Naryman Jumaýew
aydogy tahyrow romany
(1925 – 1984)
[düzet | çeşmäni düzet]Naryman Jumaýew türkmen edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan ýazyjylaryň biridir. Ol 1925-nji ýylda Lebap welaýatynyň öňki Dänew etrabynyň Boýnyuzyn obasynda (häzirki Garaşsyzlyk etrabyna degişli) eneden dogulýar. Naryman ata-eneden ir galyp, Halajyň çagalar öýünde terbiýelenýär we şol ýerdäki mekdepde okaýar. 1941-nji ýylda Kerki (häzirki Atamyrat) şäherindäki Mugallymçylyk mekdebini tamamlaýar. Halaç etrabynda mugallym bolup işleýär. 1943-nji ýylda Naryman Jumaýew Beýik Watançylyk urşuna meýletin gidýär. Ol uruşda görkezen edermenlikleri üçin orden-medallar bilen sylaglanýar. Uruşdan gelensoň, öňki işlän mekdebinde mugallymçylyk işini dowam etdirýär.
Naryman ýaşlykda köp okamagy özüne endik edinýär. Özbaşdak ulytaý ýarlygy bolany üçin, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň üçünji kursuna okuwa kabul edilýär.
Giň gözýetim, edebiýata çäksiz söýgi Narymanda çeper döredijilige höwes döredýär. Ol uniwersitetde okapýören döwründe özüniň ilkinji hekaýalaryny ýazýar, rus ýazyjylarynyň birnäçesiniň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Çeper terjime ýazyjy üçin uly döredijilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, ol çeper döredijilige ymykly girişýär. Ellinji ýyllaryň ahyrlaryna çenli ençeme hekaýalaryny, «Ak derek», «Akmaýanyň ýoly», «Kyýas» ýaly powestlerini döredýär. Aýratyn-da, ýazyjynyň «Akmaýanyň ýoly» powesti wakalarynyň dartgynlylygy, özüne çekijiligi, gyzyklylygy sebäpli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Bu eser ýurt möçberinde yglan edilen çeper eserleriň bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolýar.
N.Jumaýewiň «Pagtabent» powestinde halkymyzyň ata-babalardan gelýän geçmiş mirasyny akylly-başly öwrenmek hakynda mesele gozgalýar.
Ýazyjy öz eserlerinde hemişe anyk bir düýpli mesele gozgamaga ýykgyn edýär. Belli bolşy ýaly, anyk mesele gozgamak ýazyjydan irginsiz gözlegleri talap edýär. Ýazyjynyň «Eglişik», «Öwrüm» powestleri çuňňur döredijilik agtaryşlarynyň netijesinde dörän, möhüm meseleleri gozgaýan eserlerdir.
N.Jumaýewiň döredijiliginde taryhy tema uly orun tutýar. Ýazyjynyň özi – bilimi boýunça taryhçy. Bu oňa taryhy wakalaryň jümmüşine çuňdan aralaşmakda, olara töwerekleýin baha bermekde ýardam edýär. Ýazyjy taryhy temadan «Akmaýanyň ýoly» powestini, «Aýdogdy Tahyrow», «Jeýhun», «Welaýat» ýaly romanlaryny döretdi. Ol öz eserlerinde öň bu temadan döredilen eserleri gaýtalaman, eýsem onuň täze taraplaryny açyp görkezdi. Ýazyjy eserlerinde gahrymanlary emeli toparlara bölmeýär. Gahrymanlarynyň häsiýetlerini köptaraply açyp görkezmäge ýykgyn edýär.
N.Jumaýewiň zehini barha kämilleşýär. Ol wakalary beýan etmäge kowalaşman, çeper häsiýet döretmäge esasy ünsüni gönükdirýär. Şu usulda döredilen «Ýuwaş gelin» powesti ýazyjynyň özünede, tutuş türkmen edebiýatynada uly abraý getirdi. Ol öňki bütinsoýuz edebi neşirleriniň biri «Дружба народов» žurnalynyň baýragyna mynasyp boldy. Powest dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edildi. Bu eseriň esasynda döredilen telefilm häli-häzire çenli ekrandan düşmän gelýär. Powestiň şeýle ýokary baha mynasyp bolmagynyň asyl sebäbi nämede? Ýazyjy eserde türkmen gelinlerine mahsus bolan ajaýyp milli gylyk-häsiýetleri inçeden tipleşdirip görkezýär. Powesti okanyňdan soň, halkymyzyň ýuwaş gelinleriniň asyllylygyna, tapdyrgysyz edep-ekramlylygyna, ejaplylygyna, salykatlylygyna, belentligine, häsiýetiniň ajaýyp taraplaryna has çuňdan göz ýetirýärsiň. Ýuwaşlyk, çensiz-çaksyz geçirimlilik türkmen gelinleriniň baş häsiýeti. Ynha, şu-da powestiň baş açyşy, eseriň esasy gymmatydyr.
Eseriň baş gahrymany biçak salykatly türkmen gelni Selbi öz maksady ugrundaky göreşini geçirimlilik, adamkärçilik bilen utgaşdyryp alyp barýar. Şeýle adamkärçilikli göreşi bilen ol diňe adamsy Jemşidiň aň-düşünjesine täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem garasöýmez gaýynatasynyň hem ynamyny gazanyp, onuň garaýyşlarynyň özgermegine sebäp bolýar. Selbi öňünde keseren ähli päsgelçiligi adamkärçilik, geçirimlilik bilen ýeňip, Jemşit bilen döwrebap maşgalanyň berk binýadyny goýýar. Şeýlelikde, öz ykbalyny goşan tutuş maşgalasy bilen ysnyşykly, agzybirlikli, dostlukly, döwrebap ýaşamaga berk şertler döremegini gazanýar.
N.Jumaýew öz döwründe derwaýys meselelere bagyşlanan publisistik eserler bilen hem metbugatda yzygider çykyş eden ýazyjy. Onuň publisistik eserleriniň bir topary «Adalatly göreş» ady bilen kitap edilip çykaryldy. N.Jumaýewiň şahsy arhiwinde doly tamamlanmadyk iki sany romany bar. Olaryň biri «Parfiýa» diýlip atlandyrylýar. Ýazyjy onuň «Çarhypelek» atly bölümini ýazyp gutarypdyr. Bu romanyň esli bölegi öňki «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edildi. Parfiýa döwletiniň durmuşyndan gürrüň berýän bu romany döretmek üçin ýazyjy ägirt uly taryhy çeşmeleri, ýadygärlikleri öwrenipdir. Beýleki gutarylmadyk roman «Ýeňiş» diýlip atlandyrylypdyr. Bu roman seljuklar döwrüniň wakalaryna bagyşlanýar. N.Jumaýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, onuň ýowuzlyklaryny gözi bilen görüp, egni bilen çeken ýazyjy. Şonuň üçin hem onuň döredijiliginde Beýik Watançylyk urşy temasy uly orun tutýar. Ol Beýik Watançylyk urşy temasyndan «Ýeňiş ýylynyň hekaýaty», «Uruş ody», «Bolşewigiň ogly» powestlerini we başga-da ençeme hekaýalary döretdi. Olarda durmuşyň manysy, uruş hakda çuňňur pelsepewi pikirler orta atylýar. Dürli ynançlaryň, garaýyşlaryň çaknyşygy suratlandyrylýar, anyk meseleler gozgalýar. [1] [2]