Osman türkmenleriniň döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Osman türkmenleriniň döwleti üç yklymyň döwleti ady bilen taryha giripdir. Bir nesilşalyk bilen dyngysyz 600-ỳyldan-da köp wagt dowam eden Beỳik Türkmen Osman imperiỳasy ỳaly döwlet dünỳäde ỳokdur we bolmandy. Osman türkmenleriniň döwleti ösen döwründe üç yklymda ỳerleşip Aziỳanyň Afrikanyň we Ỳewropanyň çäkleriniň böleklerini özüne birleşdiripdir.

Emma beỳik imperiỳanyň taryhynyň öňisyrasyda bar. XIII asyr Türkmenistan Mongol basybalyjylarynyň golastynda düşỳär. müňlerçe türkmenler gelmişeklere tabyn bolmajak bolup, günbatara, Seljuk türkmen nesilşalygynyň wekilleri we olaryň öňki serkerdeleri tarapyndan dolandyrlan türkmen begliklerine döwletlerine göçüp gidipdirler. Şeyle türkmen harby toparlarynyň biri Horasanda mongollar bilen bolan köp sanly söweşlerden soňra uzak ỳol geçip Kiçi Aziỳanyň serhedinde peỳda bolỳar. Oguz türkmenleriniň gaỳy taỳpasynda bolan edermen serkerde Ärtogrul Gazynyň günbatara alyp barỳan 400 atlysy türkmenleriň gylyjynyň güỳjüne ynanypdyr. Seljuk türkmen soltany Alaỳyeddin Keỳkubatyň mongollar bilen söweşỳänini eşidip Ärtogrul Gazy özüniň goşuny bilen duşmana garşy aldym-berdimli söweşe giripdir. Olaryň gaỳduwsyzlygy we duşmana berk gaỳtawul bermekleri Mongol goşunynyň derbi-dagyn edilmegine getiripdir. Ärtogrul Gazynyň bitiren uly hyzmaty üçin Soltan oňa kiçi Aziỳanyň demirgazyk günbatarynda ỳerleşen Eskişähriň golaỳyndan ỳer berỳär. Biraz soň Ärtogrul Gazy Soltan bilen bilelikde Wizantiỳanyň garşysyna söweşỳär we oňa täze ỳerler sowgat berỳär. Beỳik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň belläp geçişi ỳaly, 1270-nji ỳylda Ärtogrul Gazynyň ỳigitleri Söwüdi Wizantiỳalylardan basyp alỳarlar we Alaỳeddin Kuỳkubat oňa bu ajaỳyp ỳeri hem-de Damaniç jülgesini, Ermeni dagyny sowgat berỳär. Öz nesillerine uly bolmadyk mülki miras goỳan Ärtogrul Gazy 1281-nji ỳỳlda täze garaşsyz begligiň dörändigini yglan eden Osman dowam etdiripdir. Osmanyň begligi beglikleriň içinde iň kiçisi hasaplanypdyr. Weỳran ediji uruşlaryň gyzgalaňly döwründe bu kiçijik hanlygyň aman galmagyna näme sebäp bolduka? Onuň aman galmagyna diňe bir Kiçi Aziỳanyň Demirgazyk Günbataryny goramak üçin amatlylygy ỳagny ol ỳerden Deňze göni çykyp bolỳandygyny kömek edendir diỳip pikir edỳärsiň. Ikinjiden begligiň Serdarynyň şahsy ukybyny çäksizligi we geljege bolan umytlaryň bolmagydyr. Ärtogrul we Osman atlaryna “gazy” sözüniň goşulmagy ỳöne ỳerden däldir. Olar gaỳry dinlere gazawat yglan edip diňe bir türkmenleri birleşdirmek bilen däl eỳsem täze dogan aỳyň suraty çekilen tugy göterip yslam dinini hakyky azat edijiler hem bolupdyr. Osman örän parasatly hökümdar bolupdyr. Adalatly, jomart hökümdar bolupdyr. Ol kiçijik döwleti uly imperiỳa öwürip biljek nesli terbiỳeläpdir. Onuň ogly Orhan Gazynyň döwründe (1324-1362 ỳ) Osmanlar Balkanyň uly bölegini eỳeläpdirler.

1453-nji ỳylda Muhammet II Wizantiỳany basyp alypdyr. Wizantiỳanyň paỳtagty Konstantinopoly – Stambul diỳip atlandyrypdyr. Bu Osman döwletiniň paỳtagty bolupdyr.

Osman Türkmen döwletinde ylym binagärçilik, edebiỳat, sungat gülläp ösüpdir. Hatda Iňlis karoly Genrih VIII (1509-1547) beỳik Süleỳmanyň ỳanyna hukuk ulgamyny öwrenmek üçin ỳörite wekilleri ỳollapdyr. Osman imperiỳasynyň kuwwaty XVI asyrdan soň peselipdir. XX-asyryň başlarynda Soltanlyk parahatçylykly we içki uruşsyz ỳatyrylypdyr. Mustafa Kemal halk tarapyndan Ata türk diỳip atlandyrylypdyr. 1923-nji ỳylda Türkiỳe respublikasy jar edilỳär.