Mazmuna geçiň

Muhammet Awfy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýazaryň doly ady Muhmmet ibn Muhammet Awfy, lakamy Sedideddin. Awfy hakda «Tejäribus-selef», «Nüzhetul-kulub», «Taryhy Güzide» we «Keşfuz-zunun ýaly eserlerde dürli maglumatlar getirilipdir. Ol Buharada, takmynan, 1171-1175-nji ýyllar aralygynda dünýä inýär we 1240-1250-nji ýyllar aralygynda dünýäden ötýär. Muhammet Awfy Muhammet pygamberiň meşhur sahabalaryndan bolan Abdyrahman ibn Awfyň neslindendir. Awfynyň kakasy Merwde kazy bolupdyr, onuň atasy hem bu ülkede kazy hem meşhur hadysçy alym bolupdyr. Onuň daýysy tanymal alym Şerefuzzaman Mejdeddin bolsa Garahanly döwletiniň hökümdary Gylyç Tamgaç hanyň kätibi eken. Awfy dogduk mekanynda ylym-bilim alyp kämilleşensoň, dürli ýurtlara ylmy saparlara gidip başlaýar we Mawerannahryň köp şäherlerine, Horasana, Hindistana, Samarkanda, Horezme, Merwe, Nyşpura, Hyrata, Sistana, Gaznyna we Delä syýahat edyär. Ol özüniň bu ylmy syýahaty mahaly wagyz-nesihat işleri bilen hem meşgullanypdyr, patyşalardyr emirleriň köşklerinde-de bolupdyr. Ol tä soltan Muhammet Horezmşanyň döwrüniň ahyrlaryna çenli Horasanda we Mawerannahrda bolupdyr. Birnäçe wagt daýysy Şerefuzzamanyň hemaýaty bilen Mawerannahryň garahanlylar nesilşalygynyň günbatar şahasynyň iň soňky patyşasy Gylyç Arslan Nusrateddin Osmanyň (takmynan 1211-1220-nji ýyllar) köşgünde diwanbaşy bolup işläpdir. Soňra ol mongol goşunynyň hüjüminden gaçyp, gurly emirlerinden bolan weziri Aýnylmelik Fahreddin Hüseýine bagyşlap, özûniň «Naýbaşylaryň naýbaşysy» eserini ýazýar. Soňra patyşanyň permany bilen «Hekaýatlar ýygyndysy» eserini ýazyp başlaýar. Nasyreddin Gubaja wepat bolansoň, Gurly patyşalaryndan bolan we Delidäki Şemsiýe soltanlygyny esaslandyran soltan Şemseddin Iltutmuşyň hyzmatynda bolýar. Iltutmuş gypjak türkmenleriniň börüli kabylasyndan bolup, onuň kakasyna Aýlam han diýipdirler. Awfy onuň weziri Nyzamylmük Muhammet ibn Abu Sagt Jüneýdä bagyşlap «Hekaýatlar ýygyndysy» eserini ýazýar. Netijede, uly ýygyndy, has takygy, ensiklopediýa eseri peýda bolýar. Şeýlelikde, XIII asyryň başlarynda uruşlaryň tutaşyp, pitneleriň joşan döwründe Gurly patyşa Nasyreddin Gubjanyň ornaşan galasynyň ýerleşýän ÿeri bolan Bekr obasynda Muhammet Awfy meşhur akyldar we ýazyjy hökmünde özüniň pars dilinde ýazan taryhy, ahlaky eserleri bilen jahana ýaň salýar. Onuň eserleri patyşalardyr han-begleriň, ýagşyzadalardyr serkerdeleriň ömür beýanyndan doly. Ýazyjy özüniň «Jewamygul hekaýat wel awamygur-rowaýat (Hekaýatlar ýygyndysy we rowaýatlaryň öwüşgini) atly bu eserinde özûnden öňki döwürde ýazylan taryh we tezkire kitaplaryndan halkyň taryhyna, dinine we medeni durmuşyna degişli baý maglumatlary toplapdyr. Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy we rowaýatlaryň öwüşgini» eserinden başga «Naýbaşylaryň naýbaşysy» atly eseri bar. Onuň bu eseri iň köne tezkire kitaplardan bolup, «Ýedi yklym» atly eseriň ýazary Wale Dagystany dagylar ondan görelde alypdyrlar. Bulardan başga-da Muhammet Awfy, Abu Aly Tanuhynyň hekaýatlar arkaly ýazylan «El fereju bagdaş-şidde» (Kynçylykdan soňky şatlyk» atly eserini arap dilinden pars diline terjime edipdir. Awfynyň «Naýbaşlaryň naýbaşysy» we «Hekaýatlar ýygyndysy we rowaýatlaryň öwüşgini» atly eserlerinden başga-da terjime eden we goşgy görnüşinde ýazan kitaplary hem bolupdyr. Ýöne olar biziň döwrümize gelip ýetmändir. Awfy şahyrana zowkly, talap ediji adam bolupdyr. Ol hat-da Muezzi, Zahyr Faraby ýaly meşhur şahyrlaryň şygyrlarynyň ýetmezini görkezer eken.

Ýazan käbir kitaplary

[düzet | çeşmäni düzet]

1. Jewamygul hekaýat wel awamygur-rowaýat (Hekaýatlar ýygyndysy we rowaýatlaryň öwüşgini)

2. Lubabul-elhab (Naýbaşylaryň naýbaşysy)