Nurmuhammed Andalyp
Nurmuhammet-Andalyb döredijilik işine ýaşlykda başlapdyr. Onuň döredijiligi tematik hem tär taýdan köp taraply we baý. Ideýa çeperçilik taýdan bolsa, örän ýokary hem täsirlidir. Ol özüniň çuňňur zehini, ajaýyp talanty bilen birtopar goşgydyr-gazarlary, “Oguznama”, “Nesimi”, “Sagdy Wakgas”, “Kyssaýy Fyrgun”, diýen poemalaryny “Ýusup-Züleýha”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap”, “Leýli- Mejnun” ýaly dessanlaryny “Melike-Mährinigär” powestini döredýär. Şahyr mundan başgada arap dilinden “Maksatnama”, pars-täjik dilinden “Dört peri”, “Mürze Hemdem” diýen dessanlaryny türkmen diline terjime edýär. Ussat şahyr Nowaýynyň, Fizulynyň, Jamynyň, Wepaýynyň we başgalaryň gazarlaryna tahmyslar ýazýar.
Andalybyň poemalary
1. “Oguznama” poemasy türkmenleriň ata-babalary bolan Oguzlar barada taryhy maglumatlar berýär. Onda Oguzlaryň ýaşan ýurtlary, durmuşy, harby ýörişleri, ir-iýmişleri, däp-dessurlary, Oguzhanyň nebereleri, olaryň ýaşaýyşlary çeper teswirlenýär. Eserde baş gahryman Oguzhan bolup, onuň obrazy örän täsirli ynançly berilýär. Oguzhanyň öwüt-nesihatlary, il-halk, adyllyk baradaky syýasatlary örän ähmiýetlidir.
Bu poema on bir bapdan ybarat bolup, goşgy düzülişiň meslewi şeklinde ýazylandyr.
2. “Nesimi” poemasy dünýä belli şahs türkmen şahyry Seýit Nesiminiň (1370-1417) durmuşy ýaşaýşy we tragik ykbaly beýan edilýär. Eser 1312 setirden ybarat bolup, Nesimini öwrenmekde örän gymmatly, taryhy hem çeper materialdyr.
3. “Sagdy Wakgas” poemasy VII asyrda ýaşan taryhy şahs bolan sahaba Sagt ibn Ebi-Wakgasa (Muhammet pygamberiň iň ýakyn adamy) bagyşlanypdyr. Sagdy Wakgas sahylykda dünýä özüni tanadan adam bolupdyr. Şahyr by eseriň üsti bilen adamlary adamkärçilige, sahylyga, myhmansöýer hem agzybir ýaşamaga, men-men bolmazlyga çagyrýar.
4. “Kyssaýy-Fyrgun” poemasy bolsa, adyndan belli bolşy ýaly gadymy Müsür Fyrgunlary (Faraonlary) baradadyr. Bu eserde Musa pygamberiň dünýä inişi, terbiýelenşi we kemala gelişi baradaky rowaýat çeper beýan edýär.
ýokaryk
Andalybyň dessanlary
1. “Babaröwşen” dessany. Şahyr bu dessany dini temada ýazmak bilen dördünji çaryýar Hz. Alynyň mysalynda adamlary garyplara hemaýat bermeklige çagyrýar.
2. “Ýusup-Züleýha” dessany. Andalyp bu dessany 1715-1723 -nji ýyllarda Hywada hanlyk eden Şirgazy hanyň haýyş etmegi bilen ýazylypdyr. Dessanda mukaddes söýgi temasy haýyr hem şer işler, agzalalyk, talaňçylykly uruşlar bilen baglanyşykly çözülýär. Şahyr bu eserde erkin söýgi, insanperwerlik, watansöýjülik, parahatçylyk ýaly hemme döwre derwaýys pikirleri öňe sürýär. Dessanyň baş gahrymanlary, ýedi sany hak aşyklaryň biri- Ýusup hem Züleýha durmuşyň iň pajygaly günlerini başdan geçirýärler. Eserde Züleýhanyň mähirli söýgisi, Ýusubyň akylly-başly hereketleri Müsür ilini heläkçilikden gutarmakda ähli elhenç güýçleri ýeňip geçýär, hakyky söýgi rowaçlanýar.
3. “Leýli-Mejnun” dessany. Bu eser hem Gündogar edebiýatynda, halk döredijiliginde belli bolan “Leýli-Mejnun” arap ertekisi esasynda ýazylandyr. Şahyr eseri özüçe işläp, ony türkmen däp-dessurlary bilen baýlaşdyryp, dessan şeklinde ýazypdyr.
Dessanyň temasy yşk-söýgi sosiýal deňsizlik. Onda azat päk söýgi, wepalylyk, dostluk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, zuluma, adalatsyzlyga garşy göreş pikirleri öňe sürýär. Dessanda ähli waka Leýli bilen Mejnun päk söýgüsi, eneden doglan günlerinden başlanan söýgüniň iň ýokary derejä ýetişi bilen baglanyşyklydyr.
“Leýli-Mejnun” dessany, olaryň päk söýgüsi-ýedi hak aşyklaryň biri, gözelligiň wepalylygyň alamaty hökmünde adamlaryň aňynda ýaşaýar.
4. “Zeýnelarap” dessany hem şahyryň Yslam dininiň wekilleri barada ýazan eserleriniň biridir. Dessanda Hz. Alynyň ogly Muhammet Hanapýanyň Zeýnelaraba bolan söýgisi beýan edilýär. Nurmuhamet-Andalybyň “Zeýnelarap” dessany hyýaly ertekilere çalymdaş, örän çeper hem gymmatly eser bolup, ol türkmen edebi mirasynda uly goşantdyr.
Nurmuhammet-Andalybyň şahyrana pähimi bilen dürli temalarda döreden ajaýyp dessanlary türkmen edebiýatynyň milli hem hakyky şekili bolan dessançylyk tärini kämilleşdirdi hem baýlanyşdyrdy.
ýokaryk
JYKYR
Höweslik daýhanlara bir näzenin jenan jykyr, Bolsa suw wagty ekişde, aýlanar çenden jykyr, Iki ýüz tylla bahasy bolsa hem arzan jykyr, Bulduran suwny guýar-da öresi lerzan jykyr, Eşki silap gözlerinden akuzur girýan jykyr.
Her säherler nala eýläp, kyçkurur şeýda bolup, Aýlanar ýüz nagma bilen, bilbili göýä bolup, Kölçe-kölçe ýerlere rehmet suwy derýa bolup, Rehmetinden gögerer jümle nebadat ja bolup, Hak tagala zikrin aýdar gijeler efgan jykyr.
Sen gulak goýsaň, ýakar her dembe-dem owazy hoş, Balaman, dutar, rebap, setardan agazy hoş, Suwy perawan bolsa hem bolar anda ýazy hoş, Dembe-dem tökse digir suwny pykyrdap näzi hoş, Biz kibi uftadalarnyň derdine derman jykyr.
Bolsa göýä bir sapar kim, oýlanur-da joş eter, Eýesi ýüz müň sena birle köňlüni hoş eter, Mähriban bolsa huda, kimge jykyrny duş eter, Kim jykyrnyň lezzetin bilmez, ki ol medhuş eter, Der hakykat bilgen ilge asly bu daýhan jykyr.
Bu jykyrga münde bir ýagaç biliň derkar erur, Her biri bir labz ile zikru hudaga ýar erur, Biri subhan, biri diýr, alhamdululla ýar erur, Aýlanur-da gysgany çarhy pelek dek bar erur, Diýgeri hüw-hüw diýip, bagyrar birýan jykyr.
Öresi bakyp semaga, arşy-agla görgüsi, Hak tagala birligine hem güwälik bergüsi, Eýgesi hak sunguna daýym tomaşa kylgusy, Suw gelip pest-belent şorga bu zeminler tolgusy, Abyrehmetden gögerur bag ile bostan jykyr.
Lailaha-illa diýip, arpa-bugdaý baş urur, Laşerike wada hu diýp, jugary hem çaş urur, Käşiru-künji, sogan, şaly ajaýyp aş olur, Jugarany köp ekiň, anyň huruşy mäş olur, Yhtyýat eýläň ýaranlar, bolmasyn weýran jykyr.
Hem üzüm peýda olur enjiru, zerdalylar, Alma, kişmiş, harbuzy-tarbuzy, garalylar, Pisteler, enarlar, naşbaty şeptalylar, Sowsanu-sünbül, gyzyl gül açylyp gül-läleler, Uşbu güllerni görüp, hakdan bolar mestan jykyr.
Kimiňki bilmez bu jykyrnyň lezzetin haýwan erur, Telmuryp oltursa suw diýp, akmagu-nadan erur, Taşmasa suw ýer üçin, işimiz müň efgan erur, Şükür Alla, Andalyp kyldy jykyr jöwlan erur, Bizi kibi uftadalarynyň derdine derman jykyr.
Geziş ýoly: Baş / Edebiýat / Gadymy we orta asyr türkmen edebiýaty / Nurmuhammet Andalyp © TM (2001) Sahypa barada Ýokaryk ýokaryk
Nurmuhammet
Andalyp
(1660-1740)
Taryhçy, terjimeçi, filosof türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji dessançy şahyr diýip tanalýan Nurmuhammet Andalyp alymlaryň täze barlaglar boýunça Ýylanly etrabynyň Garmazy obasynda eneden dogulyp 1740-nji ýylda aradan çykypdyr.
Nurmuhammet türkmeniň düýeçi tiresiniň Seýilhan neslindendir. Onuň atasynyň adyna Akmuhammet, kakasynyň adyna Seýitmuhammet ýa-da Seýitahmet, ejesiniň adyna bolsa Hansoltan diýer ekenler.
Şahyr özüniň ady we ýaşan ýerleri barada “Ýusup-Züleýha” dessanynda şeýle ýazýar:
“Ismim idi Nurmuhammet Garyp, Sözde Tahallusym idi Andalyp,”
Şahyryň ýaşlygy Garamaly obasynda geçýär. Ol ilki oba mekdebinde soň bolsa, Hywada medrese bilimini alypdyr. Onuň Bagdatda okanlygy baradada maglumatlar bar. Şahyr okuwyň daşyndan Gündogar edebiýatynyň klassyklaryny ylmy-filosofik işlerini halk döredijilik eserlerini yhlas bilen okap, öz döwrüniň ylym bilimini kämil ele alan adam bolup ýetişýär.
Nurmuhammediň esasy kesp-käri daýhançylyk hem agaç ussaçylygy bolupdyr. Ol kakasyndan öwrenen daýhançylyk işleri bilen bir hatarda oba adamlaryna araba, jykyr ýaşaşmak hem meşgullanýardy.Nurmuhammet ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşdyryp, özüne Garyp diýen lakamy alypdyr. Gül atly gyzy söýüp, özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplamak bilen Andalyp (Bilbil) diýen edebi lakamy göteripdir.
Nurmuhammet-Andalybyň nebereleri barada takyk maglumat ýok diýerlikdir.