Mazmuna geçiň

Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç
Doglan wagty we ýeri1973
Aşgabat şäheri, Ruhabat etraby, Gypjak ýaşaýyş toplumy
KäriTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
MilletiTürkmen

Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri

[düzet | çeşmäni düzet]

1973-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýokary bilimli. 1995-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. Hünäri boyunça ykdysatçy.

Zähmet ýoly

[düzet | çeşmäni düzet]

Zähmet ýoluna 1995-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň pul dolanyşygy we karz kafedrasynyň mugallymy bolup başlady. 1996-2003-nji ýyllarda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Abadan şäher şahamçasynyň hünärmeni, baş buhgalteriň orunbasary, baş buhgalteri wezipelerinde işledi. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň iş usulyny öwrediş bölüminiň başlygy, baş buhgalteriň amallar boýunça orunbasary boldy. 2003-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2006-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-amallar müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi. 2006-njy ýylyň maýyndan 2012-nji ýylyň mart aýyna çenli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýyetiniň başlygynyň birinji orunbasary bolup işledi. 2012-2014-nji ýyllarda «Türkmenistan» döwlet tajirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2014-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2015-nji ýyla çenii Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy boldy. 2015-2017-nji ýyllarda Maliýe ministrliginiň senagatyň, ulaglaryň we aragatnaşygyň maliýesi müdirliginiň başlygy bolup işledi. 2017-nji ýylyň iýun aýyndan iýul aýyna çenli maliýe ministriniň orunbasary wezipesinde işledi. 07.2017-05.10.2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministri wezipesinde işledi. 05.10.2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.
  • "Türkmenistan" gazeti, №271 (28855) 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-sy, S.1.