Merezýel

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.

Grek rowaýatyna görä, bu keseliň ady Sifilius atly (gadymy grekçede – "doňuzlaryň dosty") doňuz çopanynyň adyndan gelip çykypdyr. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, Sifilius bu kesele "doňuzlar bilen özara dostlukly aragatnaşygy" sebäpli duçar bolupdyr. Merezýel keseliniň gelip çykyşy we dünýä ýaýraýşy barada, esasan üç sany çaklama bardyr: amerikan, yewropa we afrikan ýollary bilen ýaýraýyş çaklamasy.

Amerikan ýaýraýyş çaklamasy boýunça, Ýewropa bu keseli Kolumbyň deňizçileri Täze Dünýäden (Amerikadan) getiripdirler. Olara bolsa öz gezeginde bu kesel ýerli ilatdan (aborigenlerden) ýokuşypdyr. 1496-njy ýylda epidemiýa (keseliň uly göwrümde giňden ýaýramagy) Fransiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň çäklerine ýaýrap, 5 mln-dan gowrak adamynyň ölümine sebäp bolupdyr.

1500-nji ýylda epidemiýa tutuş Ýewropany öz içine alyp we onuň çäginden çykyp, Demirgazyk Afrika, Turkiýa, Hytaýa, Hindistana ýaýrapdyr.

Ýewropadan gelip çykma çaklamasy boýunça, bu kesel bu ýerde gadymy wagtlardan bäri belli bolup, Gippokratyň, Galeniň, Dioskoridiň işlerinde hem beýan edilýär. Bu keseliň alamatlaryna meňzeş şikeslenmeler barada Bibliýada hem aýdylyp geçilipdir. Iňlis porty bolan Kingston-Apon-halladan demirgazyk-gündogarda ýerleşýän ybadathanasynyň takwa adamlarynyň hem süňkleriniň galyndylarynda merezýel keseline meňzeş şikeslenmeleriň bardygyny radiouglerod barlagy görkezdi.

Gadymy şäher bolan Pompeýiň ýaşaýjylarynyň galyndylarynyň käbirinde hem dogabitdi merezýel keseline meňzeş alamatlaryň tapylandygyny bu çaklamanyň tarapdarlary belleýärler.

Başga bir öňe sürülýän çaklama boýunça, merezýel keseliniň "watany" Afrika hasaplanýar. Bu çaklama birinji gezek 1961-nji ýylda alymlar T. Cogburg we 1963-nji ýylda E. Hudson tarapyndan beýan edilipdi. Çaklamanyň tarapdarlarynyň düşündirşine görä, merezýel keseliniň we başga tropiki keselleriň (frambeziýa, pinta, bejel) kesel döredijileriniň gelip çykyşy birdir. Merezyel keseli Afrikadan uruşlar, täjirçilik aragatnaşyklary, gullaryň başga ýurtlara äkidilmegi, musulmanlaryň we hristianlaryň keramatly ýerlere zyýarat etmegi netijesinde ýaýrapdyr.

Merezýel keselini öçügsi treponema döredýändir. Ol aýlawly (spiral) görnüşde bolup, bölünme netijesinde köpelýändir. Treponemalar 41-42 Cº gyzgynlykda we guradylanda ölýändirler. Şeýle hem ol myşýagyň, simabyň, wismutyň birleşmeleriniň täsir etmegi netijesinde hereketjeňligini ýitirip ölýändir. Ýaşaýyş üçin amatsys şertler ýüze çykanda ol wagtlaýyn "goragly ýagdaýy" emele getirip, sista görnüşe geçip bilýändir.

Merezýel, esasan, jynsy gatnaşyklaryň dürli görnüşleri arkaly ýokuşyp bilýändir. Öý-hojalyk şertlerinde keseliň geçmegi gaty seýrek bolup, merezýel başy bolan näsagyň ulanan gap-gaçlary, diş çotkasy, sakgal syrýan päkisi, süpürgiç, ýorgan-düşek daşlyklary arkaly ýokuşyp biler. Näsagyň peşewiniň we deriniň üsti bilen ýokuşan ýagdaýlary ýüze çykarylmady. Näsagyň döli arkaly hem kesel geçip bilýändir. Keselli aýaldan çaga merezýel, göwrelilik wagty çaga ýoldaşynyň üsti bilen, dogrum wagty, ene süýdüniň üsti bilen ýokuşyp biler.

Merezýel ýokançlygy özünde saklaýan ganyň adama guýulmagy netijesinde hem adama kesel geçirip biler.

Lukmançylyk işgärlerine näsaglary barlan halatlary, bejeriş çäreleri, operatiw bejergini geçirenlerinde, jesetleri, has hem dogabitdi merezýel keselli çagalaryň jesetleri kesilende ýokyşyp biler.

Bejergi almadyk näsaglarda, merezýel keseliniň geçişinde dört döwri tapawutlandyrýarlar: inkubasion döwri (keseliň ýokuşyp, birinji alamaty bolan gaty şankr emele gelýänçä geçýän wagt aralygy), birinji, ikinji, üçünji döwürleri.

Inkubasion döwri ortaça 20-40 gün dowam edýändir. Bu döwür 7-15 güne çenli gysgalyp ýa-da 3-5 aýa çenli uzalyp hem bilýändir. Bu döwrüň gysgalmagy ýokyşma birden iki ýol bilen bolup geçende, uzalmagy bolsa, ýokuşma wagtynda başga sebäplere görä antibiotik serişdeleri ulanylanda bolup biler.

Birinji döwür.[düzet | çeşmäni düzet]

Gaty şankryň dörän wagtyndan bäri keseliň birinji döwri başlanyp, deride we nemli örtüklerde özboluşly örgünleriň peýda bolmagy bilen tamamlanýandyr. Birinji döwür 6-7 hepde dowam edýändir.

Keseliň birinji alamaty bolan gaty şankr – çuň, agyrsyz, ganjarmaýan, göni gyraly we tekiz düýpli, tegelek merezýel başy höküminde häsiýetlendirilýär. Baş öçügsi treponemanyň ýokuşan ýerinde döräp, gaty bolýar (şonuň üçin "gaty şankr" diýip atlandyrylýar) we töweregindäki nemli dokumalar bilen sepleşmeýär, ölçegi boýunça ulalmaýar we köpelmeýär.

Bu döwür başlanandan 5-8 günden soň, gaty şankryň ýerleşýän ýerine ýakyn limfa düwünleriniň ulalmagy we limfatik damarlaryň zeperlenmegi bolup geçýändir. Limfa düwünleri ulalan, gaty, ýöne agyrsyz we töweregindäki nemli örtükler bilen bitişmedik "sowuk" ýagdaýda bolýar. (Köp sowuklama kesellerinde limfa düwünleriniň temperaturasy ýokarydyr).

Birinji döwür adaty däl alamatlar bilen hem ýüze çykyp biler:

  • Çişiň emele gelmegi – jyns agzalaryň çişmegi bilen häsiýetlenip, ýumurtga haltajygyň, kinnigiň, jyns dodaklaryň reňki üýtgäp, çişip ulalýarlar. Erkeklere garanyňda, aýallarda ýygy duş gelýär. Näsaglary agyry biynjalyk etmeýär, çiş gögümtil reňkde bolup, üstünden basylanda hiç hili yz galmaýar. Çiş 1-2 hepdeden bir aýa çenli saklanyp bilýär. Çişiň gaty şankryň emele gelmegi bilen utgaşmaýan ýagdaýlarynda, bu ýagdaý jyns agzalaryň başga sowuklama keselleri bilen çalşyp boljakdygyny bellemelidir.
  • Şankr-okuma görnüşde- adaty okumany (panarisiýany) ýada salyp, eliň barmaklarynda, köplenç sag eliň I-III barmaklarynda döreýär. Adaty gaty şankrdan tapawutlylykda ol agyryly bolýar.
  • Şankr-basyk (angina) – bokurdakda döräp, badam şekilli mäziň birtaraplaýyn ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär. Badamşekilli mäziň üstünde hiç hili ýaralar, baş döremeýär. Ulalan badam şekilli mäz bokurdaga dykylýar, agyry we kynlyk bilen ýuwdunma ýaly alamatlar döreýär. Näsagyň gyzgyny galyp, bu ýagdaý adaty basygyň alamatlaryny ýada salyp biler. Ýöne ondan tapawutlylykda, merezýel keselde hemişe şikeslenme tarapda limfa düwünleriň we damarlaryň üýtgemegi bolup geçýändir.

[1]

Ikinji döwür.[düzet | çeşmäni düzet]

Keseliň ikinji döwrüniň alamatlary öçügsi treponemanyň gan arkaly ýaýramagy netijesinde ýüze çykyp, deride we nemli örtükde dürli görnüşde örgünleriň emele gelmegi we süňkleriň, nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu döwür gaty şankryň emele gelen wagtyndan

6-7 hepde soň ýa-da ýokuşmadan 9-10 hepde geçenden soň ýüze çykýar.

Bu döwürde derä we nemli örtüklere örgünleriň dürli görnüşleri örüp biler: gögümtil-gyzyl reňkli düwmejikler dürli ululykda bolup, olar nemli örtükde baş görnüşde, elde we dabanda — gataňsy düwmejikler görnüşde, artbujakda — ýaýran siňňiller görnüşde bolup bilerler. Ondan başga-da, başa ýa-da iriňli gabrçaklara öwrülýän dürli ululykdaky gabarçaklar hem döräp biler. Näsaglarda kelle derisiniň alawlama ýagdaýy ýüze çykmazdan, kellede tutuş ýa-da bölekleýin kelligiň döremegi hem duş gelip biler. Merezýel keseliniň ikinji döwri üçin boýunda tegmil görnüşde deriniň agarmagy (leýkoderma) häsiýetlidir. Bu döwürde seýrek ýagdaýlarda bolsa-da, bogunlaryň üýtgemegi bilen ýüze çykýan şikeslenmeler, bagryň, böwregiň, beýniniň bardalarynyň merezýel bilen baglanşykly zeperlenmeleri hem ýüze çykyp biler.

Gaýtalama we gowşama döwürleriň gezekleşmegi bilen geçip, bejerilmedik ýagdaýlarda merezýeliň ikinji döwri 3-4 ýyla çenli dowam edip biler.

Üçinji döwür.[düzet | çeşmäni düzet]

Keseliň üçünji döwri onuň 3-4-nji ýylynda başlanyp, bejergi alynmadyk ýagdaýynda näsagyň ömrüniň soňuna çenli dowam edýändir. Üçünji döwür agyr geçip, näsagyň daşky keşbini betnyşan edip, ony maýyplyga , köplenç hem ölüme alyp barýandyr.

Häzirki wagtda, anyklama we bejerme çäreleri doly we özwagtynda geçirilýänligi sebäpli, merezýeliň üçünji döwrüniň alamatlary duş gelmeýär.

Bu döwür üçin deride we nemli örtüklerde merezýel tümmejikleriniň we düwünleriň (gummalar) emele gelmegi häsiýetlidir. Köpsanly tümmejikler gögümtil-gyzyl reňkde bolup, deriniň içinde ýerleşip, ýarym togalak gaty emele gelmedir we ululygy boýunça ülje şäniklerini ýadyňa salýandyr. Bu tümmejikler hiç haçan birleşmeýärler, çalt ýumşap dargaýarlar we yzlary bitenden soň reňkli tyglary galdyrýarlar.

Merezýel düwni (gummasy) bolsa agyrsyz bolup, deri asty gatlakda ýerleşýändir. Gögümtil-gyzyl reňkde bolup, hozuň ululygyna çenli ösýändir. Gaty, ýarym togalak görnüşde bolup, merkezi böleginden darganda, az mukdarda şepbeşik suwuklyk bölünip çykyp, dargama özeni emele gelýändir. Dargamadan soň, emele gelen baş agyrsyz bolup, dogry araçäkli bolýar. Bitenden soň merkezinde çekilen (ýyldyz görnüşli), gyrasy bolsa tekiz tyg yzyny emele getirýändir.

Düwünler (gummalar) esasan injikde we bilekde ýerleşýändir. Olar köplenç burnuň, bokurdagyň, diliň nemli örtüginde döräp, aşakdaky dokumalara hem ýaýrap bilýärler. Ýaýrama netijesinde, näsagyň sesi üýtgeýär, ýuwdunmada, dem almada kynçylyklar döreýär. Burun germewiniň süňkli böleginiň dargamagy netijesinde, onuň görnüşi üýtgäp, eýer görnüşi ýadyňa salýar. Deriniň we nemli örtükleriň şikeslenmesinden başga-da dürli agzalaryň: beýniniň (beterleýän yzmaz ýagdaýy), oňurga ýiliginiň, uly gan damarlarynyň, bogunlaryň we myşsalaryň köpsanly üýtgemeleri ýüze çykýar.

Merezýel keselini kliniki alamatlar boýunça hem anyklamak bolýar, ýöne güman etmäni takyklamak üçin serologiki reaksiýalaryň toplumy geçirilýär (agglýutinasiýa, presipitasiýa, immu-nofluoressensiýa reaksiýalary).

Merezýel keseliniň bejergisini wenerolog-lukmanlary, adamynyň ýaşyna, keseliň görnüşine, geçiş ýagdaýya, gapdallaýyn bar bolan başga keselleri göz öňüne tutup belleýändir. Bejergi saglygy goraýyş ministrliginiň gollanmalaryna esaslanyp berilýändir.

Antibiotiklerden penisilliniň, bisillin-3 we bisillin-5, eritromisin giňden ulanylýar. Köplenç olar wismutyň dermanlary bilen (biýohinol, bismowerol) utgaşykda ulanylýar. Ondan başga-da, umumy gurplandyryjy we bedeniň kesellere durnuklylygyny ýokarlandyryjy serişdeleri hem belleýärler. Dermanlaryň mukdary, bejerginiň dowamlylygy, keseliň döwrüne, geçişine baglylykda bellenilýär. Näsag bejergini başlanda wenerologiki keselhana ýerleşdirilýändir.

Bejergi tamamlanandan soň, näsag uzak wagt (1 ýyldan 5 ýyla çenli) gözegçilikde bolup, doly barlagdan soň hasapdan çykarylýandyr. Merezýel keseliniň öňüni almakda jemgyýetçilik we hususy çäreler toplumy geçirilýändir.

Jemgyýetçilik çärelerine aşakdakylar degişlidir:

  • Merezýel we başga jynsy gatnaşygy arkaly geçýän keseller bilen kesellän näsaglary hasaba almak;
  • Merezýel keseliniň hemme görnüşleri bilen kesellän näsaglara, kesel anyklanylandan bir gije- gündiziň dowamynda bejergini başlamak;
  • Merezýelli keselli bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamlara barlag çärelerini geçirmek;
  • Töwekgelçilik toparlaryna girýänleriniň (tertipsiz jynsy gatnaşykda bolýan aýallar, gomoseksualistler, neşekeşler, belli ýaşaýyş ýeri bolmadyk adamlar) arasynda merezýeli anyklamak üçin barlaglar geçirmek;
  • Çagalar we jemgyýetçilik iýmiti taýynlaýan edaralaryň işgärleriniň arasynda öňüni alyş barlag çärelerini geçirmek;
  • Hemme keselhanalarda bejergi alýan näsaglara we hemme göwrelilere anyklaýyş serologiki barlaglary geçirmek;
  • Hemme donorlary merezýel keseline barlamak;
  • Bejergi tamamlanyp, hasapdan çykýança, hemme näsaglary berk gözegçilikde saklamak;
  • Ilat arasynda weneriki keselleriň öňüni alyş çäreleri barada wagyz-nesihat işleriniň hilini gowulandyrmak.

Hususy öňüni alyş çäreleri aşakdakylardan ybarat bolup biler:

  • Tertipsiz jynsy gatnaşyklardan gaça durmak;
  • Keselleriň öňüni alyş çäresi höküminde prezerwatiwleri ulanmak;
  • Duýdansyz jynsy gatnaşykdan soň, birinji sagatlarda jyns agzalaryny antiseptikler bilen (0,05%-li hlorgeksidiniň ergini, 0,01%-li miramistiniň ergini ýa-da 1:1000 gatnaşykda sulemanyň ergini) arassalamak. Belläp geçilen serişdeler bilen hususy öňüni alyş çärelerini geçirmeklik, deri-weneriki keselhanalarda hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň deri-wenerologiýa bölümlerinde we otaglarynda amala aşyrylýandyr.
  1. Trihomoniaz Wikipediýa, erkin ensiklopediýa Şuňa git: nawigasiýa, gözle Trihomoniaz Jyns ýollarynyň trihomoniazy – iň köp ýaýran weneriki keselleriň biri bolup, ony jynshana trihomonadasy döredýändir. Bu kesel jyns gatnaşygy arkaly geçip, başga zatlaryň (süpürgiç, moçalka, düşek we başgalar) üsti bilen ýokuşmak ýoly örän seýrek duş gelýär. Keseliň geçişi bedeniň kesellere garşy göreşiji güýçlerine, jyns ýollarynyň ýagdaýyna we başga ýokançlyklar (gonokokklar, kömelekler, mikoplazmalar) bilen utgaşmagyna baglydyr. Keseliň inkubasion (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlarynyň ýüze çykýan wagty) döwri 2 - 3 güňden 3 - 4 hepdä çenli dowam edip bilýär. Trihomoniazyň birnäçe görnüşleri bardyr: 1. Täze dörän ýiti trihomoniaz; 2. Alamatlary doly aýdyň bolmadyk, 2 aýdan uzak dowam eden dowamly trihomoniaz; 3. Trihomonada göterijilik – bu ýagdaýda adamda hiç hili görünýän kliniki alamatlar ýüze çykmaýar. Aýallarda trihomoniaz jynshananyň nemli gatlagyna, ýatgynyň boýunjygyna, ýatga, yatgynyň turbalaryna zyýan ýetirip bilýär. Seýrek ýagdaýlarda ol peşew ýollaryna, peşew haltasyna, göni içegä, dem alyş ýollaryna, badam şekilli mäzlerine hem zeper ýetirip biler. Keseliň täze başlan döwründe aýallary garnyň aşagynda agyry, agyryly buşukma, daşky jyns agzalarynda gijilewik we alawlama, jynshanadan köp mukdarda bölünip çykmalar biynjalyk edip biler. Trihomoniazyň dowamly görnüşinde diňe gijilewik we bölünip çykmalar bolup biler. Erkek adamlarda trihomoniaz esasan peşew ýollaryna zeper ýetirýändir. Agyryly peşew etme, peşew ýollaryndan iriňli bölünip çykmalar ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keseliň dowamly görnüşinde bu alamatlar kän bir duş gelenok ýa-da olar mese-mälim bildirýär. Erkek adamlarda trihomoniazyň gaýraüzülmeleri kän duş gelip, ol erkeklik jyns mäzine, tohum haltajygyna zyýan ýetirme bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň kesgitlenmegi kliniki alamatlaryň we bakteriologiki barlaglaryň kömegi bilen geçirilýär. Bejergi aşakdaky düzgünlere laýyklykda geçirilýär: 1. Aýalyň we erkek adamynyň bilelikde bejergi almagy; 2. Bejergi wagty jynsy gatnaşyklary gadagan etmek; 3. Trihomoniaza garşy doly bejergi almak; 4. Bar bolan başga keselleri hem bejermek. Bejergi keseliň hemme kliniki görnüşlerinde hem geçirilmelidir. Adamsynda trihomoniaz tapylyp, özlerinde tapylmadyk aýallar hem doly bejergini geçmelidir. Trihomoniaza garşy ulanylýan peýdaly serişdelerden metronidazol (trihopol, flagil, klion, orwagil) we fazižin (tinidazol) bellidir. Keseliň başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz+bakteriýalar+kömelekler) utgaşyp geçen ýagdaýynda, klion-D-100, makmiror, efifan, utrikan-250, tiberal-Roş ýaly serişdeler kabul edilýär we jynshana goýulýar. Näsagyň ýagdaýyna, keseliň görnüşine, getiren gaýraüzülmelerine laýyklykda dermanlar bilen bejermegiň dürli shemasy ulanylýar. Her näsag üçin bejergini degişli barlaglardan soň lukman bellemelidir. Özbaşdak bejergi geçirmek keseliň ötüşip, dowamly görnüşe geçmegine, agyr gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler. Bejergi geçirilýän wagty, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek hökmandyr. Bejergiden soň näsagy bakteriologiki barlagdan geçirlip, bejerginiň netijeliligini barlamalydyr.