Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç
Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1976 Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Döwgala obasy |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň senagat ministri |
Milleti | Türkmen |
Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1976-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Döwgala obasynda doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1998-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini himik, himiya mugallymy hünari boýunça tamamlady.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1998-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Dowgala obasynyň 9-njy orta mekdebinde himiya mugallymy bolup başlady.
2004-2005-nji ýyllarda Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň Bäherden sement zawodynyň hil gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary.
2005-2012-nji ýyllarda Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmensement» paýdarlar jemgyýetiniň Bäherden sement zawodynyň hil gözegçilik bölüminiň başlygy.
2012-2014-nji ýyllarda «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň Balkan sement zawodynyň naharhanasynyň başlygy.
2014-2017-nji ýyla çenli Senagat ministrliginiň «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň Balkan sement zawodynda baş inženeriň orunbasary, baş inženeriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, baş inžener wezipelerinde işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary.
01.2018-11.04.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
11.04.2018-nji ýylda Türkmenistanyň senagat ministry wezipesine bellendi.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi[permanent dead link] //http://www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №91 (29027) 2018-nji ýylyň aprel aýynyň 12-si, S.2.