Mesgen Amanov
Mesgen Amanov (1986-njy ýylyň 6-njy sentýabry), Türkmenistanly küşt grossmeýsteri. Türkmenistan taryhyndaky iň ýokary Elo reýtingine eýe küştçi we Türkmenistan adyna 4 küşt Olimpiýadasynda çykyş eden. 2012-nji ýylyň Ýanwarynda ol Mesgen Amanow küşt akademiýasyny (iňl: Mesgen Amanov Chess Academy) döretdi we ABŞ-da naýbaşy küştçiler ýetişdirdi.
2015-nji ýylda ol iň önjeýli onlaýn küşt türgenleşik programmalaryndan hasaplanýan improvemychess.com atly küşt saýtyny döretdi.
Tälimçilik kariýerasy
[düzet | çeşmäni düzet]2011-nji ýylda Mesgen Amanow-yň okuwçysy Awonder Liang u-8 dünýä küşt çempionatynda çempion boldy.[Çeşme zerur] 2017-nji ýylda onuň okuwçylaryndan Aren Emrikian u-8 Dünýä küşt çempionatynda çempion boldy we onuň beýleki bir okuwçysy Arthur Xu u-10 Dünýä küşt çempionatynda 2-nji orun aldy 2018-nji ýylda Mesgen Amanow-yň ABŞ küşt federasiýasynyň websaýty uschess.org saýtynda ýazan "Path to the Podium: GM Mesgen Amanov on Training" atly makalasy ýylyň makalasy saýlandy. 2018-njy ýylyň Noýabrynda Mesgen Amanow-yň beýleki bir okuwçysy Ýuwraj 'Raj' Çennaredi Halkara küşt federasiýasy FIDE tarapyndan gurnalan "2018 World Cadet Championship" bäsleşiginde 1-nji orny eýeledi. Bu ýaryşda Ýuwaraj Raj mümkin bolan 11 utukdan 10.5 utuk gazandy we onuň bu başarnygy Chesskid.com saýtynyň ýazyjylaryndan Halkara FIDE Ussady Master Kostya tarapyndan "haýran galdyryjy" diýlip, ABŞ Küşt Federasiýasynyň websaýty tarapyndan hem "göze ilginç" diýlip taryp edildi. Mesgen Amanow tarapyndan ýazylan "A Perfect Triangle: GM Amanov on Coaching Raj to Gold" atly makalasy "Best of Chess life Online 2018" atly ýaryşda ýylyň makalasy saýlandy ABŞ küşt federasiýasy tarapyndan.
Agzalmaga laýyk oýunlary
[düzet | çeşmäni düzet]Amanov M, vs. Kacheishvili G, Chicago Open 2012
1. d4 g6 2. c4 Bg7 3. Nf3 d6 4. g3 c5 5. Bg2 Nc6 6. d5 Na5 7. O-O a6 8. Nbd2 b5 9. e4 Nh6 10. Rb1 bxc4 11. Re1 O-O 12. Qc2 e6 13. Nxc4 exd5 14. Bg5 f6 15. Nxa5 Qxa5 16. Bd2 Qxa2 17. Bf1 Rb8 18. Re3 f5 19. Ra3 Rxb2 20. Rxa2 Rxc2 21. Rxc2 fxe4 22. Ng5 Ng4 23. Bf4 h6 24. Bxd6 hxg5 25. Bxf8 Bxf8 26. Rb8 Be6 27. Rxc5 Ne5 28. Rd8 Kf7 29. Rcxd5 Bxd5 30. Rxd5 Ke6 31. Ra5 g4 32. Bxa6 Bh6 33. Bc8+ Kf6 34. Kg2 1-0
Amanov M, vs. Rozentallis E, Khanty-Mansiysk 39th Olympiad 2010
1. d4 Nf6 2. c4 e6 3. Nf3 b6 4. g3 Bb7 5. Bg2 Be7 6. O-O O-O 7. d5 exd5 8. Nh4 c6 9. cxd5 Nxd5 10. Nf5 Bf6 11. e4 Ne7 12. Nd6 Ba6 13. Re1 Be5 14. Nc3 Nc8 15. Bf4 Nxd6 16. Bxe5 Nc4 17. Bd6 Nxd6 18. Qxd6 Re8 19. e5 Re6 20. Qd2 d5 21. exd6 Rxd6 22. Re8+ Qxe8 23. Qxd6 Bc4 24. Rd1 a5 25. b3 Bd5 26. Nxd5 cxd5 27. Bxd5 Ra7 28. Qxb6 Rd7 29. Qxa5 Nc6 30. Re1 1-0
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Mesgen Amanov rating card at FIDE
- Mesgen Amanov player profile and games at Chessgames.com
Salgylanmalar