Owganystan 20-30-njy ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Turkmenistan 20-30-njy ýyllarda.

20-nji ýyllarda Owganystanda bazar ykdysadyýetiniň ösmegine itergi berýän özgerişleriň toplumy durmuşa geçirildi. 1923-nji ýylda Owganystanyň taryhynda ilkinji konstitusiýa kabul edildi. Konstitusiýa laýyklykda gulçulyk gadagan edildi, raýatlaryň (şol sanda aýallaryň-da) deň hukuklylygy jar edildi. Ruhanylaryň, taýpa-tire aksakallarynyň hukuklary çäklendirildi.

Amanulla han Gündogaryň we Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda gezelençde bolan döwründe gören, öwrenen täzeliklerini watanynda ornaşdyrmaga synandy. Emma Amanulla hanyň Owganystany ösdürmäge gönükdirilen çäreleriniň ähmiýetine ters düşünenler, 1928-nji ýylda oňa garşy gozgalaň turuzdylar. Gozgalaňa täjik milletinden bolan Baçai Sakao ýolbaşçylyk etdi. 1929-nji ýylyň başynda Amanulla han tagtyndan agdarylyp, Baçai Sakao ýurtda hökümdar boldy. Baçai Sakaonyň hökmürowanlygy 9 aý dowam etdi. Ýeri gelende ýatlasak, sowet düzgünine garşy göreşde asgyn gelen, öz watanyny gelmişeklerden goramak üçin ata çyksa-da, “basmaçy” ýarlygy ýelmenen Jüneýit han we beýleki watançylar Baçai Sakaonyň goldawyndan peýdalanypdyrlar. Türkmenistanda sosializm gurluşygyndan närazy bolan ildeşlerimiz 20-30-njy ýyllarda mejbury ýagdaýda musulman ýurtlara siňipdiler. Bu pajygaly hakykat barada Türkmenbaşy şeýle diýýär: “1917-nji ýyldan 1939-njy ýyla çenli basa-baslykda türkmeniň gül ýaly ýigitleri, ýaşululary, gyzlary, aýallary ata Watany terk etmeli boldular. Ol türkmeniň iň soňky göçe-göçlügidir. Şol döwürde Owganystana geçen türkmenler, Eýrana geçen türkmenler, Türkiýä geçen türkmenler hem biziň ata-babalarymyzdy. Ol hem türkmeniň taryhy, biziň ondan aýrylyp gitjek ýerimiz ýok. Biz hakykaty bilmelidiris.”

1929-nji ýylyň oktýabrynda Amanulla han döwri Owganystan döwletiniň harby ministri bolan Muhammed Nedir şa boldy. 1933-nji ýyldan başlap onuň ogly Muhammed Zahyr Owganystany dolandyrdy. Ikinji ýahan urşunyň başlanmagy bilen Owganystan goşulmazlyk syýasatyny jar etdi.