Monjugatdy
Monjugatdylar – halk döredijiliginiň şahyrana žanrlarynyň biri. Olar köplenç bahar aýlarynda, esasan-da Nowruzda – ýyl çalşygynda gelin-gyzlar tarapyndan döredilýän hem-de ýerine ýetirilýän yşky-söýgi häsiýetli bentlerdir. Monjugatdy – gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýny. Monjugatdylar ýylyň belli bir paslynda aýdylany üçin oňa kalendar aýdymy hem diýilýär. Kalendar aýdymy köplenç Nowruz baýramçylygynda (Mart aýynyň 21-inde) ýerine ýetirilýär.
Monjugatdylar gelin-gyzlaryň gadymy oýunlarynyň biri. Monjuk atyşma däbi ýaşlaryň arasynda gadymdan bäri dowam edip gelipdir. Oňa köpçülik bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz ykbalyny aňşyrmak isläpdir.
Monjugatdylaryñ taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Monjugatdylaryñ ýüze çykmagy gyz-gelinleriñ durmuşy, olaryñ arzuw-islegleri bilen baglydyr. Monjugatda gatnaşýan gyzlar özleriniñ nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarma gelinler bolsa geljekki ykbalynyñ neneñsi boljakdygyny bilmäge synanyşyk edipdirler. Gelin-gyzlar Nowruz gijesinde aýdylan monjugatda öz ykballarynyñ nähili boljakdygy bilen baglanyşykly bije hökmünde garapdyrlar. Monjugatdyda ýürege ýakyn, kalbyña mähirli duýgulary çoýýan duýguly bentler bilen birlikde gödegrä mazmunly bentler hem aýdylýar. Bu oýnuñ gyzykly, täsirli, dartgynly bolmagyna täsir edip, onuñ muşdaklaryny köpeldýär. Monjugatdyda ynsan duýgularyna täsir edýän bentler aýdylyp, oýun gyzykly alnyp barylsa, her bentden soñ monjuk çykarylanda, gyz-gelinler gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Bijesine düşen bentler gowy bolsa-ha, oña begenişýärler, şatlanýarlar, eger-de bijesine düşen bentler ýaramaz manyly bolsa, oña gynanýarlar. Käbir gyzlar-gelinler monjugatdy oýnuna gatnaşmakdan saklanýarlar. Sebäbi olar monjugatdyda öz bijelerine ýaramazrak mazmunly bentleriñ düşmeginden çekinýärler. Olaryñ bijesinden ýaramaz mazmunly bent çykaýsa, şol tipden bolan ýigit, durmuş onuñ ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şoña görä-de, şeýle ýazgytdan howatyr edip, monjugatda gatnaşmakdan çekinýärler. Monjugatdyda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent bijesine düşäýse, onda ol gyz özüni örän bagtly saýypdyr. Sebäbi ol özüne sataşjak ýigidiñ bahar pasly ýaly mylaýym, mähirli, ýumşak bolmagyny arzuw edýär. Monjugatdylaryñ temasy dürli-dürli bolup, olaryñ köpüsi söýgi temasyndadyr. Monjugatdy bentleriniñ birnäçesinde ýañsylama, tankydy häsiýetde düzülenleri hem bolup, olarda gaýratsyzlyk, biwepalylyk, yalançylyk, haramlyk, açgözlük kimin yaramaz häsiýetler tankytlanýar. Monjugatdy bentlerinde daýhançylyk bilen baglanyşykly temada döredilenleri-de bar. Saýlanýan ýigidiñ diñe daşky owadanlygy däl, eýsem, onuñ ekin ekip, hasyl almaga ukyby, zahmetsöýerliligi gelin-gyzlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Şeyle daýhan ýigide söýgi duýgularyny mälim edýän bentler-de döredilipdir. Ýigitler monjugatdy oýnuna gatnaşmasalar-da, öz ýanyndan daýhan ýigitlere söýgi besleýän gyzlar, pynhan duşuşyklarda öz bijesine düşen şowly bentler barada öz ýarlaryna buýsanç bilen habar beripdirler. Monjugatdy bentleri örän sada, çeper we dili ýeñil, akgynly bolýar. Olar düzülişi taýyndan lälelere, küştdepmelere meñzeş. Bentler rubagy formasynda düzülýär. Monjugatdy bentleriniñ 1-nji, 2-nji, 4-nji setiri özara sazlaşyp (kapiýalaşyp), 3-nji setiri kapiýalaşman gelýär. Bogun babatda-da monjugatdylar, läleler, küştdepmeler ýaly ýedi, käbir bentler sekiz bogundan ybarat setirlerden düzülýär. Monjugatdylaryñ on bir bogundan ybarat bendine hem duş gelinýär. Emma şeyle formada düzülen bentler monjugatdy üçin oñaýly görnüş däldir. Monjugatdylar gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ baý mazmunly, çeper görnüşleriniñ biridir. Monjugatdylaryñ haýsy zamanlardan yüze çykyp başlandygyny takyk aýtmak kyn. Diñe, takmynan, IX-X asyrlardan bärdäki döwürleri, ýagny aýal-gyzlaryñ öý hojalyk işlerine ymykly baglanan zamanlary çen etmek bolar. Monjugatdylaryñ ösüş we kämilleşiş döwürlerini XVIII-XIX asyrlardyr diýip bellemek mümkin.
Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe ýygnanýar. Oňa kämahallar oglanlar hem gatnaşýar. Oýun oýnalanda bir gaba suw guýlup, oňa her kim öz monjugyny atýar. Ýygnanyşanlaryň arasyndan ekabyrragy, monjugatda ökdesi goşgy bendini sanaýar. Oýun şeýle setirler bilen başlanýar:
Geliň, gyzlar, üýşeliň,
Bagtymyzdan diýşeliň.
Ol barýan ýigit kimkä?
Ýagşy-ýaman gülşeliň!
Oýna taýýarlyk işleri görlensoň, dilewar aýallaryň ýa-da gyzlaryň biri monjugatdy bendini sanaýar we her bentden soň, monjuk çykarýan çaga: “Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýär. Monjuk çykarylansoň, onuň kimiň monjugydygy kesgitlenýär we bent şoňa degişli edilýär. Bendiň mazmunyna görä, monjuk eýesine dürli ýomaklar atylyp gülşülýär.
Monjugatdylaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň durmuşy, arzuw-islegi bilen bagly. Monjuk atyşyp, gyzlar nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarmalar ykbalynyň nähili boljakdygyna synanyşyk edipdir. Gelin-gyzlar monjugatda Nowruz gijesinde bije hökmünde garapdyr, oňa şeýle seslenipdir:
Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.
Oýunda monjugatdylaryň iň oňat nusgalary bilen birlikde, ýaramazrak mazmunly bentler-de aýdylýar. Eger şeýdilmese, oýun gyzykly bolup bilmez. Oýun gyzykly alnyp barlanda, her bentden soň, monjuk çykarylanda, gyzlar gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Maňlaýlaryna gowy mazmunly bentler çykaýsa, oňa guwanylýar, ýaramazrak mazmuny bentlere gynanylýar.
Monjugatdy oýnunda oňa gatnaşmakdan saklanýanlar hem bolýar. Sebäbi käbir gyz monjugatdy bentleriniň mazmunyndan çekinýar. Eger ýaramazrak mazmunly bent çykaýsa, şol mazmuna laýyk bolan ýigit, durmuş-hamana ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem şeýle ýazgytdan howatyr edýär. Monjugatdy oýnunda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent düşäýse, ol gyz özüni bagtly hasaplaýar. Çünki, ol özüne duş geljek ýigidiň bahar pasly ýaly mylaýym, ýumşak bolmagyny arzuwlaýar.
Monjugatdynyň temasy köptaraplydyr. Esasy temasy söýgi meselesidir. Söýgi gyzyň erkek doganyna, jigisine ýa-da boýdaşlaryna gönükdirilýär. Şeýle hem ýigitleriň adamkärçiligi, görk-görmegi, gaýrat-kuwwaty, söýgüsi, isleg-arzuwy beýan edilýär:
Gyrmyz donuň biçeýin,
Üste teňňe seçeýin.
Atam-enem görmänkä,
Ogryn saňa gaçaýyn.
Päk söýgi hem şeýle wasp edilýär:
Iki öýüň arasy,
Gün görünmez parasy.
Göz görse, göwün söýse,
Asla bolmaz çäresi.
Şu hili bentde göwün söýeniňe ýetmek üçin kynçylykdan gaçmazlyk öwüt-nesihat edilýär:
Ýar-ỳaryň otagynda,
Saýrar gül pudagynda.
Derlese burçak-burçak,
Ýar-ỳaryň gujagynda.
Şu bentde täze çatynjalaryň agzybirlikde ýaşamagyna, biri-biriniň sarpasyny tutmaklyga çagyrylýar.
Monjugatdyda bentleriň ýaňsylama, tankydy görnüşinde düzülenleri-de bar. Azda-kände duş gelýän gaýratsyzlyk, ýalançylyk, wepasyzlyk, horanlyk, açgözlülik ýaly nogsanlyklar tankyt edilýär:
Hersene jan, hersene,
Elim urdum kersene.
Iýdim-içdim doýmadym,
Yene bolsa bersene.
Şu bentde maşgalada garnynyň ugrunda selpäp ýörenler ýazgarylýar.
Monjugatdylarda daýhançylyk temasy-da beýanyny tapýar. Söýülýän ýigidiň diňe daşky görki däl, eýsem onuň işeňňirligi, ekin ekip, hasyl almaga ezberligi, umuman zähmetsöýerligi gelin-gyzlaryň ünsüni çekipdir. Işe çulum, daýhan ýigide söýgi-muhabbetini bagyşlaýandygy bentlerde nygtalýar. Ýigitler monjugatdy oýnuna känbir gatnaşmaýar. Eger gatnaşaýsalar-da, başdanaýak gatnaşman, köplenç gapdalyndan syn edip oturýar. Kämahal bolsa oýna gatnaşyp, öz ykbalyny barlaýar:
Bagyňyzdan bakaýyn,
Galam gaşy kakaýyn.
Seniň syýa zülpüňi,
Tamdyrama dakaýyn.
Ýa-da
Baga girdim yzyňdan,
Gara saçyň dyzyňdan.
Ýakma meni, gara göz,
Öldüm seniň näziňden.
Oýunda bagtyna şeýle bentler çykaýsa welin, ýigitleriň begenjiniň çägi bolmaýar.
Monjugatdylaryň dili örän sada we çeper. Bentlerde setirleriň sazlaşygy, many-mazmun çüňlügi saklanylýar.Olar düzülişi taýdan lälelere meňzeş. Bentler rubagy formasynda düzülýär.Ýagny, 1-nji, 2-nji, 4-nji setirler özara kapyýalaşyp, 3-nji setir kapyýalaşmaýar. Bogun jähtinde-de monjugatdylar läleler ýaly ýedi, ýek-ýarymy sekiz bogundan ybarat. Kähalat on bir bogundan ybarat monjugatdy bendine hem duşmak bolýar. Emma şeýle bent monjugatdy üçin mahsus görnüş däldir.
Monjugatdylar känbir ösmeýan žanr.Emma şeýle-de bolsa,olar obrazlar, peýzaž baýlygy, diliniň ýönekeýden ýitiligi bilen hem tapawutlanýar.
Türkmen monjugatdy bentleriniň türki halklaryň (meselem, azerbaýjanlylaryň dessur aýdymyna) monjugatdy bentlerine meňzeşleri bar. Munuň özi türki halklaryň taryhy gelip çykyşy, dil, däp-dessur, durmuş-ykdysady, medeni taỳdan ýakynlygyny aňladýar.
Monjugatdy bentleriniň ýygyndysy 1948-nji ýylda neşir edildi.
Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda edebi mirasymyz, şol sanda monjugatdylar hem dolulygyna öwrenilýär hem-de olaryň temasy baýlaşdyrylýar. Çeper höwesjeňleriň aýdym-saz folklorynda ýerine ýetirilýär.
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- H.Goçmyradow, Türkmen halk döredijiligi, Aşgabat, 2010
- Türkmen halk döredijiligi. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. G.Otdyýew, N.Atdaýewa. Aşgabat 2010ý. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.