Mazmuna geçiň

Oguz han eyýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Oguz han eyýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi.

1. Ýazuw ýadygärlikleri.

2. Etnografiýa çeşmeleri.

3. Binagärçiligi.

“Oguz – orhon ýazgylaryna “Ongin ýazgysy”, “kültegiň hormatyna ýazgy”, “Bilge kagan hormatyna ýazgy”, “Tanýukuk hormatyna ýazgy”, we “kuly çor”, “Moýun çor hormatyna ýazgy” ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgylara Orhon ýazgylary hem oguz ýazgylary hem diýilýär. Biz bu sözüň ikisini bilelikde ulanyp olara oguz -orhon ýazgylary diýip at berýäris. Bulary oguz ýada Orhon ýazgylary diýip atlandyrmaklarynyň sebäbi birinjiden olar Orhon derýasynyň boýunda ýada degresinde bina edilipdir. oguz ýazgylarynyň diýilmeginiň sebäbi bolsa şol ýurtlaryň oguzlaryň watany, oguzyň merkezleriniň biri bolanlygydyr. Ikinjiden bu ýazgylaryň diliniň esasynda oguz dili durýar. Galybersede şol ýerlerde “kaganlyk”, hanlyk patyşalyk eden oguzlar bolupdyr. Bu ýazgylardan başga Talas Ýeniseý ýazgylaryda bar. Bularyň atlary hem öz tapylan ýerleriniň atlary bilen baglydyr. Şu üç topar ýazgylaryň içinde biz üçin ähmiýetlisi Oguz – Orhon ýazgylarydyr. “Ongin ýazgysy”, Ongin degrsinden, Taramel diýen ýerden tapylýar. Bu ýazgyny tapan Ýadrinsewdir (H.M). ýadrinsew Muny 1889-njy ýylda tapýar, hem ylym älemine mälim edýär. Bu ýazgynyň ýerleşýän ýeri kökşüň Orhondan ilerräkdir. Bu ýazgy Ilterişe we onuň aýaly Bilge Hatynyň hormatyna bagyşlanypdyr. Bu ýazgy şu sikl ýazgylarynyň arasynda iň gadymylarynyň biridir. Iilteriş 682-nji ýýlda hytaý baknaçylygyna garşy gozgalaň edip, türk (kaganlygynyň) hanlygynyň özbaşdaklygyny ýaňadan dikelden handyr. Ilterişiň çyn ady Gudulu ýa-da Gutlug bolupdyr. Ol 8-11 ýýl patyşalyk edipdir.

Ilteriş 690-693-nji ýyllaryň arasynda aradan çykýar. Ýazgy ýadygärlik bolsa 690-796-nji ýyllaryň aralygynda dikeldilendir diýlip çak edilýär. Ýazgylaryň arasynda aýratyn ähmiýetlisiniň biri kultegin hormatyna ýazylan ýadygärlik ýazgydyr. Bu ýazgy orhon derýasynyň kenarlaryndan 1889-njy ýýlda tapylýar. Bu ýazgy ýadygärlik 732-nji ýýlda Ilteriş hanyň ogullary kultegin we Billgekaganyň hormatlaryna bina edilipdir. bellik: Ýazuw ýadygärligiň belentligi 3m 15sm, giňligi 1m 24 sm ýogunlygy bolsa 41 sm. Munuň 1 gapdalyna 40 bölekden ybarat ýazgy bitirlipdir. Ýazgy ýadygärlikleriniň ýene biri. Han Mogilýan ýazuw ýadygärlikleridir. Bu ýazgy 1889-nji ýýlda “Erdeni Szu (Цзу) atly budda metjidinden 60 km gaýradadyr. Aýdarowyň aýtmagyna görä ýazuw ýadygärliginiň belentligi 3 m 45sm; giňligi – ini 1m 7 sm; galyňlygy bolsa 72 sm. Ýadygärligiň her tarapynda ýazgylaryň bölekleri bar. Han Maogilýan Ilteriş hanyň uly oglydyr. Ol 683-nji ýylda dogulýar. Daýyşy Moçjo Kapagan handan soň hanlyk tahtyna çykýar. Bu ýazgy- ýadygärlik ol aradan çykandan soň bina edilýär.

Tonýukuk – ýazgy ýadygärligi belli goşun serdaryň hatyrasyna bina edilipdir. 1897-nji ýýlda Klemeneş (Клеменец) tarapyndan açylýar. Birinji gezek ony Radlow tejrime edýär. Bu ýazgy ýadygärlik Ulanbator şäherinden 36 km uzaklykda, günorta – gündogarda ýerleşýär. Bu ýadygärlik bir biriniň garşysyna salnan iki sany pürs ýaly salmandan ybaratdyr. Günortada ýerleşýän salmanyň belentligi 1,70 m demirgazykda ýerleşýäni 1,60 m. Birinjide ýazgynyň 36 bölegi ýerleşdirilipdir. (jemi 62 bölek). Moýun çor ýazgy ýadygärligi baradaky maglumaty Ramsted açýar. “Ötüken ýyşynda Mukaddes şmeden günbatarda Ýabaş-Tukuş aryklarynyň sepleşýän ýerinde men tomsy geçirdim. Men şol ýerde öz köşgümi saldyrdym şol ýerde men diwarlary çekdirdim, ýagny bina etdirdim. Özümiň müňýyllyk we on müň ýyllyk ebedilik ýazgylarymy belliklerimi ýazdyrdym ýasy daşa gazdyrdym” 751-nji ýýlda bolup geçipdir. Birinji nusgasyny 1893-nji ýylda Wilgelm Tomsen okapdyr.

Oguznama: türkmenleriň iň gadymy taryhy eseridir. Oguznamalar hakynda Mahmyt Kaşgarynyň, Raşit eddiniň, Mirhondyň, Hondemiriň maglumatlary bar.

Mahmyt Kaşgarynyň sözlüginde “Oguz – bu türkmenlerdir” diýilýär. Kaşgary türkmeniň 22 kabulasynyň adyny sanaýar.

Reşit eddin Fazlullahyň oguznamasy Oguz han hakyndaky rowaýat bilen gabat gelýär.

Şerbak tarapyndan çapa taýýarlanan Oguznama Pariždäki milli kitaphanada saklanýan wariantyndan göçürlipdir.

Handemiriň (XV asyr taryhçysy) çengisnama eserinde Oguz hanyň ýörişleri, Hytaýy basyp alyşy soňra Buhara çenli aralyklary zabt edip alyşy barada maglumat berilýär.

Mirhondyň Oguznamasynda ogullarynyň bozok üçoklara bölünişi hakda gürrüň edilýär.

Salyr baba Gulaly “Oguznama” synda oguz kim ol kowumny barça Türkmen diýerler diýip belläp geçýär.

Uýgur adynyň goýluşy – Oguz bilen kakasynyň arasynda bolan uruşda Oguzhanyň tarapyna geçenler. (uýdy diýen manyda).

Kaňly – uruş mahalynda goşundaky ýükleri daşamak üçin öz zehinleri bilen arabany oýlap tapan urug.

Kypjak – Oguz Itbyrak urugyndan ýeňlen mahalynda oguz gaçyp iki derýanyň arasyn daky bir adada ýerleşýär. Şonda adamsy söweşde ýogalan aýalyň ogly bolýar. (Çüýrüň agajyň oýugyna girip dogurýar). Kubuk sözüniň manysy “çüýrän agaç”. 17 ýyldan soň oguz Stbyragy ýeňýär. Eýrana aralaşypdyr.

Garlyk – Oguz Gur we Garçystan welaýatlaryndan gaýdyp gelýärkä onuň öňünden bir beýik dag çykýar. Galyň gar ýagýar yzda biri goşundan galypdyr.

Kalaç – oguz Yspahany alyp yzyna gaýdýar. Yspyhanada bir aýalyň çagasy bolýar. Ýöne ejesi aç bolansoň süýdi bolmaýar. Şagalyň awlan sülgünini alýarlar we aýala berýärler. “Gol aç” diýýär.

Oguznama. Oguz hakyndaky iňňän gadymy biri bolan “Oguznama” birnäçe ýzgylarda bize gelip ýetipdir. Pariž milli kitaphanasynda şol ýazuwlarynda uýgur hatynda ýerine ýetirilen iň gadymysy tapyldy. Golýazmanyň teksti XIX asyryň başlarynda nemes diline, XIX asyryň ahyrlarynda rus diline tejrime edilipdir. golýazma 21 listden ybarat bolup, onuň her bir sahypasyndan giň aralykly 9 setir bar. Alymlaryň pikirine görä, golýazma XIII-XV asyrlarda döräpdir we haýsydyr bir has gadymy spisoga esaslandyrylypdyr.

Hawa ol bolar. Onuň keşbi ynha şu…- diýipdirler. Soňra şatlanypdyrlar. Günlerde bir gün Aý Kaganyň gözi açylypdyr we ol ogul dogrupdyr, ol çaganyň ýüzi gögümtil, agzy çym gyzyl, gözleri gyrmyzy, saçy bilen gaşlary bolsa gara eken. Oliň owadan perişdelerden hem görmegeý bolupdyr. Bu çaga ejesiniň göwsünden bir gezek emipdir-de, soň emmändir: onuň çig et, her dürli iýmit eýesi, şerap içesi gelipdir … we gepläpdir.

1Golýazmanyň başga bir warianty boýunça: “Men özleriniň derýasynyňTusdan gelýändigi barada Dehistan rabatynda gürrüň berişlerini eşitdim”.

Bellik: munuň özi mongol çozuşyndan öň geografik edebiýatda Etrek derýasynyň ýeke-täk agzalmasydyr.

2 “Oguznamanyň” ýazylan žanry ylmy barlagçylar tarapyndan heniz kesgitlenenok. Teksti düşünjeler ony abzaslara böldüler, çünki kitapda (şu tekstiň alnan kitabynda) tekst şu aşakdaky ýaly: ilki bilen sahypanyň ýarysynda uýgur teksti, soňra sahypanyň beýleki ýarymynda rus dilindäki tekst getirilýär. Bu halatlaryň ikisinde hem tekst golýazmanyň asyl nusgasyny emele getirýän 9 setirden ybarat.

Raşid ad-Diniň şunuň bilen birmeňzeş atly eseriniň çeşmäniň şu wariantyna esaslandyrylan bolmagy mümkin.

Kyrk günden soň ol ulalypdyr, ýöräpdir we oýnapdyr. Onuň aýaklary öküziň aýaklary ýaly, guşaklygy möjegiň bili ýaly, eginleri samyryň eginleri ýaly, döşi aýynyň döşi ýaly bolupdyr. Onuň bütin endamy gür tüý bilen örtülgi bolupdyr. Ol gylýal sürülerini bakypdyr, ýaty münüpdir, keýik awlapdyr we köp gije-gündizler geçenden soň jahyl çykypdyr. Şol wagtlar ol ýerde uly tokaý bar eken. Uly-kiçili derýalar köp eken. Bu ýere biçak kän ýabany haýwanlar gelýär eken, bu ýerde gaty köp guşlar bolupdyr.

Bu tokaýda ägirt ždarha bar eken, ol ýatylary we adamlary iýýän eken. Elhenç ýyrtyjy halka azar ýamanyny beripdir.

Oguz kagan batyr häkim bolupdyr. Ol aždarhany awlamak isläpdir. Günleriň birinde ol awa çykypdyr: ol naýzasyny, ýaýyny we peýkamlaryny, gylyjyny we galkanyny alyp, ýola rowana bolupdyr. Bir maraly tutupdyr. Ony söwüt çytyklary bilen bir agaja daňypdyrda gidipdir.

Soňra jahan ýagtylyp ugrapdyr. Daňdanyň ümüş-tamyşynda oguz dolanyp gelende aždarhanyň maraly äkidendigini görüpdir. Ol indi bir aýyny tutup, ony zer çaýylan kemer bilen agaja baglap gidipdir.

Şondan soň daň atypdyr. Oguz ýene-de daňdanlar gelipdir, ol aýyny-da aždarhanyň äkidendigini görüpdir.

Indi bu agajyň ýanynda özi durupdyr. Aždarha gelip kellesini Oguzhanyň galkanyna urupdyr. Oguz naýza bilen aždarhanyň beýnisini deşip, ony öldüripdir. Gyzlyç bilen onuň kellesini kesipdirde, alyp gidipdir.

Ondan soň bu ýere dolanyp gelende, ol aždarhanyň iç goşuny garaguşyň iýip duranyny görüpdir. Oguz ýaýdan peýkam atyp, garaguşy urupdyr-da, onuň kellesini kesipdir. Soňra şeýle diýipdir: “Ine garaguşuň keşbi şeýledir. Aždarha maraly iýdi, aýyny iýdi. Meniň naýzam ony öldürdi: ol demirden ýasalan ahyryn. Aždarhany garaguş iýdi. Meniň ýaýym we peýkamlarym ony öldürdiler. Olar edil ýel ýalydyr”- diýipdir-de gidipdir. Aždarhanyň keşbi şeýledir.

Bir gezek Oguz kagan bir ýerde älem hökümdaryna sežde edipdir. Garaňky düşüpdir. Asmandan bir mawy şöhle inipdir. Oguz kagan onuň ýanyna baryp görse, ol şöhläniň ortasynda bir uly gyz bar eken. Onuň ýeke özi otyr eken.

Ol gaty gözel gyz eken. Onuň kellesinde edil Daň ýyldyzy kimin ýaldyrap duran, köz ýaly haly bar eken. Ol gyz şeýlebir owadan eken. Eger ol gülse, bütin mawy asman hem gülýär eken, eger ol aglasa, bütin mawy asman hem eňreýär eken. Oguz kagan ony görüp, huşundan gidipdir, ony söýüpdir, ony alypdyr, onuň bilen bile bolupdyr. Hezil edipdir. Ol aýal hamyla bolupdyr. Köp gije-gündizlerden soň onuň içinden burgusy tutup, üç sany ogul dogrupdyr. Olaryň birinjisine “Gün”, ikinjisine “Aý”, üçünjisine Ýyldyz diýen at dakypdyrlar.

Bir gün Oguz kagan (ýene-de) awa gidipdir. Öňde, kölüň ortasynda bir ösüp oturan agaja onuň gözi düşüpdir. Ol agajyň saýasynda bir ulygyz ýeke özi otyr eken. Ol gyz örän owadan eken. Onuň gözleri asmandan-da mawy, saçy derýanyň akymy ýaly, dişleri dürdänesi ýaly eken. Ol şeýlebir owadan bolansoň, ony görenlerinde adamlar: “Baý, baý, wah, wah ölýäris” diýipdirler.

Oguz kagan ony görüp özünden gidipdir, onuň ýüregi joşupdyr, ol ony söýüpdir, alypdyr, onuň bilen bile bolup, hezil edipdir.

Ol aýal hamyla bolupdyr, köp gije-gündizler geçenden soň aýy-güni dolyp üç ogul dogsupdyr. Olaryň birinjisine “Asman”, ikinjisine “Dag” üçünjisine bolsa “Deňiz” diýen at dakypdyrlar.

Soňra Oguz kagan uly toý edip, halka habar bilen ýüzlenipdir, adamlar özara geňeşip, gülüpdirler. Ol kyrk stol, kyrk sany uzyn oturgyç ýasamagy buýrupdyr, dürli-dürli nygmatlar, etli naharlar iýipdirler, şerap we gymyz içipdirler.

Toýdan soň Oguz kagan beglere we halk üçin buýruk berip, şonda: “men siziň kaganyňyz boldum hany, ýaýlaryňyzy we galkanlaryňyzy alyň, paç biziň üçin goý “amatly” bolsun, “çal möek bize ýol görkezijisi bolsun, tokaý bize demir naýzalar bolsun, goralyp saklanýan ýerlerde goý, gulanlar gersin, deňizler tolkun atsyn we derýalar aksyn, gün biziň baýdagymyz bolsun, asman çadyrymyz” diýipdirler.

Şonuň yz ýanyndan Oguz kagan çar tarapa buýruklar iberipdir. Ýüzlenme ýazyp, ilçilere beripdir.

Ol ýüzlenmede şeýle ýazylan eken, “Men dünýäniň dört böleginiň häkimi bolmak özüne miesser eden uýgur kagany. Men siziň maňa tabyn bolmagyňyzy isleýärin. Kim sowgatlar getirip, maňa tabyn bolsa, ony dostum hasap ederin- diýipdir, - kim boýun egmese onda gahar-gazaba münüp goşun toplap ony duşman hasap ederin. Gaty çalt kül-pelkun edip, asyp öldürmegi buyraryn, meýdi çüýrä ýaly ederin”.

Türkmen halkynyň etbogenezini hem-de etniki taryhyny her taraplaýyn doly öwrenmekde dürli döwürlerde degişli halk şekillendiriş döredijiliginiň özboluşly çeşme hökmünde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň teritoriýasy medeni-taryhy ýadygärliklerine baýdyr. Gadymy sungatyň ýadygärlikleride türkmen halkynyň şol wajyp mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şu ýagdaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öz gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýandygyny şaýatlyk edýär. Halk ilkidöwürleriň döredijiligi biziň eramyzyň öz birnäçe müňýyllyklardan ozal döräp, häzire çenli yzygiderli ösüp gelýär. Çarwalaryň bir şyhly çozup durmagy, özara gazaply we gandöküşikli uruşlar, kesekileriň basyp almaklary ýurdy tozdurypdyr, talaňa salypdyr. Ýöne halk döredijiligi şol nogsanlyklara ýan bermändir.

Türkmen halkynyň etnogenezini hem-de etniki taryhyny her taraplaýyn doly öwrenmekde dürli döwürlere degişli halk şekillendiriş döredijiliginiň özboluşly çeşme hökmünde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň territoriýasy medeni-taryhy ýadygärliklerine baýdyr. Gadymy sungatynyň ýadygärlikleride türkmen halkynyň şol wajyp mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şu ýagdaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öz gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Halk irki döwürleriň döredijili biziň eramyzyň öň birnäçe müňýyllyklardan ozal döräp, häzire çenli yzygiderli ösüp gelýär. Çarwalaryň bir syhly çozup durmagy, özara gazaply we gandöküşikli uruşlar, kesekileriň basyp almaklary ýurdy tozdurypdyr, talaňa salypdyr. Ýöne halk döredijiligi şol nogsanlyklara ýan bermändir, olara garşy durup, öz ösüşini dowam edipdir. Halka ruhy kuwwat berýän halk şekillendiriş döredijiliginiň belentligi, ebediligi şundan ybaratdyr.

2. Ilkidurmuş şekillendiriş döredijiliginiň taryhy maglumatlary, belli sebäplere görä henize çenli, gynansak-da, özboluşly çeşme hökmünde giň işlenip we doly öwrenilmedi. Şu wajyp problemanyň umumy hem-de ýörite terbiýenamasynda entek bizde işlenip düzülenok.

Şunuň ýalyda şu meseläniň henize çenli kemala gelen ymykly taryhy öwreniş hem ýok.

Biz şu çykyşymyzda ilkidurmuş şekillendiriş döredijiligiň galdyran hem-de bize mälim bolan ýadygärligini maglumatlaryny özboluşly möhüm taryhy çeşme hökmünde barlamaga synanşyk edýäris.

3. Elbetde ilkidurmuş şekillendiriş döredijiligi öz döwri bilen içgin baglydyr. Ýöne gadymyýetiň şekillendirişini haýsy-da bolsa bir taryhy wakanyň asyl subutnamasy diýip “okamak” bolmaz, Ilkidurmuş döredijiligi möhüm taryhy çeşme hökmünde öwrenmegiň wezipeleri barada gürrüň edilende gadymy adamlaryň aňynyň aýratynlyklaryny nazarda tutmaly. Çünki edil şu ýagdaý ilki bilen sungatyň däp-dessurlara öwürlip gidýän wezipelerini kesgitleýär. Şeýlede bolsa, sungatyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek gadymy adamlaryň dünýägaraýşynyň käbir taraplaryny aýan etmekden başga-da, kä halatlarda olaryň medeniýetiniň aýratynlyklaryny täzeden dikeltmäge, onuň ýollaryny anyklamaga mümkinçilik berýär.

4. Türkmen şekillendiriş döredijiliginiň ösüş taryhy biri-birine gös-göni meňzeş bolmadyk birnäçe etapy öz içine alýar. Gadymyýetiň medeniýeti bilen orta asyrlar medeniýetiň arasynda diňe birnäçe asyrlar ýatman, olar köp babatda özbaşdak medeni hadysa bolup durýar. Ýöne, şeýle-de bolsa, gadymyýetiň çeperçilik aýratynlygy hem-de dünýägaraýyş konsepsiýasy türkmen milli medeniýetiniň hanasynda mundan beýläkde öz ösüşini dowam edýär. Şeýlelikde, türkmen sungatynyň asyrlar boýy ösüşindäki her bir başlangyç etap gelejek üçinörän möhüm hem-de netijeli basgançak bolup hyzmat edýär.

5. Türkmenistanyň iň gadymy neolit sungatynyň kemala gelşi adamlaryň tebigaty tebigy hadysalary hudaý hasaplaýan, däp-dessurlary bolsa gudratly zatlar diýip hasap eden wagtlaryna gabat gelýär. Şol döwürde giňişleýinhem-de plastiki pikirlenmäniň düşünjäniň ýüze çykmagy bilen adamlar özlerini gurşap alan tebigaty öwrenip başlaýarlar. Sungat şu örän uzak we hem-de çylşyrymly prosesi suratlandyrylýar.

Şu ýagdaý külalçylyk (keramiki) gaplaryň irki görnüşlerinde-de (Jeýhun, göksüri), soňra olaryň belli bir geometriki nyşanlar bilen bezelen görnüşlerinde-de (Günorta, Türkmenistan) terrakotadan we toýundan ýasalan täsin aýal idoljyklarynda-da, esgerleriň heýkyljiklerinde-de, haýwanlaryň we guşlaryň daşdan ýasalan doga ähmiýetli şekillerinde-de suratlandryýar.

6. Gadymyýetde Türkmenistanyň territoriýasy dürli etniki toparlaryň biri-biri bilen gatyşan çatrygy bolupdyr. Onuň medeniýeti bolsa Altaýdan başlap tä Wizantiýa çenli ýaýrap giden ägirt uly giňişligiň medeniýeti bilen çylşyrymly utgaşyp gidýär. Wagtyň geçmegi bilen şu utgaşmada türkmen halkynyň medeniýetine häsiýetli bolan aýratynlyklar kemala gelýär. Ilkinji çeperçilik düşünjeler we dessurlar ýüze çykýar.

Türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň aýratynlyklary külalçylyk (keramiki) önümlerindäki bezeglerde we nagyşlarda has-da açyk we doly beýanyny tapýar. Şol bezegler we nagyşlar dini-gudratly hem-de çeperçilik düşünjeleriň, simwollaryň, nyşanlaryň bütün kompleksini suratlandyrýar. Esasy bellemeli zat, soňky döwürlerde türkmen sungaty üçin häsiýetli bolan şekillendiriş sistemasynyň köklerini şol nagyşlarda we bezeglerde görmek bolýar.

Günorta Türkmenistanyň bezegli we nagyşly keramikasy arhetekturadaky nagyşyň ajaýyp nepisligine we belentligine täsir edýär. (Ýasydepe, Änew -I). Şol nagyşlar we bezegler türkmen halysynyň, keşdesiniň başlangyç kökleri bolupdyr diýmäge doly esas bar.

Köp müň ýyllyklardan bäri dowam edip gelýän döredijilik prosesiniň içinden ereş-argaç bolup geçýän halkylyk, häsiýetleriniň hut ilkidurmuş döredijiliginde ýüzeçykandygyny, medeniýetiň ajaýyp fonemenini döredenleriň bolsa ýurduň asyl ilaty (awtohtony) bolandygyny bellemek örän gyzyklydyr. Ilkidurmuş şekillendiriş sungatynyň ýädygärliklerini çuň we giňişleýin öwrenmek taryhymyzyň jedelli meselelerini aýdyňlaşdyrmaga, şeýle-de onuň “ak tegmillerini” doldurmaga ýardam eder.

Türkmen halkynyň gelip çykyşy adamlary orta asyrlardan başlap gyzyklandyrýardy. Ol barada köp çaklamalar we wersiýalar öňe sürüldi. Emma şu çaka çenli türkmen halkynyň kemala gelmeginde bolup geçen prosesleriň hemme tarapyny görkezýän maglumatlar ýok.

Biziň eramyzdan öňki VII müň ýyllyk bilen VI müň ýyllygyň sepgidinde Türkmenistanyň ýaşaýan halklaryň durmuşynda düýpli üýtgeşmeler bolupdyr. Köpetdag eteklerinde ýaşanlar awçylyk iýmit ýygnaýjylyk işlerini taşlap, oturymlylyga geçipdirler. Maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ýakyn Gündogaryň iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun medeniýetini döredipdirler. Aşgabadyň 27 km demirgazyk günbatar tarapynda ýerleşýän Jeýtun harabaçylygy XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda arheologlar tarapyndan ylmy nukdaý nazardan öwrenilipdir. Gazuw agtaryş işleri geçirlende jeýtun ýadygärliginden 40 golaý bir otag ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açyldy. Jaýlaryň ortaça meýdany 23,5 kw.m deň. Irki döwürlerde jaýlaryň gapysy haýwanlaryň derisi ýa-da gamyş bilen tutulypdyr. Diwarlaryň galyňlygy 30 sm bolupdyr. Otaglaryň diwary saman garylan toýun palçykdan suwalypdyr. Suwagyň üstünden gyzyl ýa-da gara reňk çalypdyrlar. Poly bolsa 1-1,5 sm galyňlykdaky alebastr palçygy bilen örtülip gyzyl,gara reňkler bilen boýalypdyr.

Gojaman hem baky juwan bolan türkmen topragy örän geň. Göýä bu toprakda çal Hzardan gaýdýan çägeli sähralykdan, joşgunly Jeýhun aralygynda älemiň ýer üsti şekiliniň bary jemlenýän ýaly. Türkmenistanyň topragy diňe bir älemiň ýer üsti şekiliniň utgaşmasy bolman, eýsem oňa taryhyň çatrygy diýibem jaýdar aýdypdyrlar. Ynsan hakydasyndan uzakdaky döwürlerde bu toprakda irki ösen ekerançylyk we şäher derejesindäki medeni merkezler bolupdyr. Wawilonyň ýaşytdaşy bolan gadymy şäherlerde gurlan şowhunly bazarlarda dürli milletiň mähellesi güw beripdir. Täze döwletler döräpdir, ägirt uly güýje hökmürowanlyga eýe bolan ol uly gadymy döwletler soňra dograpdyr. Ynsanyň paýhas bägüli – medeniýet ösüpdir, halklaryň ykbaly belende göterilipdir.

Soňky döwürlerde geçirilen arheologik barlaglar Türkmenistany adamzat ýaşaýşynyň iň irki mekanlarynyň hataryna dahylly edýär. Bu toprakda adamzadyň mesgen tutan senesi biziň eramyzdan öňki bir milliona gabat gelýär. Biziň eramyzdan öňki VI müň ýyllyklarda bu ýerde dünýäniň irki ekerançylyk merkezi emele gelipdir. Türkmen arheologlary tarapyndan Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe ýadygärliginiň üstüniň açylmagy, ol ýerde diwar ýüzüne çekilen sýužetli şekiller bu ýerde ekerançylygyň Eýranyň hem Mesopotamiýanyň derejesine örän golaý bolandygyny subut edýär. Balkan töwereklerindäki gazuw-agtaryş işleri, esasan-da dag gowagy Damdam çeşme-I we Damdam çeşme –II mezolit döwürlerinde we enolit zamanynda bu ýerde haýwanlaryň ellekileşdirileni mälim edildi.

Bürünç asyry zamanynda Türkmenistanda şäher derejesindäki medeniýet döräpdir. Bar bolan maglumata görä,çäklirägem bolsa, örän irki zaman Türkmenistan döwletleriniň merkezini üç topara bölmek mümkin. Olaryň has gadymkysy Köpetdag etegindäki döwlet bolupdyr, bu ýerlerde b.e. öňki 2300-1900-njy ýyllarda Altyndepede we Namazgadepede şäher tipli medeniýet ösüpdir.

Ikinji bir öz ugruna ösen şäher merkezli irki döwlet Mary oazisinde bolupdyr. Ol b.e.öň II müňýyllygyň aralygyna gabat gelýär. Ol ýerde Awestanyň sözünde şöhratly rowaýata öwrülen Marguş ýurdy. Gadymy awtorlaryň dilinde aýdylýan Margiana döwleti emele gelipdir. Onuň paýtagty alymlaryň hasaplamalaryna görä şäher mähellesi häzirki Goňurdepe diýen ýerde bolupdyr. Şol döwletiň çägine giren Togalakdepe arheologlar häzirlikçe dünýäde ýeke-täk otparazlaryň bütewi ybadathanasynyň üstüni açdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylan ylmy çeşmeler diňe bir türkmen taryhyna täzeçe çemeleşmäge şert döretmän, eýsem dünýä taryhyny öwrenmeklige-de, öz täsirini ýetirdi. Ynsan ösüşiniň gadymy mekany bolan Türkmenistan gadymy otparazlygyň hem ýurdudyr. Otparazlygyň däpleri antik döwründe Midiýada hem Persiýada mälim bolupdyr. Ýöne şonuň bilen birlikde Awestanyň bize gelip ýeten maglumatlaryna görä, otparazlyk öz gözbaşyny Günbatardan alypyr. Midiýada hem Persiýada otparzlygyň döremegine-de Parfiýa patyşasy Walogeziň biziň eýyamyzyň başlaryndaky özgerdiji işeňňir hereketi sebäp bolupdyr. Parfiýalylar bolsa häzirki türkmenleriň irki ata-babalarydyr.

Awestada bütin älemi ýaradan hudaý Ahuramzedanyň döreden “ýaşamaga iň amatly ýer” bölüminiň köp çägi türkmen topragyna düşýär. Munuň özi biziň eramyzyň başlarynda bu toprakda bir däl-de, ençeme döwletiň bolandygyny, birnäçe “ýurduň”bardygyny, Ýakyn Gündogardaky Asseriýa, Midiýa, Eýran, Ahemenidi ýaly şol ýurduň kuwwatly döwletlerine bu ýerlileriň bes gelendigini taryh görkezýär. Alymlaryň pikirine görä Girkaniýa, Parfiýa we Türkmenistanyň beýleki birnäçe ýerleri b.e.öňki VII-VI asyrlarda Midiýa döwletiniň täsiri astynda bolup, Ýakyn Gündogarynda Asseriýa garşy harby syýasy dikme saýylypdyr. Başga bir maglumata görä, Parfiýa Midiýadan aýrylyp, özbaşdaklygyny doly özünde saklapdyr. Şol döwürde Parfiýanyň ähli çäginde ýokary göteriliş bolupdyr. Günorta – Gündogar Hazar ýakasynda, Murgabyň aşaky şahalarynyň ugrunda ägirt giň jemgyýetçilik suwaryş desgalary döredilipdir.

Irki türkmen döwletleri şol döwürlerde özlerini dünýäniň eýesi saýan Ahemenidleriň alamançylygyna garşy durup bilipdirler. Ahemenidler patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ol ýurt boýun egdirildi diýilse-de, olaryň üstünden Ahemenid patyşalygynyň häkimliginiň bolandygy örän şübheli. Öz garaşsyzlygyny mydama diýen ýaly öz elinde saklap gelen türkmeniň gadymky ata-babalary b.e.öki 530-njy ýýlda massagetleriň şa-soltany Tomirisiň baştutanlygynda Kir şanyň goşunyny derbi-dagyn edýär. Şonda ganhor Kiriň kesilen başyny alyp, hanym Tomirisiň bir aýdan sözi asyrlara aşyp, biziň döwrümize ýetipdir: “Kim kesekiniň ganyna suwsasa, ol öz ganyndan doýar”.

B.e.öňki asyryň üçinji çärýeginde Aleksandr Makedonskiniň goşuny aralaşýança, Türkmenistanyň ähli welaýatlar özbaşdak bolupdyr. Iň bolmanda, ýazuw çeşmelerinde-hä ne Parfiýada, ne Horezminde ýa-da Margianada Ahemenidler döwletiniň goşuň berkitmeleriniň bardygy ýatlanýar. Türkmenistanyň Aleksandr Makedonskiniň imperiýasyna girizilmegi öz täsirini gaty uzak döwürlere ýetiren ýagdaý bolupdyr. Bu ýurduň köp çägi Isgenderiň häkimligini ykrar edip, söweşsiz-çaknyşyksyz onuň raýatlygyna giripdir. Parfiýa bolsa beýik basybalyjynyň Aziýanyň has düýpli böleklerine aralaşmagy üçin güýç jemleýän düşelgesi hökmünde hyzmat edipdir.

Aleksandryň imperiýasyna girip, onuň ölüminden soňra ägirt uly döwletden bölünip dörän Selewkidler döwletiniň düzüminde bolmak bilen Türkmenistan ellinizm medeniýetiniň täsirine düşýär hem ellinistik medeniýetiň iň ajaýyp nusgalaryny Gündogar medeniýetine birleşdirýär. B.e.öňki III asyryň ortalaryna çenli öz garaşsyzlygy ugrunda Selewkidler bilen barlyşyksyz göreşde ägirt güýçli döwletleriň biri emele gelýär. Ol gadymy dünýäniň agalygy ugrunda haýbatly Rim bilen bäsleşen Parfiýa şalygy bolupdyr.

Parfiýa şalygynyň höküm süren döwri b.e.öňki III asyrda başlap, biziň eramyzyň III asyry aralygy türkmen taryhynyň altyn eýýamy saýylýar. Onuň döremeginde esasy orny eýelänler Türkmenistanyň iň irki taýpasyndan bolan parfiýalylar, ýagny pornylar, apornylar bilen dohamiler, massagetler, horasmiýalylar we beýleki bütewi taýpalardyr. Olaryň ählisi türkmeniň irki milli düzümini döredenler – superetnos bolupdyr. Irki türkmenleriň sermaýasynyň düzümi hem onuň kämilleşmegi örän irki zamandan gözbaş alyp gaýdýar. Antropologiýanyň görkezmegine görä, süýrikelle Ýewropa pisint jynly häzirki türkmenlere has bolan tipler Köpetdagyň etegi ýokada neolit döwründe hem bolupdyr. Şu jynsly tip hiç bir düýpli üýtgewsiz ençeme müňýyllyklardan aşyp, biziň döwrümize gelipdir.

Şonuň üçin biz Türkmenistana etnolandşaft zonanyň aýratyn häsiýetli ýeri diýýäris. Onuň kanunalaýyklygy ähli etnogenetiki toparlar üçin jyns tipleriniň durnukly saklanmagy bolup durýar. Munuň özi elbetde, içki özgerişlikler bolmandyr diýilmegini aňlatmaýar. Bu ýerde superetnos derejesine ýeten uly etniki toplumlar döräpdir hem dargapdyr.

Jyns tipleriň örän çylşyrymlylygyny hem onuň häzirki zaman türkmenleri bilen meňzeşligini parfiýa döwrüniň sungaty örän aň tassyklaýar. Takyk aýdanymyzda, goňur reňkdäki toýundan bişirilen terrakota – aýal hudaýynyň heýkeli Parfiýanyň hem Margiýanadan tapylan tapyndy munuň gönüden-göni subutnamasydyr. Syçanlydepeden tapylan şeýle heýkeliň biri hakda Türkmenistanyň arheologiýasyna hem-de gadymy sungatyna belet G.A.Pugaçenkowa şeýle ýazýar: “Bu aýal hudaýynyň ýüzi takyk görnüp duran süýnmek… ol antik döwrüniň şekillerinden düýpgöter aýry. Ol gartaşan teke aýalynyň dirije özüne çalym edýär, üstesine-de bu meňzeşlik olaryň etnografiki ugurlarynda-da utgaşýar, başynda şolaryň täjini ýa-da salýan tiara şekilli “börük”, döşünde ýasy medelýon – “gülýaka”, töweregi bolsa altyn ýa-da kümüş teňňeli “çaprazçaňňa”- bu zatlar türkmen aýallaryna hökmany degişlilik ahyryn. Görnüşinden b.e.başlarynda ýaşaýan topragy adama ýerli şerte laýyk ýüz keşbi hem onuň egin-eşik üýtgeşikligini aýratynlaşdyran bolsa gerek.

Köne hem täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirlende, parfiýa aýallarynyň hem erkek adamyň döşüne dakýan kiçijik çaprazçaňňalarynyň ençemesiniň tapylandygy mälim.

Parfiýa – türkmen deňdeşligi diňe bir jyns tipleriniň meňzeşliginde ýa-da egin-eşikde däl, eýsem maddy hem ruhy-medeni babatda-da görüp bolýar. Ol laýykata ilkinji nobatda arhetekturada yzarlamak mümkin. Eýsem mürçelileriň diň şekilli düýpli pagsa gurluşygy, özboluşly hatar sütünleri gadymy Parfiýa Nusaýynyň “praioniki” düýpli gurluşygynyň nusgasy dälmidir? Ärsarylaryň howlusynyň üstündäki peýkam şekilli diş-diş erezleri, belkem, parfiýalylaryň hem margiýanalylaryň (Gäwürgala, Durnaly, Çilburç, Nusaý hem başgalar) söweş galalarynyň ok atyş gözaralaryndan alnan bolmagy ahmal.

Enolit zamanynda Günorta Türkmenistanyň daşdan ýasalan gap- çanaklarynyň ýüzündäki nagyşlary, parfiýa döwrüniň arhitekturasynda gurluşyk binalaryna salnan bezegleri bilen häzirki zaman türkmen haly nagyşlarynyň, el işleriniň keşdesini, halk senetkärleriniň gurluşyk binalara salýan bezeglerini derňemek hem olaryň arasyndaky genetiki baglanyşygy görmek bolýar. Bu baglanyşyk şeýle bir aýdyň welin, enolit eýyämindäki daş gap-çanaklardaky bezegler häzirki zaman halylarynyň nagşyny gaýtalaýan ýaly.

Üst-üst diş-diş bolup gidýän piramida şekilli bezegleriň dürli-görnüşi türkmen halylarynyň hem el işleriniň milli nagyş aýratynlygydyr. Bu görnüş köp şöhleli ýyldyzlaryň stilizleşen şekili bilen utgaşyp, haç şekilli görnüşler, biziň göwnümize bolmasa, kuýaş simwolyny döredýär. Ol şekillere tersine, ýagny aýnanyň ýüzüne düşen ýagdaýynda seretsek türkmen halysynyň baş alamaty – göli şekillendirýär. Göl bolsa halynyň merkezi böleginiň nezegini düzýär. Göl dürli taýpalarda dürlüçe bolup, aslynda umumy milli görnüşi saklaýar. Gölüň nurunda millilik şekili bar. Bu simwoliki asyl nusga haly nagyşlarynyň beýleki elementlerine hem esas bolup gelýär. Olaryň “çarh” hem “çarhypelek”, “çakmak” we “çakmak göl”, “atanakgöl”, “çyraz”, “owadanälem”, “heýkel” “gün nagşy” diýlip atlandyrylyşy-da munuň aýdyň mysalydyr. Nagyşlaryň hem arhetektura bezegleriniň mukaddes mazmuny olaryň müňlerçe ýyl saklanyp gelmeginde türkmeniň neberebaşylarynyň milli aýratynlygy, taýpalarynyň aýratynlygy hem şol bir wagtyň özünde umumy bitewiliginiň alamaty – nyşany bolup hyzmat edipdir.

Şunuň bilen birlikde, Güne tagzym etmekligiň hem şondan gelip çykýan oda çokunmaklygyň Türkmenistanda örän gadymdan gelýändigini bellemek möhümdir. Türkmenleriň gadymy nesilbaşylarynyň biri bolan massagetler Gekateýiň hem Strabonyň aýtmagyna görä “diňe Güni hudaý bilipdirler hem oňa gylýallary sadaka beripdirler. Gadymy rowaýatlarda Gün ganatly bedewiň şekilinde bolup, Hudaýyň inkärnassiýasy hasaplanýar.

Jemläp aýdanymyzda, biziň ýurdumyz taryhda “Güneş ýurdy” diýlip atlandyrylýar. Türkmenleriň aslyny döredenleriň biri bolan Horezm sözi bolsa “Gün ýeri-ýurdy” görnüşinde hem tejrime edilýär. Horosan – “şäherler enesi”, Merw - “Günüň dogýan ýurdy” manyny aňladypdyr, türkmenleriň has soňraky atlandyrylan dagly mekany Nohur bolsa “Täze gün ýurdy” hökmünde tejrime edilýär.

Biz üçin bu ýerde ilkinji nobatda gymmatly zat, parfiýalylaryň esasy milli nagşy bilen häzirki türkmenleriň arasynda göni genetiki gatnaşygynyň bolandygyny görýäris. Bu gatnaşyk beýik maddy hem ruhy – medeni hyzmatdaşlykda-da saklanyp gelipdir.

Bu ýurduň ýerleriň ady bilen baglanyşyklylyk-da hem ýüze çykýar. Häzirki çäginde dag gaýalarynyň birinde gadymlar Parau, ýagny Parfiýa daglary diýlip atlandyrylyp, orta asyrlarda oňa Parau ýa-da Ferawa diýilipdir. Orta asyrlaryň döwlet dili bolan arap elipbiýinde “p” harpynyň bolmazlygy hem arap ýazuwynyň kadasyna laýyklykda Parawa – Ferawa rabady, ýagny kerwensaraý diýlipdir. Şol ýerdäki oba hem doga häzir-de Paraw diýilýär. Ol ýerde ýerleşen aramgähe bolsa Parawbibi diýilýär. (Gyzylarbar etraby). Megerem, alymlar tarpyndan takyk manysy kesgitlenilmedik Garrygaladaky kükürt suwly, sarpaly çeşme Parhaý, Bathyz hem Garabildäki örän owadan, gözel belent gyra tutuşlygyna Parapamiz diýilmegi-de Parfiýa ady bilen baglanyşykly bolsa gerek. Näme üçindir bu at tebigatyň gözel ýerlerine dakylypdyr. Olaryň ählisi dag hem dagyň sapaly ýeri bilen baglanyşykly. Eýsem Parfiýa döwletiniň merkezi-de dagyň alkymynda, derýa suwunyň ýakasynda, gözel hem täsin baýyrlyklaryň arasynda, örän sapaly ýerde ýerleşýär. Şonuň üçin bularyň arasynda berk betigy ýakynlyk bar. Türkmenistanyň başga ýerlerinde däl, hut häzirki Aşgabat hem Gyzylarbat şäheri aralygynda-da parlar diýen türkmen taýpasy entegem şol ady ýitirmän ýaşap gelýär.

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň esasy bölegini uruşlar tutýar, bu mekana keseki halklar mydama hüjüm edip gelipdir. Aslynda bolsa gadymy döwrüň we orta asyrlarda “beýik” diýlip baha berlen Dariý hem Kir, Isgender Zulkarneýn, Sasani beginiň nesli, arap halyflary we Çingiz han, emir Temir we Nedir şa Afşary hem beýleki ownuk-uşaklar bu jennet kybap topragy basyp almak isläpdirler. Bellije bir çäkli döwrüň içinde eýelik etdi diýäýmeseň, olaryň hüjüminiň hiç biri ahryky netijede bu halky syndyryp bilmändi.

Şondan ugur alsak, biz Türkmenistany diňe bir geografiki jähtden däl, eyşem etniki zolak hökmünde-de ýeke-täk bitewi, daşdan gelen howp-hatary gaýtaryp bilmek derejede ösendigine gö ýetirip bileris.

Diýmek, türkmen halkynyň taryhy kökleri onuň irki aslynyň – gadym eýýämki türkmenleriň ata-babalarynyň ýaşan, soňy bilen birleşip, biz etnosy emele getiren hem türkmen adyna eýe bolan topragyndadyr. Gadymyýetiň güýçli döwletleriniň birini döreden, türkmen halkynyň hem dünýä medeniýetine öçmejek sahypa bolup giren ol halklaryň biri parfiýalylar bolup durýar.