Mikrogrin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mik­rog­rin—bu dür­li hi­li iýil­ýän gök önüm­le­riň ýaşa­jyk bal­da­gy. Olaryň bo­ýy tak­my­nan 5—15 santimet­re ýet­ýär. Bu ösüm­lik­le­riň dü­zü­min­de köp muk­dar­da ýo­kum­ly mad­da­lar, wi­ta­min­ler, mine­ral­lar, kal­siý, ka­liý, fos­for, mag­niý, ýod, ösümlik be­lo­gy, hlo­ro­fil, an­tiok­si­dant­lar şeý­le hem efir ýag­la­ry sak­lan­ýar.

Mik­rog­ri­ni­ 1980-nji­ ýyl­la­ryň­ ba­şyn­da ­San-Fransisko­da­ gym­mat­ba­ha­ly na­har­ha­na­la­ryň aşpez­le­ri ­hö­dür­le­ýän­ na­har­la­ry­nyň­ sa­na­wy­na­ goşup­ baş­lapdyr­lar. ­1990-njy ­ýyl­la­ryň ­or­ta­la­ryn­da ol­ Gü­nor­ta ­Ka­li­for­ni­ýa ­hem ­ýaý­rap­dyr.­

Hä­zir­ki­ wagt­da­ mik­rog­rin ­taý­ýar­la­nyl­ýan ösümlikle­riň­ sa­na­wy­ bar­ha­ art­ýar. Mik­rog­rin hökmün­de­ ada­ty­ gök­ önüm­le­riň­ we ­dä­ne­li­ ösüm­lik­le­riň:­ sa­rymsak,­ so­gan,­ ar­pa­ba­dy­ýan, ­şi­wit, ysma­nak,­ re­dis­ka,­ şu­gun­dyr,­ kä­şir, ­ke­le­miň äh­li gör­nüş­le­ri,­ reý­han,­ no­hut,­ gü­ne­ba­kar,­ greç­ka, bugdaý,­ ar­pa,­ mäş,­ mekge­jö­wen­ ýa­ly­ gör­nüş­le­ri ös­dü­ri­lip­ ýe­tiş­di­ril­ýär.­ Alym­la­ryň ­ge­çi­ren ­yl­my-tej­ri­be­le­ri­ne ­gö­rä,­ mik­rog­rin­ler­de­ wi­ta­min­ler ­we beýle­ki­ peý­da­ly­ mik­roe­lement­ler­ uly­ gör­nüş­li ösüm­lik­ler­den­ 5­ es­se­ ýo­ka­ry ­diý­lip­ ha­sap­la­nyl­ýar.

Ter­si­ne, kar­toş­ka, pa­mi­dor, ba­dam­jan, burç şeý­le hem kä­di, gar­pyz, hy­ýar, ga­wun ýa­ly gök we bak­ja ekin­le­ri­ni hem-de mi­we­li agaç­la­ry mikrog­rin hök­mün­de ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Olar­da iý­mit siň­di­riş we nerw ul­gam­la­ryn­da ýa­ra­maz ala­mat­la­ry dö­re­dip bil­jek so­la­nin, tro­pan we beý­le­ki zä­her­li mad­da­la­ryň bar­dy­gy yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sinde anyk­la­nyl­dy.

Ösüm­lik­le­riň­ dü­zü­min­de­ köp­ muk­dar­da­ peý­da­ly wi­ta­min­ler,­ mad­da­lar­ we mak­ro­ we ­mik­roe­le­ment­le­ri­ sak­lan­ýar,­ olar­ 1—3­ hep­de ­ara­ly­gyn­da ýetiş­ýär.­ Ol ­köp ­ýer ­ta­lap­ et­me­ýär. ­Şo­nuň­ üçin olary ­ýy­lyň ­äh­li­ pas­lyn­da­ ös­dü­rip ­ýetiş­dir­mek müm­kin.­ 10­ gram­ mik­rog­rin­ 100­ gram ­ter­ önü­miň ­or­nu­ny­ tut­ýar.­

Ösüm­lik­le­riň ­hem­me­si ­bir­ wagt­da,­ bel­li ­bir­ şert­de ös­dü­ri­lip ­ýe­tiş­di­ril­me­ýär,­ my­sal ­üçin ­bir ­ösüm­lik ­6 gü­nüň­ do­wa­myn­da­ ösüp­ ýe­tiş­ýän­ bol­sa, ­beý­le­ki­si 7—14­ gü­nüň ­do­wa­myn­da­ ösüp ­ýe­tiş­ýär, ­ýa­ramly lyk­ möh­le­ti­ 10—14­ gü­ne çen­li­ do­wam­ ed­ýär.­

Mik­rog­rin­ler ­iş­dä a­çar­la­ra,­ na­har­la­ra ­be­zeg hökmün­de,­ et ­we­ ba­lyk,­ şeý­le hem ­iç­gi­ önüm­le­rin de ­ula­nyl­ýar.­ Gü­nüň ­do­wa­myn­da ­adam­ wi­ta­min­le­riň­ ýetmez­çi­li­gi­ni ­dol­dur­mak­ üçin ­30—50­ gram­mik­rog­ri­ni­ ka­bul­ et­me­li.­