Mazmuna geçiň

Molla Töre ahun

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Molla Töre ahun —XIX asyryň magaryfçysy Töremyrat Rahmanguly ogly şol döwürde din Yslamyň daýanjy bolan Buharaýy şerifde Hywa medresesinde okaýar. Ol şol ýerde Garamyrat atly türkmen ýigidi bilen dost bolýar. Töremyrat Rahmanguly ogly Okuwyny tamamlap, ahunlyga ýetenden soň Molla Töre ahun diýip adygyp ugraýar. Molla Töre ahunyň okan döwründe dürli ylymlardan söhbet açýan saldamly kitaphanasy bolupdyr. Haçan-da, ol okuwyny tamamlap, öz iline gaýtmakçy bolanda, dosty Garamyrat bir hatar düýäni ýörüte taýýarlap ahunyň kitaplaryny sandyklara saldyryp kerweniň ýüküni tutýar. Şunlukda, ol aman-sag obasyna dolanyp, uly ili sowatly etmegiň ugryna çykýar. Ol zabun döwürlerde bolşewik kimde kitap bar bolsa, ol kitaplary ýygnar eken. Bu gazap ahun agaňam üstünden düşýär. Şunlukda bolşewik onuň kitaplarynyň bir bölegini çuwal-çuwal edip äkidipdir. Ahun aga olaň agramly bölegini goramaga ýetirmändir. Şol günleriň birinde ynamdar adamlaryň birnäçesini ýanyna çagyryp, Gurhan çykarypdyr. Soň bolsa kitaplaryň köpüsini düňle çölde gömdüripdir. «Taňryň güni darydan köp» diýleni. Aý aýlanyp, ýyl geçipdir. Soň-soňlar teletinden jiltlenen aliňde alaňda agram berip duran, ýaşyl ýasydan uly kitaplar ýer sürýän buldozeriň zynjyrynyň aşagyndan çykypdyr. Olaryň arasynda ahun aganyň «Kenzil Lugat», «Lemfillugat», «Gyýasullugat», «Bugary-Ajam», «Lugaty Ferheňgi-Jahangiri», «Şanama», «Wakyfy Molla Weli Kemine» we gündogar hekimçiline degişli gymmatly golýazmalaryň, daşbasma eserleriniň birnäçesi bar eken. Molla Töre ahunyň dört müňden gowrak kitaby bolup, ol eserler halky sowatly, aňly-düşünjeli etmekde bahanasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiripdir. Ahun aganyň sylag-sarpasy diňe bir öz ilinde däl, eýsem goňşy döwletlerde-de uly bolupdyr. Onuň ýaşan manyly ömri bilen baglanyşykly gürrüňler dilden-dile geçip, biziň bu günlerimize gelip ýetipdir. Geliň ol hikmetli gürrüňlere zyýarat eýläliň Ahun aganyň ýekeje ogly bar eken. Ol hem öýli-işikli bolandan soň uzak wagt geçmänkä ýogalypdyr. Muňa biçak gynanan aýaly pahyryň gözýaşy telim aýlap kepemändir. Sessiz aglap ýörşüne gün-günden haly teň bolupdyr. Ahun aga oňa «Eneai, toba et, aglama! Berýänem Allaň özi, alýanam» diýip, hernäçe duýdursa-da, görgüli goýar ýerde goýmandyr. Ol ýalňyz oglynyň didaryny ýene bir görmegi arzuw edip adamsyna ýalbarypdyr. Käbeýhanada okaýamyş diýýärler. Özem Juma namazy wagty akýuha bolup ýatanyňyzy gördüm telim ýola. Jan jesetden gidende şeýle bormuş diýibem gulagyma degýär. Eger sizde keramat bar bolsa, küpür geplämok, toba etdim Hudaýym, maňa ýalňyzymyň didaryny bir görkezip bilmezmiň diýipdir. - Zenan halky diliniň eýesi däl, ýogsa... - Men gara ýer ýalydyryn. - Şeýle ýaly özä. Köp oýlanyp otyran ahun aga aýalyna dözmändir. Oňa diline bek bolmagy sargap, her gün erte namazyna duranda uzakdan synlamagy tabşyrypdyr. Görgûsi ýaman aýdylyşy ýaly edipdir. Adamsy ertir namazyna azan aýdyp, tekbire durýar welin, kakasynyň gapdalynda ogly-da peÿda bolaýýar. Ýukajyk öýmeden görünýän ýaly, iki göwre deň egilip galyp, namaz okap durlar eken. Eý toba, bu nä gudrat bi? Bärsine-de bakaýsa bolmaýarmy, balam! Wah, didaryňdan aýlanaýyn, guzym!» diýip gepledip duran ene delminip seredip durka, iki egnine salam beren oglynyň ýarym ýüzüni görüp, özünden gidipdir. Bu ahwalaty gören ahun: - Alla giňlik bersin, enesi. Ýüregiňi giň tut. Enşalla, syr saklap bilseň, ogluňy her gün ertir namazynda görersiň - diýipdir. Ine, bir günem ejesi syr saklap bilmän, bolýan ahwalaty goňşularynyň ýanynda aýdýar. Soň ökünse-de giç. Ertesi enesi görgüli ogluny ýene-de synlamakçy bolýar. Emma adamsynyň ýeke özüniň eglip-galyp duranyny görüp, bogazy dolýar. Erte namazyndan soň aýalynyň gözleriniň owasyny dolduryp, uludan ýuwdunyp, dymyp oturyşyny görüp ahun aga: - Syr saklamany başarmadyň enesi! Indi, nesibäň bolsa, ogluňy kyýamat-magşarda görersiň, enşalla! - diýipdir.