OWGANYSTAN MESELESINIŇ DÖREMEGI WE ONUŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNA TÄSIRI

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Mowzugy: OWGANYSTAN MESELESINIŇ DÖREMEGI WE ONUŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNA TÄSIRI

Meýilnamasy:

1. 1978-nji ýylyň döwlet agdarylyşygy.

2. SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi we onuň halkara gatnaşyklaryna täsiri.

3. Owganystanda milletara uruşlar we halkara gatnaşyklary.


Owganystanda 1973-nji ýyla çenli patyşalyk düzgüni höküm sürüpdi. 1931-1973-nji ýyllarda ýurtda Muhammet Zahyr şalyk etdi. 1973-nji ýylyň 17-nji iýulynda patyşalyk düzgüni agdaryldy. Owganystan respublikasy jar edildi. Zahyr şanyň ikidoganoglany hem-de giýewsi bolan Muhammet Dawut özüni respublikanyň premýer-ministri we goranmak ministri diýip jar etdi. Muhammet Dawut döwründe ýurduň ady respublika bolsa-da, iş ýüzünde onuň şahsy hökmürowanlygy berkarar edildi. Muhammet Dawudyň düzgüni 1978-nji ýylyň aprel wakalaryna çenli dowam etdi.

1978-nji ýylyň döwlet agdarylyşygy. Aprel wakalarynyň baş sebäpkäri Owganystanyň Halk Demokratik partiýasy (OHDP) bolupdy. Bu partiýa Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky “Halk”, Babrak Karmalyň ýolbaşçylygyndaky “Parçam” (“Baýdak”) syýasy toparlanyşyklarynyň birleşmegi netijesinde 1965-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döräpdi. 10 ýyldan gowrak bu partiýa hökümete garşy gozgalaňa taýýarlandy. Onyň esasy agzalary goşundaky ýaş serkerdelerdi. Şolara daýanyp, 1978-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kabulda ýaragly gozgalaň başlandy, Ýurduň ýolbaşçysy Muhammet Dawut boýun egmän ýogaldy. Häkimiýete Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky çepçi toparlanyşyk geldi. Aprel wakalary ynkylap diýlip atlandyryldy.

1978-nji ýylyň aprelinde häkimiýete gelen OHDP gysga wagtda ýurtda sosializm gurmaklygy şygar edindi. Kabulyň halkara aeroportunda “Sosialistik ynkylabyň täze nusgaly ýurduna hoş geldiňiz!” diýen ýazgy asyldy. 30-njy aprelde ýurt resmi taýdan Owganystan Demokratik Respublikasy (ODR) diýlip jar edildi. Respublikanyň premýer-ministri we partiýanyň baş sekretary Nurmuhammet Taraki boldy.

Täze hökümet sosialistik özgerdişlere girişdi. Obalarda iri mülkäarlaryň, şäherlerde senagat eýeleriniň emläkleri zorluk bilen ellerinden alnyp, döwletiň haýryna geçirildi. Asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlara, edim-gylymlara, dine garşy göreş başlandy. Kommunistik ruhly terbiýe berýän mekdepler açyldy. Bu zatlaryň ählisini halk ýigrenç bilen garşy aldy. Bu çäreler dünýä jemgyýetçiligini-de, döwletlerini-de biperwaý galdyrmady. Dünýäniň ünsi Owganystana gönükdi.

SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi we onuň halkara gatnaşyklaryna täsiri. Täze owgan hökümetiniň geçirýän çärelerine garşy Owganystanyň ilatynyň esasy bölegi aýaga galdy. Daşdan goldaw bolmasa bu hökümet uzak saklanyp biljek däldi. Ýeri gelende aýtsak bu döwletiň ýolbaşçylary bolan Taraki bilen Hafizulla Aminiň arasynda garşylyklar başlandy. 1979-njy sentýabrynda Amin Tarakini bogup öldürip, döwlet baştutanlygyna özi geçdi.

Syýasy dartgynlylygyň ýitileşen şertlerinde Owganystan ýolbaşçylarynyň bir toparlanyşygyny goldap, 1979-njy ýylyň dekabrynda SSSR Owganystana goşun girizdi (resminama seret!). Bu goşun ilki 50 müň adamdan ybarat bolsa-da, soňra 150 müňe çenli köpeldildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adalatly belleýşi ýaly “döwletleriň içerki işlerine başga döwletler goşulyşanda otuşmaýan taraplaryň birini goldan bolup gelýärler”. Bu hakykat hut Owganystan babatda hem şeýle boldy.

SSSR-e Amin ýaramaýardy. Sowet goşunlary özi bilen bilelikde Ýewropa ýurtlarynyň birinde diplomatik işde gezip ýören Babrak Karmaly getirip, Owganystanyň döwlet ýolbaşçysynyň kürsüsinde dikdi. Öňki ýolbaşçy Amin bolsa rus esgerleri tarapyndan atylyp öldürildi. SSSR-iň Owganystana goşun salmagy gohy ýetik dünýäniň ýene bir burçunda onlarça ýyla çeken dawanyň tutaşmagyna getirdi.

SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine, owgan halkynyň boýnuna yglan edilmedik urşy dakmagyna garşy dünýä döwletleriniň ählisi diýen ýaly çykyş etdiler. SSSR-i bu hereketinde diňe öz ýaranlary goldady.

Owganystanyň içinde sowet goşunlaryna garşy dürli serkerdebaşylaryň ýolbaşçylygynda harby birikmeler döredilip, azat edijilik urşy başlandy. Olaryň köpüsi özlerini mojahedler (mojahed - hak iş ugrunda göreşiji) diýip atlandyrdylar. Olar diňe sowet goşunlaryna däl, olaryň dikmeleri bolan Kabul hökümetine garşy göreşýärdiler. Göreşmezçe-de däldi. Çünki, sowet goşunlary Owganystanda “Ur diýseň, gözüni çykarar“ edipdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky komissiýasynyň 1985-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Owganystan boýunça taýýarlan hasabatynda sowet goşunlarynyň bu ýeriň parahat ilatyna beren güzaby hakda şeýle maglumatlar getirilýär: 1985-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda sowet goşunlary 32 müň 755 adamy öldüripdirler, 1834 öýi tozdurypdyrlar, 74 obany weýran edipdirler, 3308 sany dürli görnüşli öý haýwanlaryny gyrypdyrlar. Käbir obalary ornunda ýumurtga togalabermeli edipdiler. Garaz, Owganystana harteçjal barana dönüpdi. Owganystanyň halkynyň millionlarçasy daşary ýurtlarda bosgun bolup, ýat illerde mysaplyk çekmäge mejbur boldy (resminamalardaky maglumatlara seret!).

SSSR Owganystanda öz hökmüni ýöredip bilmejekdigini duýup, 1988-nji ýyldan başlap bu ýerden goşunlaryny çykarmaga girişdi. 1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda iň soňky sowet esgeri Owganystandan çykdy. SSSR-iň beren resmi maglumatlaryna görä onuň Owganystanda 13 müň 310 adamsy öldürilipdi, 35 müň 478 adamsy ýaralanypdy, 311 adam dereksiz ýitipdi.

Owgan urşy türkmen halkynyň hem ýüreginde dagly yz galdyrdy. Çünki, SSSR-iň Owganystana girizen goşunynyň esasy bölegini SSSR-iň musulman ilatly sebitlerinden toplanan esgerler düzýärdi. Sowet ýolbaşçylarynyň öňe süren internasional borç baradaky ham-hyýallary üçin müňlerçe türkmen ýigitleri hem bu manysyz urşuň şarpygyny datmaly boldular. Olaryň köpüsi Watandan alysda, owgan topragynda näumyt halda gözlerini baky ýummaly boldular.

Owganystanda milletara uruşlar we halkara gatnaşyklary. SSSR-iň we beýleki döwletleriň Owganystanyň içerki işlerine gatyşmaklary Owganystanda milletara uruşlarynyň tutaşmagyna getirdi. Şu urşuň dowamynda Owganystanda ýaşaýan halklaryň ählisi öz ýaragly güýçlerini döretdiler. Olar sowet goşunlary Owganystanda saklanýarkalar umumy duşmana - sowet esgerlerine garşy göreşýärdiler. Olary daşardan ABŞ, Päkistan, Saud Arabystany we başga-da owgan halkynyň ykbalyna biperwaý garamaýan birnäçe döwletler goldaýardylar. Şol goldaw netijesinde Owganystanda ägirt köp mukdarda ýarag jemlendi. Sowet goşunlary çykandan soňra olar şol ýaraglary biri-birlerine garşy öwürdiler.

1986-njy ýylda Babrak Karmal häkimiýetden çetleşdirilip, ornuna Najibulla geldi. Ol 1987-nji ýyldan başlap milli ylalaşyk syýasatyny öňe sürdi. Owganystandan gaçyp daşary ýurda gidenleri yzyna çagyrdy. Hökümete garşy göreşýän güýçleriň ýaraglaryny tabşyryp, parahatçylykly ýaşaýşa dolansalar “günäsini” geçýändigini yglan etdi. Emma milli ylalaşyk syýasaty garaşylýan netijäni bermedi. Tersine garşydaşlary Najibullanyň hökümetine garşy göreşi güýçlendirdiler. Najibullanyň ýurduň resmi adyndan “Demokratik” sözüni aýyrmagy-da ýagdaýy kadalaşdyrmady. Mojahedler Kabula garşy harby ýöriş guradylar. 1992-nji ýylyň başynda Kabul olaryň eline geçdi. Najibullanyň hökümeti agdaryldy. Ornuna Sebgatulla Mojaded geçdi. Ol gysga wagtdan soň ornuny mojahedleriň baştutany Burhanuddin Rabbanä berdi.

Ahmet şa Masut täjiklere, Abdyreşit Dustum özbeklere, Gulbeddin Hekmatýar puştunlara baş bolup, häkimiýet ugrunda göreşe başladylar. Owganystanda 1994-nji ýylda öňki dawalarda özüni halka ýigrendirmedik täze bir güýç - talyplar molla Omaryň ýolbaşçylygynda göreş sahnasyna çykdy. Talyplar Owganystanyň ilatynyň üçden iki bölegini düzýän puştunlaryň ýaragly wekilleridir. Talyplar 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Owganystanyň 90%-den gowrak territoriýasynda ýaşaýan ilatynyň üstünden öz gözegçiligini ýola goýdular. Olarýň döwründe halkara talaňçylygyna ýardam etmek syýsaty alnyp baryldy. Owganystan meselesi babatdaky dartgynlylyk esasan Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň baştutanlygyndaky halkara güýçleriň tagallasy we ýaragly goşulyşmagy bilen tamamlandy.

Talyplara garşy Demirgazyk birleşigi göreşini dowam etdirdi. Owganystanyň asyryň ahyryndaky 20 ýyllyk taryhy dürli uruşlar bilen bagly boldy. Halk urşa öwrenişdi. Owgan meselesi halkara derejä çykdy. Ony kadalaşdyrmaklyk üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi köp iş etdi. Owganystan meselesini kadalaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary uludyr. Türkmenbaşynyň hemaýaty bilen sebitde ylalaşdyryjy merkez bolen Aşgabatda owganara gepleşikleriniň birnäçe tapgyry grçirildi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dawagär owgan taraplarynyň öňbaşçylarynyň käbirini biri-biri bilen ýene bir gezek duşurypdy.


Sowet goşunlarynyň Owganystandaky çäklendirilen kontingentiniň serkerdebaşysy general-polkownik B.W.Gromowyň ýatlamalaryndan


Goranmak ministri Sowet Soýuzynyň Marşaly D.F.Ustinowyň 1979ý. dekabrynda beren dilden görkezmeleriniň esasynda berlen 30 gowrak direktiwanyň esasynda Orta Aziýa we Türküstan harby okruklarynyň territoriýasynda ýüzden gowrak harby bölümler, birikmeler we guramalar jemlenildi. 40-njy armiýanyň, üç sany motoatyjy diwiziýanyň, desant-zabt ediji brigadanyň, aýratyn motoatyjy polkut, artelleriýa we zenit raketa brigadasynyň, şeýle hem goşunlarynyň beýleki görnüşleriniň we tyl gullugunuň taýýarlyk işleri ýaýbatlandyryldy. Herekete getirilen goşunlaryň doly üstüniň ýetirilmegi üçin zapasdan 50 müň ofiser, soldat we seržant çagyryldy. Halk hojalyk kärhanalary goşunyň hajatlary üçin 8 müň töweregi awtoulag satdylar.

Bu goşuna çagyryş we ýaýbatlandyryş çäreleri bu iki harby okrug üçin soňky ýarym asyrda iň irisi bolupdy. Goşunda we harby komissariatlarda adaty inspektor barlagynyň gidýändigine ynanýardylar. Diňe 24-nji dekabrda SSSR-iň goranmak Minisrtliginiň ýolbaşçy düzüminiň maslahatynda sowet ýolbaşçylarynyň Owganystana goşun salmak barada karar kabul edendigini yglan edildi. Serhetden geçilmeginiň takyk wagty hem bellidi - 1979ý. 25 dekabr, sagat 15.00.

Danilow A.A. Kosulina L.G. Istoriýa Possii. XX wek. M, 1997, 327s.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy owgan meselesi barada Taryhy hem geografiki sebäplere görä, owgan meselesi biziň Türkmenistanymyzda örän ýiti duýulýar. Biz köp görgi gören owgan halkynyň taryhynyň hem muňa şaýatdygyna ynanýarys:owgan halkynyň içerki dawasyna islendik daşardan gatyşylmagy, aýratyn-da ýaragly gatyşylmagy asla maksadalaýyk däldir, owganlaryň “ýaramazlara” we “oňatlara” bölünmegi we “ýaramazlaryň” ile göz edilip jezalandyrylmagy ýene-de täzeden gan döküşlige we hiç bir günäsiz adamlaryň hesretine getirer. Biz Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň owgan halkynyň ýürek telwasydygyna berk ynanýarys. Owgan halkynyň öz içki meselesini özi çözmäge erki ýeter. Owganystandan daşarda bolup, oňa täsir edip biljekler hem bu gün şeýle hoş niýetden ugur almalydyrlar.

Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünýä: müňýyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygy.(BMG-niň “Müňýyllygyň Assambleýasy”