Milli tans sungatynyň ýalkymy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Milli tans sungatynyň ýalkymy Her bir halkyň medeniýeti taryhyň açyk kitabydyr. Onuň her bir sahypasy geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilligini beýan edip, gazanan beýik sepgidi bolsa sazlaşyk bolup durýar. Wagtyň okgunly hereketi gadymy däp-dessurlaryň täze keşbe eýe bolmagyna getirýär, olaryň manysyny täze görnüşde beýan edýär. Medeniýetiň bir şahasy bolan türkmeniň tans sungaty hem gadymyýetden gözbaş alyp, häzirki zaman äheňleri özboluşly sazlaşygy, özgertmeleri başdan geçirýär. Adam ömrüniň ähli döwründe sungata, şol sanda, tans sungatyna ilgezik bolup ýaşaýar. Toý-tomaşalarda ajaýyp sazyň astynda köpçülikleýin tans edilmeginde hem bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Türkmen milli tans we folklor sungaty baý medeni mirasymyzyň özboluşly bir bölegidir. Aslynda tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinde dörändir. Bu tanslar şekillendirme, ýagny bir zada öýkünmek, meňzejek bolmak häsiýetine eýe bolupdyr. Tans sungaty beden we saz sungatynyň sazlaşyp birleşmeginde emele gelip, owadanlygyň, ýumşaklygyň, bedeniň sazlaşykly hereketinden gelip çykýan täsin bir sungatdyr. Ata-babalarymyzyň şu sungata bolan garaýyşlaryny biz taryhy we folklor, etnografiýa tanslarymyzyň ýsti bilen görüp bilýäris. “Küştdepdi”, “Sallanma”, “Işimme”, “Çapak” we ýene-de, ençeme türkmen tanslary öz milliligini şu günlere çenli ýitirmän geldi. Bu tanslaryň ýerine ýetirilişinde biz öz gadymdan gelýän milliligimiziň inçe syrlaryny görüp bilýäris. “ Küştdepdi” tansy gadymy tans hökmünde, esasan, Balkan welaýatynda Hazaryň kenarynyň ýakasyndaky obalarda has meşhur bolupdyr. Küştdepdide türkmen halkynyň iň gadymy durmuşyny, hal-ýagdaýyny şu günki we geljekdäki arzuw-isleglerini bu tans ýerine ýetirilenilenilende aýdylýan gazalyň sözlerinde we tansyň herektlerinde aýdyň görüp bilýäris. Wagtyň geçmegi bilen siwilizasiýanyň üýtgemegi netijesinde “Küştdepdi” tansy hem özüniň asyl durkuny ýitirmän, täze öwüşgine eýe bolýar. Indi ol milli tans hökmünde Türkmenistanyň ähli ýerlerinde joşgunly ýerine ýetirilýär. Küştdepdi tansynyň birnäçe görnüşleri bar. Olardan “bir depim”, “iki depim”, “Diwana” ýa-da, “ üç depim”, olaryň ýerine ýetirilişi aýratynlyklary hem bar. Küştdepdi tansyna beýleki tanslardan aýratynlykda üýtgeşik horeografiýa hereketleri mahsusdyr. Tansyň ilkinji hereketleri gazalyň aýdylyp başlanmagy bilen başlanýar. Bu tans diňe bir yaş oglan-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilmän, eýsem, biziň goja yaşdaky ata-enelerimiz hem uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Küştdepdi tansy Türkmenistanda uly dabara bilen bellenilýän toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Häzirki zaman tans sungaty köp asyrlyk we häzirki zaman dessurlarynyň berk düzgünlerini özünde jemleýär. Häzirki zaman tans horeografiýasynda goýulýan tans hereketleri biziň aňyrdan gelýän milliligimiziň inçeligini ýitirmän, ol hereketlere täze öwüşgin berlip, täze keşbe eýe bolmak bilen ösdürilýär, şol bir wagtyň özünde hem ruhy mirasyň baý dessurlaryny özlerinde saklaýar. Türkmen milli tanslary Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap, olaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary her welaýatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tans sungaty özüne maýyl ediji sungatlaryň biri diýsek ýalňyşmarys. Sahnada ýaş oglan-gyzlaryň ýa-da körpe çagalaryň owadan hereketler bilen ajaýyp sazlaryň astynda, milli lybaslarymyzda ýerine ýetirýän tanslaryny synlanyňda göwnüň göterilip, şatlyk duýgusyny başdan geçireniňi duýman galyarsyn

Ataÿewa Mähri TYA -nyñ Taryh institutynyñ kiçi ylmy išgäri.