Mongol imperiýasy
Mongol imperiýasy (gad. mong. Yeke Mongγol ulus — Beýik Mongol hökümdarlygy, mong. Ih Mongol uls, Mongolyn ezent güren) — 1206-njy ýylda Çingiz han tarapyndan esaslandyrylan döwlet, ol Dunaýdan başlap, Ýapon deňzine, Nowgoroddan Günorta-gündogar Aziýa çenli bolan territoriýalary özünde jemleýän, dünýä taryhynyň iň uly imperiýasy bolupdyr. Imperiýanyň tutýan meýdany 33 000 000 kwadrat kilometr bolupdyr.
Gülläp ösen döwründe onuň çäklerine Merkezi Aziýanyň, Günorta Sibiriň, Gündogar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hytaýyň we Tibetiň ümmülmez giňişlikleri giripdir. 13-nji asyryň ikinji ýarymynda imperiýa çingizidleriň hökümdarlyk edýän uluslaryna bölünip başlapdyr. Beýik Mongol imperiýasynyň iň iri galyndylary Ýuan imperiýasy, Altyn Orda, Hulaguidler döwleti we Çagataý ulusy bolupdyr.
Döwletiň paýtagty ilkibaşda Karakorum bolupdyr; 1264-nji ýylda paýtagt Hanbalyk şäherine geçirilipdir.
14-nji asyryň ahyrky çärýeginde Mongol imperiýasy bar bolmagyny bes edipdir.