Mazmuna geçiň

Teoman

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Teoman han sahypasyndan gönükdirildi)

Hanedany: Hun hanedanlygy

Doguldy: ....

Özünden öň: ...

Özünden soň: Mode han (Mete han)

Öldi: b.e. öňki 209.

Höküm sürdi: b.e.öňki 220—b.e.öňki 209-njy ýyllar.

Aýaly:...

Çagasy: 1) Mode han, 2) ....

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Ol şol Şejereýi teräkime kitabyny ýazan Abulgazy Bahadurhanyň Oguznamasyndaky Garahan diýlip hasap edilýär. Ol miladydan öňki III asyrda ýaşap geçen ilkinji Hun hökümdarydyr. Onuň Beýgu atly lakamy beýik diýmekligi aňladýar. Ol miladydan öňki 221-220-nji ýyllarda tagta geçip Hun taýpalarynyň baştutany boldy. Teoman hanyň ata-babalary Türküstan (Turan) topraklaryndan Çynmaçynyň demirgazyk çäklerine gelip birnäçe öýli bolup oturupdyrlar. Hunlar Çynmaçyna tarap çozup olja talap gezipdirler. Teoman hanyň her iki aýalynda iki ogly bolupdyr. Uly aýalyndan Mete han (Motun) kiçi aýalyndan hem bir ogly bolupdyr. Teoman han Mode hany tagta mirasdar etmekligi rowa görmedi. Şonuň üçin ol kiçi ogluny tagta geçirmek isledi. Emma Mode kakasynyň ýalňyşýandygyny bilýärdi. Teoman han Modeni Düýeçi taýpalarynyň (ýueçji) eline girew diýip berdi. Teoman han kiçi ogluny tagt mirasy etmekçidigini duýan Mode tussaglykdan gaçyp gaýdyp, özüne 10.000 adamlyk goşun toplady we kakasy bilen uly çaknyşygy başlatdy. Netijede miladydan öňki 209-njy ýylda Kakasy we onuň kiçi aýaly hem ene başga jigsi şol uruşda öldürildi. Tagta hem Mete han geçdi.