Owganystanda milletara uruşlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Owganystanda milletara uruşlar we halkara gatnaşyklary.

SSSR-iň we beýleki döwletleriň Owganystanyň içerki işlerine gatyşmaklary Owganystanda milletara uruşlarynyň tutaşmagyna getirdi. Şu urşuň dowamynda Owganystanda ýaşaýan halklaryň ählisi öz ýaragly güýçlerini döretdiler. Olar sowet goşunlary Owganystanda saklanýarkalar umumy duşmana - sowet esgerlerine garşy göreşýärdiler. Olary daşardan ABŞ, Päkistan, Saud Arabystany we başga-da owgan halkynyň ykbalyna biperwaý garamaýan birnäçe döwletler goldaýardylar. Şol goldaw netijesinde Owganystanda ägirt köp mukdarda ýarag jemlendi. Sowet goşunlary çykandan soňra olar şol ýaraglary biri-birlerine garşy öwürdiler.

1986-njy ýylda Babrak Karmal häkimiýetden çetleşdirilip, ornuna Najibulla geldi. Ol 1987-nji ýyldan başlap milli ylalaşyk syýasatyny öňe sürdi. Owganystandan gaçyp daşary ýurda gidenleri yzyna çagyrdy. Hökümete garşy göreşýän güýçleriň ýaraglaryny tabşyryp, parahatçylykly ýaşaýşa dolansalar “günäsini” geçýändigini yglan etdi. Emma milli ylalaşyk syýasaty garaşylýan netijäni bermedi. Tersine garşydaşlary Najibullanyň hökümetine garşy göreşi güýçlendirdiler. Najibullanyň ýurduň resmi adyndan “Demokratik” sözüni aýyrmagy-da ýagdaýy kadalaşdyrmady. Mojahedler Kabula garşy harby ýöriş guradylar. 1992-nji ýylyň başynda Kabul olaryň eline geçdi. Najibullanyň hökümeti agdaryldy. Ornuna Sebgatulla Mojaded geçdi. Ol gysga wagtdan soň ornuny mojahedleriň baştutany Burhanuddin Rabbanä berdi.

Ahmet şa Masut täjiklere, Abdyreşit Dustum özbeklere, Gulbeddin Hekmatýar puştunlara baş bolup, häkimiýet ugrunda göreşe başladylar. Owganystanda 1994-nji ýylda öňki dawalarda özüni halka ýigrendirmedik täze bir güýç - talyplar molla Omaryň ýolbaşçylygynda göreş sahnasyna çykdy. Talyplar Owganystanyň ilatynyň üçden iki bölegini düzýän puştunlaryň ýaragly wekilleridir. Talyplar 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Owganystanyň 90%-den gowrak territoriýasynda ýaşaýan ilatynyň üstünden öz gözegçiligini ýola goýdular. Olarýň döwründe halkara talaňçylygyna ýardam etmek syýsaty alnyp baryldy. Owganystan meselesi babatdaky dartgynlylyk esasan Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň baştutanlygyndaky halkara güýçleriň tagallasy we ýaragly goşulyşmagy bilen tamamlandy.

Talyplara garşy Demirgazyk birleşigi göreşini dowam etdirdi. Owganystanyň asyryň ahyryndaky 20 ýyllyk taryhy dürli uruşlar bilen bagly boldy. Halk urşa öwrenişdi. Owgan meselesi halkara derejä çykdy. Ony kadalaşdyrmaklyk üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi köp iş etdi. Owganystan meselesini kadalaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary uludyr. Türkmenbaşynyň hemaýaty bilen sebitde ylalaşdyryjy merkez bolen Aşgabatda owganara gepleşikleriniň birnäçe tapgyry grçirildi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dawagär owgan taraplarynyň öňbaşçylarynyň käbirini biri-biri bilen ýene bir gezek duşurypdy.


Sowet goşunlarynyň Owganystandaky çäklendirilen kontingentiniň serkerdebaşysy general-polkownik B.W.Gromowyň ýatlamalaryndan


Goranmak ministri Sowet Soýuzynyň Marşaly D.F.Ustinowyň 1979ý. dekabrynda beren dilden görkezmeleriniň esasynda berlen 30 gowrak direktiwanyň esasynda Orta Aziýa we Türküstan harby okruklarynyň territoriýasynda ýüzden gowrak harby bölümler, birikmeler we guramalar jemlenildi. 40-njy armiýanyň, üç sany motoatyjy diwiziýanyň, desant-zabt ediji brigadanyň, aýratyn motoatyjy polkut, artelleriýa we zenit raketa brigadasynyň, şeýle hem goşunlarynyň beýleki görnüşleriniň we tyl gullugunuň taýýarlyk işleri ýaýbatlandyryldy. Herekete getirilen goşunlaryň doly üstüniň ýetirilmegi üçin zapasdan 50 müň ofiser, soldat we seržant çagyryldy. Halk hojalyk kärhanalary goşunyň hajatlary üçin 8 müň töweregi awtoulag satdylar.

Bu goşuna çagyryş we ýaýbatlandyryş çäreleri bu iki harby okrug üçin soňky ýarym asyrda iň irisi bolupdy. Goşunda we harby komissariatlarda adaty inspektor barlagynyň gidýändigine ynanýardylar. Diňe 24-nji dekabrda SSSR-iň goranmak Minisrtliginiň ýolbaşçy düzüminiň maslahatynda sowet ýolbaşçylarynyň Owganystana goşun salmak barada karar kabul edendigini yglan edildi. Serhetden geçilmeginiň takyk wagty hem bellidi - 1979ý. 25 dekabr, sagat 15.00.

Danilow A.A. Kosulina L.G. Istoriýa Possii. XX wek. M, 1997, 327s.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy owgan meselesi barada

Taryhy hem geografiki sebäplere görä, owgan meselesi biziň Türkmenistanymyzda örän ýiti duýulýar. Biz köp görgi gören owgan halkynyň taryhynyň hem muňa şaýatdygyna ynanýarys:owgan halkynyň içerki dawasyna islendik daşardan gatyşylmagy, aýratyn-da ýaragly gatyşylmagy asla maksadalaýyk däldir, owganlaryň “ýaramazlara” we “oňatlara” bölünmegi we “ýaramazlaryň” ile göz edilip jezalandyrylmagy ýene-de täzeden gan döküşlige we hiç bir günäsiz adamlaryň hesretine getirer. Biz Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň owgan halkynyň ýürek telwasydygyna berk ynanýarys. Owgan halkynyň öz içki meselesini özi çözmäge erki ýeter. Owganystandan daşarda bolup, oňa täsir edip biljekler hem bu gün şeýle hoş niýetden ugur almalydyrlar.

Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünýä: müňýyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygy.(BMG-niň “Müňýyllygyň Assambleýasy”