Mazmuna geçiň

Merkezi Aziýanyñ süýşýän çägeleri we olara garşy göreş

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Zeminde çägeli çöllükleriň umumy meýdany 14,01 km2-e deň bolup, onuň belli bir bölegi ösümliksiz we seýrek ösümlikleşen oba hojalyk dolanyşygyndan çykan bütin ýylyň dowamynda ondan-ona hereket edýän ürgün çägelerdir. A.M.Balbanyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäde süýäşýän çägelerin umumy meýdany 577 mln gektar bolup, şonuň 319 mln gektary Afrikada, 137 mln gektary Awstraliýada, 116 mln gektary Ýewraziýada, 4,6 mln gektary bolsa Amerika kontinentindedir. GDA-nyň çäginde (şol sanda Merkezi Aziýada) aklaňlaryň meýdany 8,6 mln gektara (şol sanda Özbegistanda 3 mln ga, ülkämiziň çäginde 4 mln ga barabardyr [10]. Aýtymy ýyl geldigiçe giňeýän ürgün çägeler (aklaň, aklaň ulgamlary, aklaň zynjyrlary we ş.m.) Merkezi Azyýanyň çöllük sebiderinde Hazar deňziniň, Amyderýanyň sag we çep, Syrderýanyň çep kenar ýakalarynda. Aral deňziniň suwdan boşan böleginde, Garagumuň, Gyzylgumuň oazisler we dagetek düzlükler bilen serhetleşýän sebitlerinde. Aralýaka Garagumda, Günorta-Günbatar Türkmenistanda, sebitiň derýalarynyň gadymy döwürlerde akan we häzirki döwürde guran akabalarynyň (Uzboý, Akjaderýa, we ş.m.), tebigy çöketliklerini ýakasynda giňden duş gelýär (berlen karta). Şeýle hem olar gol içindäki obalaryň töwereginde (meselem, Ýerbentde 4 müň, Mämmetýarda 5 mün, Bokurdakdyr Kekirdek obalarynyň töwereginde 6 mün ga), mallaryň suwa ýakylýan, bir ýere toplanýan ýerlerinde hem-de soňky döwürlerde gurulýan ulag-senagat desgalaryň, köpsanly özakymlaýyn döran ýollaryň, zeý suw ýataklarynyň guran böleklerinde ýaýrandyr. Dünýäniň çägeli çöllük sebitlerinde (şol sanda Merkezi Aziýada) süýşýän çägeler tebigy hem-de adamynyň hojalyk işi bilen baglanyşykly döräpdir. Merkezden uzaýan wektoryň uzynlygy degişli ugurdan öwüsýän ýelleriň gaýtalanmasynyň hasaba alnan ýelleriň umumy sanyna bolan göterim (%) hasabyndaky gatnaşygyny aňladýar. Tebigy ýagdaýda aklaňlar, esasan, tektoniki göterilmeleriň üstünde we jaýrylma netijesinde döran çöketikleriň (sowrulma hadysasynyň örän güýçli geçýändigi sebäpli) ýakasynda emele gelipdir. Muňa mysal edip, Üňüz, Sarygamyş we Garaşor çöketlikleriniň ýakasynda dörän aklaňlar) görkezmek bolar. Şeýle hem orografiki pasgelilik zerarly öňjeýli ýelleriň tizliginiň artmagyndan hem-de sowrulma hadysasynyň şorluk sebitlerinde (meselem, Kelkor şorlugy) öňjeýli geçmegi netijesinde eol çökündileriniň aşa duzly bolmagyndan aklan meýdanlary emele gelipdir (meselem, Aýdyň, Tamdyrly, Barsagelmez, Gyzylgum we ş.m.). Merkezi Aziýada süýşýän çägeleriň esasy bölegi bolsa adamyň hojalyk işi netijesinde soňky 8-10 mün ýylyň dowamynda peýda bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Turan düzlüginde ýerleşen çägeli çöller öran gadymy döwürlerden bäri öri meýdan hökmünde ulanylyp gelnipdir. Munuň şeýledigine Garagumdan (Kyrkgyzyl takyr), Gyzylgumuň  merkezinden, ýagny Munbulakdan tapylan neolit döwrüniň keramiki gap-çanaklary, zähmet gurallary aýdyň şaýatlyk edýar [8, 6]. Adamlaryň çarwadarçylyk bilen baglanyşykly işleri irki döwürlerde çöllük sebitleriň aýry-aýry ýerlerinde uly bolmadyk aklaň meýdanlarynyň döremegine getiripdir. Çarwadarlar beýle ýerlerden göçüpdirler we bu sebitiň kem-kemden tebigy ýagdaýda dikelmegine şert döredipdirler. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Merkezi Azyýanyň çöllük sebitlerinde garwadarlaryň oturymly ýaşaýşa geýmegi, ilatyň sanynyň, bakylýan mallaryň ýyl geldigiçe artmagy çägeli çöllere öňjeýli täsir edýär. Obalaryň, guýularyň, mallaryň ýataklarynyň we gyşlan ýerleriniň töwereginde, mallaryň hemişe belli ýerlerden şürlüp geçirilmegi, bakylmagy hem-de ilatyň ot ýakmak üçin şol ösümliklerini ýygmagy ol ýerleriň toprakdyr ösümlik örtüginiň doly ýok edilmegine, süýşýän çägeleriň emele gelmegine getiripdir. Hojalyk desgalaryna, ilatly ýerlere ýanaşýan çägeleriň örtügini goramagy güýçlendirmeli, mal bakylmagyny we gyrymsy agaçlaryň gapylmagyny gadagan etmeli, ulaglaryň hereketini kadalaşdyrmaly. Ähli desgalaryň töwereginde gol-çäge topraklaryny sowrulmakdan we çäge basmakdan goramak maksady bilen tokaý gorag zolaklaryny döretmeli. Aklaň we ýer işleri bilen baglanyşykly emele gelýän tehnogen çägeleriň hereketini peseltmek üçin hojalyklaryň üsti bozulan ýerlerde rekultiwasiýa işleriniň öňden bellenilen möçberiniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak zerur. Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti Amanmyradowa Merjen