Nury Halmämmedow
Nury Halmämmedow (1940 -1983), Kompozitor
Doglan ýeri: Häzirki Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyn Daýna obasy. Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, SSSR kompozitorlar birleşiginift agzasy. Meşhur sazlary: «Aýgytly ädim» baleti, «Türkmenistan» simfoniki şekilleri, simfoniýa, G.Ezizowyň sözlerine solistler, hor we orkestr üçin wokal - simfoniki poema «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine», «Dutaryň owazy», «Ballada», «Saňa» we beýleki fortepiano üçin pýesalar, «Nar agajy» atly skripka we fortepiano üçin wariasiýalar, Magtymgulynyň, Mollanepesiň sözlerine alty wokal toplumy, S.Ýeseniniň sözlerine «Pars äheňleri», G.Geýnäniň sözlerine «Ynsan yürekleri», XX asyr ýapon şahyrlarynyň sözlerine «Hirosimanyň we Nagasaniniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary» , şeýle hem «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Şükür bagşy» filimlerine sazlary we beýlekiler.