Nemes owçarkasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Nemes owçarkasy (çopan it) – Germaniýada 1899-njy ýylda dörän gulluk itleriniň tohumydyr.[1] Owçarka itlerini (çopan itleri) ilki başda çopançylyk itleri hökmünde ulanypdyrlar. Häzirki wagtda nemes owçarkalary maýyplara kömek etmekde, gözleg-halas ediş işlerinde, polisiýa we goşunlara gulluk etmäge gatnaşýarlar we şeýle hem kinofilmlerde düşýärler.[2]

Garawul itleri hökmünde üýrýän it tohumlarynyň içinde owçarka (çopan) itleri ikinji orny eýeleýär.[3]

Tohum standarty[düzet | çeşmäni düzet]

Nemes owçarkalary (çopan) orta we uly göwrümli bolýarlar.. Sagdyn tohumyň adatça boýy erkek itleri üçin 60-65 sm (24-26 duým) we ganjyklar üçin 55-60sm (22-24 duým). Nemes owçarkasynyň beden uzynlygynyň boýuna bolan gatnaşygy 10:8 1⁄2. Owçarkalar köplenç goňur-gara ýa-da gyzyl-gara reňkde bolýarlar. Sütükleri orta uzynlykda goýy sütükli bolýar.[4]

Nemes owçarkasynyň ortaça ömri 10,95 ýyla barabardyr.[5]

Saglyk[düzet | çeşmäni düzet]

Kä halatlarda harsallyk bilen köpeldilen tohumlarda ýanjyk bognuň displaziýasy (19,1%) we degeneratiw mielopatiýa (36%) ýaly dogabitdi keselleri duş gelip biler.[6][7] Mielopatiýa keselini weterinar hassahanasynda tüýküligiň DNK testini geçirmek bilen kesgitlemek bolar. Mundan başga-da, nemes owçarkalarynda ganyň gatamak ukybynda bozulmalar, aşgazan asty mäzinde näsazlyklar we penjelerinde (penje ýassyjaklarynda) jaýryklar bolup bilýär.[8][9]

Nemes owçarkalarynyň saglygyny ýeterlik derejede saklamak üçin itleriň iýmitinde kalsiý, A we D witaminleriniň, Omega-3 we glukozamin derejelerini gözegçilikde saklamak gerek.[10]

Temperament[düzet | çeşmäni düzet]

Standartlara laýyklykda, nemes owçarkalary «häsiýeti boýunça deňagramly, berk nerw ulgamly, özüne ynamly, düýbünden tebigy (adaty), doly hoşgöwünli, ýöne ünsli we dolandyrylýan» bolmalydyr.[11]

Nemes owçarkasy çagalar bilen gowy düşünişýär. Muňa garamazdan, şikes ýa-da heläkçilikli ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak üçin, nemes owçarkasyny çagalar bilen ýeke goýup gitmek maslahat berilmeýär.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "German Shepherd Dog History: Origins of the Working Breed". akc.org. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21. 
  2. "German shepherd dogs in the military: a brief historical overview". mwdtsa.org. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21. 
  3. "The intelligence of dogs". archive.org. Retrieved 2021-12-21. 
  4. "German Shepherd Dog". akc.org. Archived from the original on 2006-06-13. Retrieved 2021-12-21. 
  5. "German Shepherd Lifespan – How Long Do German Shepherd Dogs Live?". thehappypuppysite.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21. 
  6. "Identification and Validation of Quantitative Trait Loci (QTL) for Canine Hip Dysplasia (CHD) in German Shepherd Dogs". ncbi.nlm.nih.gov. Archived from the original on 2014-05-21. Retrieved 2021-12-21. 
  7. "Effect of Glucosamine Sulfate on Osteoarthritis in the Cruciate-Deficient Canine Model of Osteoarthritis". ncbi.nlm.nih.gov. Archived from the original on 2022-01-05. Retrieved 2021-12-21. 
  8. "10 Best Dog Paw Balms of 2021: Reviewed by Experts". boneandyarn.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21. 
  9. "Von Willebrand's Disease in Dogs". petcoach.co. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21. 
  10. "A prospective, randomized, double blind, placebo-controlled evaluation of the effects of eicosapentaenoic acid and docosahexaenoic acid on the clinical signs and erythrocyte membrane polyunsaturated fatty acid concentrations in dogs with osteoarthritis". doi.org. Archived from the original on 2022-01-05. Retrieved 2021-12-21. 
  11. "German Shepherd Dog" (PDF). wusv.org. Archived (PDF) from the original on 2021-08-09. Retrieved 2021-12-21.