Mazmuna geçiň

Operasiýon sistemalar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Operasiýon sistemalar(OS)bu ýörite maksatnamalar bolup, ol awtomatiki ýagny PK işledilende ýerine ýetirilýär we ulanyjy(adam) bilen PK-iň arasyndaky baglanşygy üpjün edýär. Şeýle hem OS beýleki maksatnamalary hem ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Eger PK-de OS bolmasa onda PK-da hiç hili işi ýerine ýetirip bolmaýar. Operasiýon sistemalara MSDOS, UNIX, AMIGA, WINDOWS, MacOS, OS/2 we ş.m. mysal getirse bolar. Operasion ulgamyň esasy wezipesi kompýuteriň üpjünçiligini amala aşyrmak, amaly programmalary ýerine ýetirmek hem-de ol programmalaryň sargytlaryny işläp taýýarlamak bolup durýar.OS kompýuteriň we ulanyjynyň arasynda dialog geçirýär (arabaglanşygy ýöredýär). OS dürli programmalary ýerine ýetirýär we olaryň bir-näçesiniň maglumatlaryny bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Giňden ýaýran OS-laryň biri WindowsOS, onuň hem birnäçe görnüşleribardyr: Windows95, Windows 98, Windows Milenium, Windows 2000, Windows XP, Windows Vista, Windows7, Windows 8 görnüşde belgilenýär. Soňky döwürlerde esasan sonky iki görnüşleri ulanylýar. Görnüşleriniň Windows95 -den başlap iş prinsipleriniň meňzeşligi saklanandyr. Şonuň üçin bir görnüşi öwrenilse beýlekilerde hem aňsatlyk bilen işläp bolar. Windowsyň PK-e ýazylmagy üçin ýörüte instalýasiýa kompakt diskleriniň bolmagy zerurdyr. Adatça setup.exe komandasy Windowsy yazmaklyga baslaýar we zerur bolan maglumatlar ýörite penjirelerde soralýar.


  • IUHD. Hemidow Arslan