýar.

Paleografiýa hronologiýa (bu sözi Lihaçow D.S. girizdi), berestoogiýa, metrologiýa, çeşmeleri öwreniç ylymlary bilen hem baglanyşykly.

Paleografiýa ylym hökmünde Günbatar Ýewropada XVII asyrda çykdy. Onuñ watany Fransiýa hasaplanýar. Paleografiýa ilki aýratyn ylym hökmünde däl-de taryhy çeşmeleriñ bir bölegi hökmünde ýüze çykdy. XVI-XVII asyrlardaky reformasiýa - katolik buthamasynyñ esaslaryna güýçli zarba ugry we orta asyr jemgyýetinde ankydy pikiriñ ösmegine şert döretdi.

Öñdebaryjy fransuz alymlary irki resminamalary we arhiw serişlererini toplap we ylmy barlaglarda ulanyp başladylar. Olar baý elýazmalary çap etmek, täzeden işlemek bilen hem meşgul boldular. Olardan Düýşen, Balýuz, şarl Duýkanen we başdalar.

“Paleografiýa” sözüni döreden we ylmy dolanyşyga girizen XVII asyryñ ahyrynda we XIOII asyryñ başlarynda ýaşap geçen meşhur fransuzalymy Berner Monfokodyr. Ol ilkinji gezek ýazuwyñ taryhyna ýörite ýüzlendi. Monfokon döredijiliginiñ ilkinji ýyllaryny grek elýazmalaryny öwrenmelkige bagyşlady. Ol 1708-nji ýylda “Grek paleografiýasy” atly kitabyny çykardy, oña 12 müñ grek elýazmalary mälim bolupdyr. Indi paleografiýa diplomatikanyñ bir pudagy däl-de eýsem özbaşdak ders bolupdyr.

Ýazuw materialy we ýazuw guralary: Papirus. Pergament. Palumnsestler. Kagyz. Syýa. Gaz elegi. Mel. Pero. Galam. Ornament Gadymy ýazuw üçin ýumşak material papyrus bolupdyr. Bu gamyşlak ösümlik Niliň aşak akumlarda orta Afrikada we şeýle-de orta ýer deňiz basseýnelerde duş gelipdir. Papirius uly ýogyň gamyşa meňzeş bolupdyr. Ony kesipdirler we ýukajyk özenini zolak-zolak görnüşinde goýupdyrlar. Yssy günüň şöhlesini goýlan ýumşak gamyş ýuka, sary reňkli plastinka görnüşine öwrülipdir. Şol alnan materiala bolsa gadymy müsüpliler tuiw bilen öz harylaryny (çerogliflerini) ýazypdyrlar.

Şeýle usul bilen ýazylan ýazgylar b.e 4000 m ýylara degişlidir. Ýazuw materily hökmünde Müsürde ýüze çykan papyrusy Ýewropa aralaşypdyr. Mys, XI asyrdaky Rim papalarynyň dokumentleri papirislara ýazylypdyr.

G.o. slawýanlar we ruslar papirusy bilmändirler. Gadymy rus elýazmalary derä (pergamante) ýazylypdyr. Deri ýazuw materially hökmünde uzak wagtlap g.d-da ulanypdyr. Deri b.e öň I asyrda kiçi Aziýa şäheri bolan Pergameda (häz Bergam) ýäsylypdyr. Şol şäheriň ady bilrn baglanşykly oňa pergameý diýilipdir.