Mazmuna geçiň

Mete han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Mete sahypasyndan gönükdirildi)

Hun Şanýusy

Özünden öň: Teoman han

Özünden soň: Kiok

Doguldy: B.e.öňki 234-nji ýyl

Öldi: B.e.öňki 174-nji ýyl

Kakasy: Teoman han

Aýallary: Birnäçe Hun we Hytaý şazadalary. Ogly: Kiok

Mete han (hytaýça: 冒頓單于pinýin: Mòdú chānyú; B.e.öňki 234 - B.e.öňki 174), B.e.öň 209-b.e.öň 174-nji ýyllar aralygynda höküm süren Türkmen-Hun (Hiung-nu) hökümdary[1][2][3][4]. Oguznama dessanyndaky Oguz han şol Mete han diýlip çak edilýär. Kakasy Teoman han (Touman).

Ylmy gözleg ugrundaky adamlaryň pikirleri dürli-dürlidir. Hytaýda orta eýýamlarda Mödün (冒頓 is /mək-twən/şeklinde ýazylandygy hem öňe sürülýär[5]. Gysgaça aýdanymyzda, Gadymy hytaýça bu adyň manysy Türki dillerde we Mongol dilleri bilen Parsça sözlenen bagtur, Orta Aziýa Türkilerinde bagatur (bahadyr-gahryman) görnüşinde ulanylypdyr. Käbir ylmy-gözleýjilere görä «Motun» hem diýlipdir. Wengerçe (Hungary) hem «bátor» ýa-da gadymy şekli bolan batur, Türkmençe hem «Batyr», Tuwa türkiçe maadyr (gahryman) sözleri birmeňzeş eşidilýär[5]. Eýran dillerinde «Bag» sözi «jenap» ýa-da «Lord» sözi eşidilmek bilen birlikde bu söz belkide Orta Aziýa Türkmenlerinden Eýrana ýaýran söz bolan bolmagy mümkin[5]. Klawsonyň (Clauson) pikiriçe Eýran dillerinden bolmagy mümkin diýip hasap edyär[6].

Metehanyň kagan bolmagy

[düzet | çeşmäni düzet]

Hytaý çeşmelerinde düşündirilşine görä, Aziýa Hun hökümdarlygynyň gurujysy bolan Teoman, ogly Metehanyň ýerine beýleki aýaly Ýenşiniň ogluny tagta çykarmak isledi. Däplerine görä Türkmen aýaldan bolan, Türkmeniň tagta geçmegi gerekdi. Metehanyň öweý ejesi hytaýlydy. Ýagny hytaý heleýinden bolan erkek jigsi tagta geçmelidi. Şol sebäpden hem ikinji aýaly Teomana gep içirdi we Metehany goňşy duşman kowmy bolan Ýueçjilere (Düýeçi) girew hökmünde iberýär. Sebäbi Teoman han olara salgyt töleýärdi. Kakasy onuň yz ýany Ýueçjilere söweş yglan edip Metehany hem şol ýerde öldürtmek isledi. Mete kakasyndan öňürtiläp Ýueçjileriň elinden gaçdy. Kakasy onuň bu edermenligi üçin on müň çadyrly goşuny berdi. Soňra Mete öz kakasynyň pirimleriniň üstüni açdy we oňa garşy uruş yglan etdi. Öweý ejesi we tagta geçjek bolýan jigsini öldürip kagan boldy (B.e.öňki 209-njy ýyl)

Ok hekaýaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Has soňra göçüp-gonup gezen kowumyň ulanan Çawuş Oky ady berilen düzgüni oýlap tapan Mete han bolupdyr. Hytaý çeşmelerine görä eger okuny bir ýere çenäp atsa, onuň emrindäki esgerleriniň hemmesi şol ok atylan tarapa birlikde ok atyp ýok ederdiler. Bir gün okuny iň gowy gören atyna çenedi. Esgerleriň käbiri ata ok atmakdan ýüz dönderdiler. Soňra Mete han okuny gezekli gezegine ýüz dönderenlere tarap çenäp atdy. Emrindäki esgerler ýüz dönderen esgerleri atyp öldürdiler. Şeýdip kiçilikden bäri oýnan ok ýaý çenemek endigini hakykat ýüzûne geçirip başlapdyr. Bir gün emrinde bolan 10 müň esgeri bilen ýola çykdy. Ol awa çykan kakasyna tarap ok atdy. Soňra onmüň esgerleriň hiç biri hem onuň kakasyna garşy ok atmakdan ýüz dönderip.bilmediler we ok atyp ony öldürdiler[7].

Hunlaryň (Hiung-nu) beýgelmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

Metehan öňler Hunlardan toprak talap eden gündogar goňşulary Dunhularyň üstüne ýöriş etdi we olary agyr ýeňlişe sezewar etdi. Baglaşylan şertnamada Dunhular ýyllyk sygyr, at we düýeden ybarat mal-garalar bilen salgyt bermäge razy boldylar we B. e. öň 208-nji ýylda olary öz häkimýeti astyna aldy. Dunhulary ýeňeninden soňra [8], Demirgazyk Mongoliýada ýaşaýan Tungus ýaly halklary hem özûne tabyn etdi. B. e. öň 177 一B.e.öňki 165-nji ýyllar aralygynda Hunlaryň günorta günbatarynda, Taňry daglary bilen Gansu arasynda ýaşaýan Ýuweçjileriň üstüne ýörüş etdi[9]. B.e.öň 203-nji ýylda Ýuweçjileri ýeňlişe sezewar edip olary öz topraklaryna birikdirdi[2]. Ordoda häkim bolmaga synanyşan Tahin türklerini ýeňlişe sezewar etdi. Hytaýyň üstüne yzygiderli çozuşlary edip Sary derýanyň günortasyndaky galalary öz golastyna aldy. Bu ýeňişlerden soňra Hunlara şan-şöhrat dabaralanyp başlady. Söwda ýollary olaryň eline geçdi[2]. Töwereginde ýaşaýan Altaý (Mongol, Tungus we Türk we ş.m.) kowumlaryny golastyna alyp esger we strategik düzgün nyzamly, tilsimli kuwwatly goşuny kemala getirdi. B. e. öň 200-nji ýylda Han dinastiýasynyň imperatory Gao Zunyň (Gao Di) 320.000 adamlyk goşunyny Baidengde (häzirki Dtong, Şanşi) Peteng galasynda gabawa saldy. Gao Zu Metäniň aýalyna sowgatlar iberdi we Mete Hytaýyň Demirgazyk welaýatlaryny Hunlara bermelidigini we ýyllyk salgyt tölemelidigini aýtdy. Hytaý imperatory muny kabul edeninden soň gabaw goý bolsun edildi[3]. Gao Zu paýtagty Çanga ugrasa-da Mete şol wagt pursatdan peýdalanyp Hanyň demirgazyk serhetlerine çozup giripdir. Soňra B.e.öň 198-nji ýylda Gao Zu ýaraşyk şertnamasyny isläp Hanyň şagyzyny Tanhunyň aýaly bolmak we ýyllyk salgyt tölemek şerti bilen antlaşyga gol çekilipdir.

Han hanedanlygy bilen garyndaşlyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Kin (Qin) we Ku (Chu) bilen köpe çeken aldym-berdimli söweşleriň yz ýany Han imperatory bolan Liu Bang (Gao Zu), Baidengda Metäniň garşysynda kyn güne düşeninde, ysgyndan gaçan goşunynyň Hunlar bilen darkaş gurup bilmejekdiklerine göz ýetirdi. Garyndaşlyk (和亲) gatnaşygyny açmak üçin şagyzyny serpaýlary bilen birlikde sowgat hökmünde Hun saraýyna ugradýar. Liu Bang b.e.öň 195-nji ýylda öleninden soň, aýaly Lü Hou zenan imperator bolýar. B.e.öň 192-nji ýylda Mete Lü Houa durmuş gurmaklygy teklip edip hat ýollaýar. Ýurdunyň içinde Hunlar bilen garyndaşlygyň ýokdugyny göz öňünew tutan şazenan Metä hat ýollap oňa bir şagyzyny ugratdy. Hytaý çeşmelerine görä Lü Hounyň hormatlylygyna utanan Mete zenan imperatora hat ýazyp ötünç sorady.

Hytaý söweşinden soň Mete Ýuweçjileri we Wusunulary Hunlaryň gullary bolmaklygy üçin sütem etdi

[düzet | çeşmäni düzet]

Şan-şöhray Hunlaryň Hökümdarlygyny kabul eden birnäçe halklar Hunlaryň ygtyýarlygynda dolandyryldy. Olaryň birnäçesini, şähralygyň bütin göçüp-gonup gezen atly okçylaryny bir hökümdarlygyň astynda birleşdirdi. Mete Tarim howzynda özûne baglylyga wepaly boljakdygyna and içen birnäçe şäherleri welaýatlary döretdi. Onuň esger strategik hem-de dolandyrma düzgünleri Orta Aziýada (Turan) hem meşhurdy. Hökümdarlygynyň töwereklerine harby-goşuny bilen gorky saldy. Söweş tilsimleri we harby displinasynyň saýasynda Hytaý imperiýasy we beýleki taýpalar ýeňlişe uçraýararlar. Söweşjeň goşunynda basylyp alynan ýerleriň hakyna tutma esgerleri ýa-da şoňa meňzeş başga taýpanyň islendik adamlary esgerlige kabul edilmändir. Diňe başarjaň söweş tilsimine ökde we taýýarlykly söweşjeňlerden ybarat bolupdyr. Eýelän ýerlerindäki talanan mal-baýlyklary we her dürli hörekler bilen esgerlerini dolandyrypdyrlar[2]. Mete b.e.öňki 174-nji ýylda öleninde özûnden soňkylara, birnäçe kowumlaryň birleşdirilen taýpaly döwleti galdyrdy. Bu hökümdarlyk 18 million km2 çäklere çenli uzalypdyr. Hökümdarlygyň serhetleri gündogardan günbatara Ýapon deňizinden Itil derýasyna, Hazara we demirgazykdan günorta, Sibiriýadan Tibet we Kaşmire çenli uzanypdyr[2][3][4].

Lakamy hakynda

[düzet | çeşmäni düzet]

Meşhurlyk sektorynda Çyn-maçyn (Hytaý) rowaýatlarynda agzalyp geçilen rehimsiz we disiplinaly serkerde diýlip teswir edilen harakterlerde, şol bir sanda Modu, Şanýu ýaly Metäniň her dürli lakamlary hem bolupdyr. Metäniň ömri hakynda Çyn-maçyn çeşmelerinde her hili hekaýalardan agtarylandyr.

Oguz han rowaýaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmen dessanlarynda Hytaýy we Hindistany basyp alan Oguz hanyň Mete bolandygy hakynda pikirler bar. Dessanda agzalyp geçilýän Oguz han bilen Metäniň hekaýalarynyň içinde birnäçe meňzeşlikler bardyr. Şol Hytaý çeşmelerindäki hekaýanyň Oguz han rowaýatynyň taryhy sahypalaryny reallaşdyrylandygy çak edilýär[2][3][4].

Türk Gara kuwwatlarynyň gurluşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Türk Gara kuwwatlarynyň gurluş.taryhy 1963-nji ýyl diýlip kabul edilýär. Nihal Atsyz 1963-nji ýylda we 1973-nji ýylda Türkiýe Gara ordasynyň gurluş taryhynyň Metäniň tagta geçen B.e.öňki 209-njy ýylyň bolmagynyň gerekdigini ýazypdyr[10][11]. Atsyzyň pikirlerini goldaýan Ýylmaz Öztuna 1968-nji ýylda Jemal Tural bilen Türk Gara kuwwatlarynyň gurluş taryhynyň B.e.öňki 209-njy ýyl bolmalydygyna goşulypdyrlar[12]. Soňra gurluş taryhynyň B.e.öňki 209-njy ýyl diýip üýtgedilipdir.

Mulan multfilmindäki hereketler

[düzet | çeşmäni düzet]

Çyn-maçyn halk dessanlarynda Göktürklere garşy başlanan söweşe gatnaşan esger zenan Hua Mulan atly garran kakasynyň ýerine urşa giden gyzyň baş keşbi hakynda multfilm teleýaýlyma hem goýberilendir. Hytaý diwaryndan geçip Hytaýa çozup giren rehimsiz hem hyrsyz «Hun» serkerdesi «Şanýu» nyň motifi Meteden alynypdyr.

1. ^ "Central Asian arts, Mongolian Huns" . Encyclopædia Britannica. 29 aprel 2008 -nji ýylyndaky arhiwlenen çeşmeden alyndy. 11 iýun 2008.

2. ^ a b c d e f Ana Britaannica, Mete maddasy. Ana. 1986. "Hun hökümdary"

3. ^ a b c d Meydan Larousse,Mete maddasy. 1970. "Beýik Türkmen - Hun imperatory".

4. ^ a b c Beýik Larousse, Mete maddasy. Interpres. 1986. "Hun imperatory, Hun baştutany Dumanyň (Teoman) uly ogly"

5. ^ a b c Beckwith (2009), p. 387, n. 8.

6. ^ Clauson, Gerard: An etymological dictionary of pre-thirteenth-century Turkish, Clarendon Press (Oxford), 1972. Entry: Bagatur

7. ^ s:zh:史記/卷110 (6. paragrafı)

8. ^ Sýan Pi bilen Wuhuan Donghu asylly bolandygy hakyndaky baglanyşykly tez

9. ^ Roux, Jean Paul (1984). Türkleriň Taryhy (Historie desTurks). Ad. ISBN 975-506-018-9. "Batıda Yüeçiler ile çatışarakonları177-176 ve174-165 yıllarıarasındayapıldığı sanılan iki sefer ile Kansudan(Gansu)kovdular. Heredot'agöre İskitlerden bile bilinenbirgeleneğe uyarak savaşta yendikleri kralların kafatasını kadeh olarak kullandılar (MÖ 165)"

10. ^ Nihal Atsyz, 'Türk Kara Ordusu Ne Zaman Kuruldu?', Orkun, Sayı: 18 (15 Temmuz 1963)

11. ^ Nihal Atsyz, 'Türk Karaordusunun Kuruluşu Meselesi', Ötüken, Sayı: 4 (1973)

12. ^ Ýylmaz Öztuna, 'Türk Ordusu 605 yıl önce kurulmadı', Hayat TarihMecmuası, Sayı: 8 (Ekim 1968)

Başga çeşmeler:

Sima Qian, "Beýik Waka-Nüwis" Kitaby, C.110, "Hiung-nu" 50 司馬遷,史記(太史 公書) 卷一百十匈奴列傳第五十 (Wikiçeşme) Gan Gu, "Qian Han" Kitaby, C.94 "Hiung-nu" 64 班固,前漢書卷九十 四匈奴傳第六十四Wikiçeşme