Pýotr-I

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Pýotr-I 1672-nji yylyn 30-njy mayynda Moskwa saharinde eneden dogulan. 1725-nji yylyn 28-nji yanwarynda aradan cykyar. XVIII asyr Russiýanyň taryhynda Pyotryň döwri bilen başlanýar. Pýotr-I-niň özbaşdak dolandyran döwri XVII asyra hem degişlidir, ýagny ol ýurdy 1689-njy ýyldan dolandyryp başlaýar. Pýotr-I-ň geçiren reformalary jemgyýetçilik, döwlet we hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýar.Onuň ilkinji reformasy goşun bilen baglanyşyklydy. Pýotr-I-re çenli Russiýada kadaly goşun ýokdy, goşun diňe uruş üçin toplanýardy. Ilkinji polklar preobražen we Semýonow polklary 1691-nji ýylda döredildi. 1705-nji ýylda Pýotr-I Ýewropada ilkinji bolup hökmany gullugy girizýär. (rekrutlyga kabul etmek). Ol 1874-nji ýyla çenli hereket edýär. (ýagny 170 ýyl), şol ýyl ähli umumy hökmany harby borçluk girizilýär. XVIII asyryň I-nji çärýeginde Russiýanyň ýaragly güýçleriniň düýpli özgerişi geçirildi. Şoňa laýyklykda goşunyň esasyny pyýada we atly goşun düzüp, ýeke-täk geýim, ýarag, dolandyryş ýola goýuldy. XVIII asyryň başynda Russiýanyň taryhynda ilkinji gezek harby-deňiz floty döredildi. Ilkinji harby gämiler toplumyny 1703-nji ýylda suwa goýberdiler. Umuman, Pýotr-I-ň patyşalyk eden döwrüniň ahyrynda, 1725-nji ýylda rus flotunda 28 müňden gowrak gämiler bolup, diňe Kaspi flotunda 100 töweregi gämi bardy. Baltika deňzinde 1000 golaý. 1708-1715-nji ýyllarda guberniýa reformasy geçirilip, şoňa laýyklykda Russiýa jemi 11-guberniýa bölünýär : Moskwa, Sankt-Peterburg, Kiýew, Kazan, Azow, Smolensk, Arhangelsk, Woronež, Riga, Nižegorod, Astrahan. Guberniýalary general gubernatorlar dolandyrýardy. Her guberniýa 50-a golaý prowinsiýa bölünip, olara komendantlar bellenýärdi. 1711-nji ýylda Senat döredilip, onuň 9 agzasy we ober-sekretary bardy. Senatyň esasy wezipesi patyşa ýok wagty ýurdy wagtlaýyn dolandyrmakdan ybaratdy. Umuman Pýotr-I Russiýany dolandyrmagy Ýewropa döwletiniň nusgasy boýunça amala aşyrmagy maksat edinýärdi. Pýotra çenli Merkezi edaralar prikazlar diýlip atlandyrylýardy. 1718-nji ýylda ol kollegiýa ady bilen çalşyrylýar. (häzirki ministrlikler). 1722-nji ýylda prokuratura instituty döredilip, onuň başynda senatyň general-prokurory durýardy. Şeýlelikde, Russiýanyň döwlet dolandyryşyndaky üýtgetmeler onuň syýasy durmuşynda absolýut monarhiýa düzgünleriniň dikeldilemgi bilen tamamlandy. 1721-nji ýýlda Pýotr-I imperator derejesiniň berilmegi Russiýada absolýutizimiň tassyklandygyny subut etdi. 1700-nji ýylda Patriarh Andrian aradan çykdy. Pýotr-I onuň mirasdüşerini saýlamagy gadagan etdi. 1721-nji ýylda Mukaddes dolandyryjy Sinad ýada Ruhy kollegiýa döredilip, ol Senata garaşly bolýar. Umuman, buthana reformasyny geçirip, ol buthananyň özbaşdak syýasy ähmiýetiniň ýok bolmagyna getirdi. Ol gelejekde rus döwletiniň dolandyryş edarasynyň bir bölegi hökmünde hem-de patyşa garşy toparyň emele gelmeginde rol oýnady. Russiýa şertlerinde onuň tehniki ykdysady yzagalaklygyny diňe döwletiň senagatyň ýokardan aralaşmagy esasynda mümkindi. Indi içerki we daşarky söwdanyň satyn alyjylyk ukubynyň artmagyny ownuk haryt önümçiligi kanagatlandyryp bilenokdy. Orsýetde monofaktur önümçiliginiň ösüşiniň aýratynlygy ol hem rus monofaktur önümçiliginiň daşary ýurtlara garaşly däldigidi. Döwlet oňa birnäçe ýeňillikler berýärdi. Esasan hem demir magdan, demri gaýtadan işleýän gämi gurluşyk, ýarag öndürmek, dokma, deri senagat pudaklary monofaktur önümçiligi görnüşindedi. Şeýle bolsa-da demir magdan Uralda kändi. Bu ýerlerde XVIII asyryň ortasynda Russiýada eredilýän demiriň umumy möçberiniň 1/3 bölegi öndürmeýärdi; asyryň ahyryna 40% köprägi öndürilip başlandy. XVIII asyryň ortalarynda Russiýa çoýun eretmek boýunça dünýäde 1-nji orna çykdy. 1712-nji ýylda Pýotryň buýrugy bilen Ýewropada ýarag satyn alamk gadagan edildi. Umuman Pýotryň dolandyran döwrüniň ahyryna rus harytlarynyň daşary ýurtlara çykarlyşy, daşary ýurtlardan getirilişinden 2 esse artykdy. Senagatyň ösüşi galalaryň we şäherleriň döremegine getirdi. 1703-nji ýylda Sankt-Peterburg şäheri esaslandyryldy. (1713-nji ýyldan ol Russiýanyň paýtagty, 1918-nji ýyla çenli). Pýotryň döwründe durmuş syýasaty birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi bilen häsiýetlendirilýär. 1649-njy ýyldaky kanun boýunça daýhanlar ýere berkidilmeýärdi, Pýotr ony has kämilleşdirýär. 1718-1724-nji ýylda geçirilen ilat ýazgysy esasynda jan başyna salgyt tölemegiň sanawy düzülýär. Pýotr-I 1712-nji ýylyň Nowruz aýynyň 23-inde ähli hususy emläkleriň miraslygy barada kanun kabul edýär. (Motorat kanuny – ol doly durmuşa geçirilmeýär). Absolýutizm şertlerinde ýurduň durmuşynda hünärli adamlaryň taýýarlanmagy hem möhümdi. Bu döwürde dünýewi mekdepler hem açylyp başlady. 1724-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 28-inde Orsýetiň ylymlar Akademiýasy açyldy. 1703-nji ýyldan birinji gazet “Wedomosti” ady bilen çykyp başlady. Pýotr-I-iň geçirýän reformalarynyň garşysyna çykyş edýänler hem bardy. XVIII asyryň birinji çärýeginde Russiýanyň daşary syýasatynyň häsiýetli aýratynlygy onuň ýokary işjeňlidi. Pýotryň alyp baran işleriniň esasy umumymilli maksady – Baltika we Gara deňizlere çykmakdy. Onuň üçin Orsýet Şwesiýa we Türkmen Osman imperiýasy bilen çaknyşmaly bolýardy. Şwesiýa garşy uruşa taýýarlyk görüp, Pýotr Daniýa, Saksoniýa, Polşa bilen ýaranlyk baglaşýar. Türkmen bilen hem parahatçylyk şertnamasyny baglaşýar. Demirgazyk urşy 20 ýyl dowam edýär. 1700-1721-nji ýylda Niştad ýaraşygy bilen tamamlanýar. Şoňa laýyklykda Russiýa Liflendiýa, Estlendiýa, Koreliýaň bir bölegini eýeledi. Şu uruşyň netijesinde Pýotr-I “Ýewropa girelge edindi”. 1721-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 22-sinde Sankt-Peterburgda Pýotr-I umumy Russiýa imperatory derejesini alýar. Pýotr-I-iň şahsy hyzmatlary üçin Senat oňa “Watanyň atasy, Beýik Pýotr, umumy rus imperatory” derejelerini berýär. 1722-nji ýylda Pýotryň Persiýa ýörişi başlanýar, ol öňünden Ermen we Gruzin dolandyryjylary hökümdarlary bilen ylalaşyp ilki Derbendi soň Bakuny basyp alýar. Netijede Persiýa Orsýete özüniň eýeçiligindäki Kaspi deňziniň Günbatar we Günorta kenarýaka ýerlerini berdi. Indi Pýotr Kaspiň üsti bilen Gündogar ýurtlara ýol açdy. Umuman, Pýotr–I we onuň getiren reformalary rus taryhynda üstünlikli we ahyryna çenli amala aşyrylan ýeke-täk çäreleriň (reformalaryň) biridir, ol Orsýetiň iki asyr mundan beýläki ösüşini üpjün etdi we taryhda yz galdyrdy. (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama). 1725-nji ýylda ýagny Pýotryň aradan çykan wagtyndan tä Ýekaterina-II 1762-nji ýylda häkimiýete gelen wagtyna çenli, rus tagtynda 6 patyşa bolup geçdi. Pýotr-I-iň iki aýaly Ýekaterina tagta geçen soň döwlet edaralarynyň hukuklary çäklendirilip başlanýar. Senatyň ygtyýarlyklarynyň bir bölegi 1726-njy ýylda ýokary gizlin Geňeşe berilýär. 1727-1730-njy ýylda rus tagtynda Pýotr-I-ň agtygy (12-ýaşyndaka ol imperator bolýar). Ol birden ýogalýar. Romanowlaryň ugry boýunça mirasdüşerleriň bolmanlygy üçin ýokary gizlin geňeş tagta Annany çykarýar. Ol 1730-1740-njy ýylda dolandyrýar. Ol ýokary gizlin geňeşi dargadýar. Annanyň döwründe Orsýetde doly derejede eden etdilik we zalymlyk düzgüni dikeldilýär. Onuň nemes oýnaşlary Minih, Osterman, Biron döwletde resmi wezipe alman iş ýüzünde esasy dolandyryjy bolýar. Ol taryhda “Bironowçylar” düzgüni bilen hem tanalýar, ol adaty ýüzlenmelerinde “Siz ruslar” diýmegi halaýardy. 1741-nji ýylyň Sanjar aýynyň 25-i gijesi harbylar döwlet agdarylyşygyny amala aşyrýarlar, tagta Pýotr-I-iň gyzy Ýelezaweta Petrowna gelýär. Ol derrew öňki nemesleri tusag edýär hem-de 1741-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde kanun çykaryp, onda Pýotr-I ýolunyň dowam etdirilmegini kesgitleýär. Ol Pýotr-I-iň döwründäki ähli döwlet edaralaryny dikeldýär. Munuň üçin kollegiýaly Senaty, Baş ministrligi, imperiýada maslahaty we ş.m. ýagny ynsanperwerlik ýörelgeleri Ýelizaweta Petrowna öz syýasatynyň esasy hökmünde ulanýar. Taryhda şeýle hem Ýelizaweta Petrownanyň dolandyran döwrüni “Şadyýan Ýelizaweta” döwri diýip hem atlandyrýarlar, sebäbi ol şadyýan agşamlary, teatry, bal-maskarady gowy göryärdi. Ol aradan çykan soň 15 müňden gowrak onuň köýnekleri 2 sandyk ýüpek joraplary 1 müň jübütden gowrak aýakgaplary galýar. Ýöne onuň dolandyran döwrüniň rus taryhynda yz galdyran wakalary hem bar. Ilki bilen nemesleriň düzgüni ýok edilýär hem-de hemme hereketde ynsanperwerlik bir ýere goýulýar.